Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ruhy gymmatlyklarymyzyň hatarynda mynasyp orny eýeleýän ylym-bilimiň has-da uly ähmiýete eýedigini belläsimiz gelýär. Çünki bilim-ylym ähli ösüşleriň, galkynyşlaryň binýady, ykdysadyýetiň kuwwaty hasaplanýar. Ylmyň we tehnologiýanyň ösýän döwründe islendik döwletiň kuwwaty bilimiň we ylmyň ösüş derejesi bilen, adamyň sowatlylygy bilen kesgitlenýär. Şunda jemgyýetiň intellektual mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak möhüm ähmiýete eýedir. Öňdebaryjy ylmyň gazananlaryndan netijeli peýdalanmak möhümdir.
Bagtyýar ýaşlarymyzyň ýokary derejede bilim almagyna, saýlan hünäriniň eýesi bolmagyna ýardam bermek, olary ylyma-bilime höweslendirmek, halallyk, agzybirlik, watançylyk ruhunda terbiýelemek baradaky alada ýurdumyzda alnyp barylýan işleriň özeni bolup durýar. Milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek ýolundaky giň gerimli başlangyçlar halkymyzyň şu gününe we ýagty ertirine ynamyny artdyrýar we ruhubelent zähmet çekmäge höweslendirýär. Halkyň eşretli durmuşy gözbaşyny ylym-bilim ulgamynyň kämilleşmeginden alyp gaýdýar. Bilim almaga, ylym öwrenmäge bolan isleg kämillige, bagtyýarlyga tarap ilkinji ädimlerdir, döwletiň berkararlygyny, halkyň bagtyýarlygyny dabaralandyrýan hakykatdyr.
Hemmetaraplaýyn ösüşiň depgininiň ýokarlanmagy jemgyýetiň ylmy-tehniki kuwwatyna bagly bolup durýar. Ykdysady taýdan ösen döwletler geljekde öz jemgyýetleriniň telekommunikasion tehnologiýalaryň esasynda ösmegi, has ýokary derejeli ykdysady netijeliligi gazanmak üçin ähli şertleri döredýärler.
Innowasion tehnologiýalar jemgyýete has çylşyrymly syýasy, ykdysady, medeni, ylmy, tehnologiki we önümçilik taslamalaryny amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Öz gezeginde, tehnologiýalaryň täsiri astynda üýtgäp durýan jemgyýet ozal bar bolan tehnologiýalary netijeli peýdalanmaga ukyplydyr. Bu bolsa ylmy, tehniki we tehnologiki ösüş üçin hem, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagy üçin hem amala aşyrylyp bilner. Ylym adamy täze ösüşlere ugrukdyrýan bolsa, tehnika özgerişleriň guraly, tehnologiýa hem özgerişleriň usuly bolup durýar.
Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda sanly tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagyna, olaryň esasynda dolandyryşyň döwrebap ulgamlaryny emele getirmäge, elektron senagatyny ösdürmäge, innowasiýa häsiýetli önümçilikleri we ykdysadyýetiň täze ugurlaryny döretmäge aýratyn ähmiýet berilýär. «Türkmenistanda 2019–2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda amal edilýän işler ýurduň ykdysadyýetiniň hemme ugurlarynda, şol sanda bilim ulgamynda hem düýpli özgertmeleriň geçirilmegine oňyn täsir edýär. Bu jähetden, biziň institutymyzda hem bilimleriň çuňlaşdyrylyp özleşdirilmeginde, dünýä tejribesini öwrenmekde, çylşyrymly tehnologiýalardan baş alyp çykmakda sanly bilim ulgamynyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanylýar.
Ýurdumyzda ylym-bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli pugtalandyrylýar. Şonuň bilen bir hatarda häzirki zaman tehnikalary we tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan ençeme desgalar yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär. Bu desgalaryň hatarynda çagalar baglary, orta we ýokary okuw mekdepleri hem-de Tehnologiýalar merkezi bar. Bularyň ählisi şu günki we ertirki nesiller barada edilýän aladadyr.
Hiwali HÜMMEDOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.