Bilim – röwşen geljegimiz, ol durmuşa ýagty saçýan şamçyrag. Hormatly Prezidentimiz durmuşymyzyň dürli ulgamlarynda, şol sanda ylym-bilimde ägirt uly özgertmeleri durmuşa ornaşdyrmagy baş maksat edip goýdy. «Bilimli il ozar», «Bilegi zor birini ýykar, bilimi zor müňüni» diýen ýaly gyzyldan gymmatly pähimleri bize miras galdyran ata-babalarymyz sowat öwrenmekligiň, bilim almagyň ähmiýetine oňat düşünipdirler. Bilimleriň bady diňe bir şu günki däl, eýsem, geljekki ösüşleriň hem gadamyny kesgitleýär. Ýaşlaryň sagdyn bedenli, ruhubelent, ylymly-bilimli, kämil tehnologiýalardan baş çykarýan, edep-terbiýeli bolup ýetişmegi, göwnejaý dynç almagy hem-de erkana ösmegi üçin ähli şertler döredilýär.

Yk­ba­ly gö­te­ri­len il­de bi­lim, so­wat, sun­gat pa­jar­lap ös­ýär. Mu­nuň aý­dyň be­ýa­ny­na öw­rü­len hä­zir­ki Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­ri – Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň be­ýik öz­gert­me­le­re bes­le­nen eý­ýa­my­dyr. Ýaş nes­le döw­re­bap bi­lim ber­mek, ça­ga­la­ryň pi­kir­le­ri­ni er­kin be­ýan edip bil­mek ba­şar­ny­gy­ny ös­dür­mek, bi­li­miň hi­li­ni ýo­kar­lan­dyr­mak mu­gal­lym­la­ryň öňün­de dur­ýan mö­hüm we­zi­pe­dir. Umu­my­bi­lim ber­ýän mek­dep­le­re san­ly bi­lim se­riş­de­le­ri­niň or­naş­dy­ryl­ma­gy mu­gal­lym­la­ryň okuw iş­le­ri­ni ta­la­ba­la­ýyk alyp bar­ma­gy­na giň müm­kin­çi­lik ber­ýär. «Hal­kyň Ar­ka­dag­ly za­ma­na­sy» ýy­lyn­da ýur­du­myz­da baş mak­sat, esa­sy we­zi­pe, döw­rüň ta­la­by­na gö­rä, ýaş­la­ra dün­ýä ül­ňü­le­ri­ne la­ýyk bi­lim ber­mek bo­lup dur­ýar. Baş­lan­gyç, or­ta hü­när we ýo­ka­ry bi­lim ul­gam­la­ryn­da düýp­li öz­gert­me­ler ge­çi­ril­ýär, hü­när bi­lim ul­ga­my­nyň ge­ri­mi gi­ňel­dil­ýär. Hä­zir­ki wagt­da okat­ma­gyň tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny okuw-ter­bi­ýe­çi­lik iş­le­ri­ne ne­ti­je­li or­naş­dyr­mak ba­bat­da bi­lim we ylym iş­gär­le­ri ta­ra­pyn­dan oňyn tej­ri­be­ler top­lan­dy. Bu bol­sa, öz no­ba­tyn­da, bi­lim-ter­bi­ýe­çi­lik işi­niň ne­ti­je­li­li­gi­ni, ýaş nes­le be­ril­ýän bi­li­miň hi­li­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga giň müm­kin­çi­lik aç­dy. Bi­lim ber­mek­de in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň ula­nyl­ma­gy uly äh­mi­ýe­te eýe­dir.
Bil­şi­miz ýa­ly, ýaş nes­le döw­re­bap bi­lim ber­mek, mek­dep okuw­çy­la­ry­ny hü­när­le­re ug­ruk­dyr­mak mö­hüm me­se­le­dir. Or­ta mek­dep­ler­de okuw­çy­lar dür­li ugur­lar bo­ýun­ça bi­lim al­ýar­lar, mu­gal­lym­lar bi­len pi­kir alyş­ýar­lar. Dil öw­ren­mek ýaş­lar üçin mö­hüm bo­lup dur­ýar. Şun­da sa­pak­dan da­şa­ry öw­ret­mek, dün­ýä dil­le­rin­dä­ki er­te­ki­le­ri oka­ma­gy öý işi hök­mün­de tab­şyr­mak, okuw­çy­la­ryň dün­ýä dil­le­ri­ni oňat öz­leş­dir­mek­le­ri­ne ýar­dam ber­ýär. Şeý­le­lik-de, olar­da gel­je­ge bo­lan is­leg-ar­zuw­lar, dür­li hü­när­le­re bo­lan ga­ra­ýyş­lar eme­le gel­ýär. Eziz Wa­ta­ny­myz­da ýaş ne­sil­ler üçin edil­ýän iş­ler um­ma­syz­dyr. Okuw­çy­la­ry­my­zy Wa­ta­na, il-gü­ne ýa­ram­ly kä­mil ne­sil­ler edip ýe­tiş­dir­mek ug­run­da alyp bar­ýan tu­tan­ýer­li iş­le­ri­miz bi­zi tä­ze göz­leg­le­re ruh­lan­dyr­ýar. Bi­lim ul­ga­my tä­ze ge­ri­me we maz­mu­na eýe bol­mak bi­len, hal­ky­my­zyň mil­li gym­mat­lyk­la­ryn­dan ugur al­ýar.
Biz mu­gal­lym­lar ha­kyn­da ed­ýän ala­da­sy üçin hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze çäk­siz al­kyş aýd­ýa­rys. Ýur­du­my­zyň ylym-bi­lim ul­ga­my­nyň ro­waç­lan­ma­gy ug­run­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler uly üs­tün­lik­le­re bes­len­sin!

Göw­her ŞY­HY­ÝE­WA,
Aş­ga­bat şä­he­rin­dä­ki 65-nji or­ta mek­de­biň mu­gal­ly­my.