Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizde döwrebap bilim we ylym ulgamlaryny dünýä derejesinde ösdürmäge uly ähmiýet berilýär. Olar jemgyýetiň durmuş-ykdysady, ruhy hem-de medeni ösüşlerini kesgitleýän binýatlaýyn ugurlardyr. Bilim, ylym ulgamlarynyň kämilleşdirilmegi olaryň täze şertlere we talaplara uýgunlaşmagyny şertlendirýär.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň alyp bar­ýan bi­lim öz­gert­me­le­ri­niň esa­syn­da türk­men ýaş­la­ry hä­zir­ki wagt­da döw­re­bap bi­lim we kä­mil ter­bi­ýe al­ýar­lar. Ýaş­la­ryň al­ýan bi­lim-ter­bi­ýe­si ola­ryň göz­ýe­ti­mi­ni gi­ňelt­mä­ge, bi­lim de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga, bi­lim eda­ra­la­ryn­da­ky okuw-ter­bi­ýe­çi­lik işi­ni kä­mil­leş­dir­mä­ge, wa­tan­çy­lyk duý­gu­sy­ny ýo­kar­lan­dyr­ma­ga, ata Wa­ta­nyň mun­dan beý­läk-de gül­läp ös­me­gi­ne my­na­syp go­şant goş­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär.
Wa­ta­ny­my­zyň is­len­dik pu­da­gyn­da ýo­ka­ry ne­ti­je­le­ri ga­zan­mak, esa­san, bi­lim ul­ga­my­nyň mun­dan beý­läk hem ösü­şi­ne, ýur­duň in­tel­lek­tu­al kuw­wa­ty­nyň art­ma­gy­na bag­ly bo­lup dur­ýar. Mä­lim bol­şy ýa­ly, äh­li pu­dak­la­ra bat­ly dep­gin­ler bi­len or­naş­dy­ryl­ýan san­ly ul­gam bi­lim be­riş eda­ra­la­ry üçin hä­si­ýet­li aý­ra­tyn­ly­ga eýe­dir. San­ly ul­gam ýaş nes­le be­ril­ýän bi­li­miň hi­li­ni ýo­kar­lan­dyr­mak­da, in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň dür­li ugur­la­ryn­dan baş çy­kar­ýan kä­mil hü­när­men­le­riň taý­ýar­la­nyl­ma­gyn­da, ýur­du­my­zyň gel­jek­ki ösü­şi­niň in­no­wa­si­on kuw­wa­ty­ny art­dyr­mak­da mö­hüm­dir.
Ýaş­la­ryň dün­ýä de­re­je­sin­de bi­lim al­ma­gy hem-de ola­ryň kä­mil hü­när­men­ler bo­lup, ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy, sy­ýa­sy, me­de­ni ösüş­le­ri­ne my­na­syp go­şant goş­ma­gy üçin müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­ýär. Ola­ryň hä­zir­ki za­man teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny ne­ti­je­li ula­nyp bil­mek­le­ri­ni ga­zan­mak üçin uly ta­gal­la­lar edil­ýär.
Ýa­kyn­da Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Türk­men döw­let uni­wer­si­te­ti bi­len Aman Ke­ki­low adyn­da­ky Mu­gal­lym­çy­lyk mek­de­bi­niň ara­syn­da Türk­me­nis­ta­nyň ýo­ka­ry we or­ta hü­när okuw mek­dep­le­ri­niň ara­syn­da bi­lim hyz­mat­daş­ly­gy­ny üp­jün et­mek hem-de ös­dür­mek, şeý­le-de «Türk­me­nis­ta­ny 2022–2052-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mil­li mak­sat­na­ma­syn­da» bi­lim ul­ga­my­nyň kä­mil­leş­di­ril­me­gi bi­len bag­ly kes­git­le­nen we­zi­pe­le­riň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ne ba­gyş­la­nyp gö­ni wi­deoa­ra­gat­na­şyk ar­ka­ly okuw-usu­ly mas­la­hat ge­çi­ril­di.
Ugur­daş ýo­ka­ry we or­ta hü­när okuw mek­dep­le­ri­niň pro­fes­sor-mu­gal­lym­la­ry­nyň hem-de ta­lyp ýaş­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da ge­çen bu okuw-usu­ly mas­la­hat or­ta hü­när okuw mek­de­bi­ne ýaş nes­le bi­lim we ter­bi­ýe ber­mek işin­de ne­ti­je­li usul­la­ry peý­da­lan­ma­ga ýar­dam et­mek, or­ta mek­dep­ler­de okuw we ter­bi­ýe­çi­lik iş­le­ri­ni tä­sir­li ýo­la goý­mak­da okuw-usu­ly mas­la­hat­la­ry ber­mek ýa­ly me­se­le­le­ri özün­de jem­le­di.
Bi­lim ber­me­giň usu­ly­ýe­ti­ni kä­mil­leş­dir­mek hem-de be­ril­ýän bi­li­miň hi­li­ni ýo­kar­lan­dyr­mak ýur­du­my­zyň se­na­gat taý­dan ös­me­gi­ne, äh­li pu­dak­la­ryň teh­no­lo­gik en­jam­lar bi­len üp­jün­çi­li­gi­ne, san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti ke­ma­la ge­tir­mä­ge, bu ugur­da zäh­met çek­jek hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­ma­ga ýar­dam ber­ýär. Ýur­du­my­zyň bi­lim ul­ga­my­nyň äh­li de­re­je­dä­ki bi­lim ber­ýän ojak­la­ry­nyň işi­ni kä­mil­leş­dir­mek, san­ly se­riş­de­le­ri giň­den peý­da­lan­mak, be­ril­ýän bi­li­miň de­re­je­si­ni has-da ýo­kar­lan­dyr­mak esa­sy we­zi­pe bo­lup dur­ýar.

Sona ALIMOWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň iňlis diliniň fonetikasy we leksikologiýasy kafedrasynyň mugallymy.