Adamzat swilizasiýasynyň irki döwürlerinden bäri dowam etdirilýän birnäçe däp-dessurlar, edim-gylymlar bar. Şolaryň biri-de salamlaşmak edebidir. Salamlaşmak bu ähli halklarda hem saglyk-amanlyk soraşmagy, birek-birege üstünlik arzuw etmegi aňladýar. Ýöne dürli milletlerde daşyndan başgaça bolup hem görnüp biler, çünki salamlaşmak dürli hili hereketler arkaly ýerine ýetirilýär. Geliň, muňa düşünmek üçin dürli ýurtlaryň salamlaşmak däplerine gaýybana syýahat edeliň.

Türkmençilikde salamlaşmak däbi müňýyllyklaryň dowamyndan bäri ýitirilmän, milli röwüşde berjaý edilip gelinýär, ula hormat hökmünde ýaş kiçileriň ilki salam bermegi edep-ekramlylykdan nyşandyr.

Türki halklarynyň köpüsinde, salamlaşylanda hormat-sylagyň nyşany hökmünde iki el uzadylýar, garşy tarap hem jogap hökmünde iki elini uzadyp salamlaşýar.

Saud Arabystan patyşalygynda öý eýesi çep elini myhmanyň egnine goýup, mähirli salamlaşýar.

Eýranda salamlaşmak edebiniň özboluşly däbi bar, ýagny birek-biregi elini gysyp, saglyk amanlyk soraşyp, sag ellerini ýüreginiň üstüne goýýarlar.

Kongoda salamlaşylanda bir-biregiň elini gysman, iki ellerini öňe uzadyp salam berýärler.

Ýapon halky birek-birege baş egmek arkaly hormat bilen salam berýärler, bu ýagdaýda hereketiň haýal bolmagy möhümdir.

Koreý we hytaý halklary hem adatça baş egip salamlaşýarlar. Ýöne soňky wagtlarda hytaýlylar häzirkizaman görnüşinde salamlaşmagy makul bilýärler, ýagny gysylan ellerini kellesinde ýokary galdyrýarlar.

Ýakyn Gündogar ýurtlarynda salamlaşylanda başlaryny aşak egip, çep elleri bilen sag egnini ýapýarlar – bu hereket olarda hormatyň nyşany.

Demirgazyk Afrika sebitiniň käbir ýurtlarynda salam berlende sag ellerini maňlaýyna, soňra dodagyna we döşünde degirýärler. Onuň manysy “Men sen hakda pikir edýärin, seniň bilen gepleşýärin we seni hormatlaýaryn” diýmegi aňladýar.

Tibetliler sag eli bilen başgabyny çykaryp, çep elini gulagynyň üstünde goýup, agzyny ýapýarlar. Şeýle hereketler arkaly olar birek-birege erbet niýetleriniň ýokdugyny beýan edýärler.

Täze Zelandiýanyň ýerli ilaty bir-biri bilen duşuşanlarynda uly ses bilen gygyryp, bir-birini bagryna basýarlar, soňra dyzyny epip, ellerini döşüne goýýarlar.

Eskimoslar salamlaşanda birek-biregiň kellesine we arkasyna ýeňil urgy edýärler, ýöne muny diňe erkek adamlar ýerine ýetirýärler.

Pasha adasynyň ýaşaýjylary bolsa ellerini döşüniň derejesine çenli öňe uzadýarlar, soňra ýokary galdyryp ellerini aşak goýberýärler.

Ynha şunuň ýaly dürli däp-dessurlar hem-de özboluşly hereketler arkaly dünýä halklary birek-birege hormaty, parahatçylygy, ähli gowulyklary arzuw edýärler.

Aýbibi Kutlyýewa,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy