Türkmeniň boz meýdanlarynda çapyp barýan behişdi bedewleriň nurana keşbinde mukaddes topragyň ezizligi, şöhratly ata-babalarymyzyň yhlasy, şu günki parahat we bagtyýar durmuşyň asudalygy bar, çarpaýa galyp, kişňäp duran bedewde ak ýollaryň ýalkymy bar. At toýnagynyň dabrap çykýan sesleri parahatçylygyň mukamy bolup eşidilýär. Halkymyzda «Atym bar – ganatym bar», «At – myrat» diýilýär. Dal bedewler halkyň ganaty bolup, menzillerden menzillere, maksat-myrada ýetirýär. Şonuň üçin hem halkymyz öz bedewini gardaşy, syrdaşy, dosty saýýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň beýik ösüşleriniň bedew bady bilen baglanyşdyrylmagy bagtyýar watandaşlarymyzy belent maksatlara ruhlandyrýar. Bu gün behişdi bedewlerimiz ýurdumyzyň okgunly ösüşleriniň, Watanymyzyň döredijilik kuwwatynyň aýrylmaz bölegine, şanly toý-baýramlarymyzyň bezegine öwrüldi. Türkmen bedewi – agzybir halkymyzyň milli buýsanjydyr, dünýä beren meşhur gymmatlygydyr.
Gahryman Arkadagymyz şu ýylyň fewral aýynda Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda bolanda, atşynaslaryň haýyş etmegi bilen täze taýçanaga Zaman diýip at dakyp berdi. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylyny özboluşly alamatlandyran bu şatlykly waka ähli halkymyzyň kalbyna ganat bekletdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň 19-njy martynda wezipä girişmek dabarasynda eden taryhy çykyşynda geljekde ahalteke atlarynyň baş sanyny, dünýädäki şan-şöhratyny has-da artdyrmak ugrunda alnyp barylýan giň gerimli işleriň üstünlikli dowam etdiriljekdigini aýratyn nygtap geçdi.
Türkmen halkynyň milli buýsanjyna, gözelligiň we owadanlygyň ajaýyp nusgasyna öwrülen behişdi bedewlerimiziň şan-şöhraty müňýyllyklardan bäri äleme dolup gelýär. Ahalteke atlary türkmen halkynyň uçar ganatyna deňän, iň ýakyn syrdaşydyr. «At agynan ýerde toý bolar» diýýän halkymyzyň toý-baýramlarynda behişdi bedewlerimiziň orny üýtgeşikdir.
Geçmişde «Nusaý atlary», «Asman atlary», «Argamak atlary», «Ahalteke atlary» ýaly atlar bilen meşhur bolan türkmen bedewiniň waspy dünýä halklarynyň dilinden düşmän gelýär.
«Nusaý atlary özleriniň gözelligi bilen hemme atlardan ajaýypdyr. Olar özleriniň buýsançly başlaryny belent tutup barýarlar, olaryň altyn öwüşginli ýallary howada galgap, ajaýyp ýalpyldaýar» diýip, grek taryhçysy Appian belläp geçipdir. Dünýä belli alym, professor B. O. Bumm atçylyk ylmy bilen baglanyşykly makalasynda «Ahalteke atlarynyň kömegi bilen Ýer ýüzüniň atçylyk medeniýeti döredildi» diýip ýazmak bilen, türkmen bedewiniň dünýä taryhyndaky ornuna, ähmiýetine uly baha beripdir. Atşynaslyk ylmy bilen meşgullanýan alymlaryň toplan maglumatlaryna görä, dünýäde atyň 200-den gowrak görnüşi bar. Şolaryň içinde owadanlykda, ýyndamlykda, çydamlylykda ahalteke atyna taý tapylman, iň ýokary baha mynasyp bolupdyr.
«Saňa at diýmerin, gardaş diýerin» diýip, Gyratyna buýsanan beg Göroglynyň bedewe söýgüsi Şadessanda şahyrana äheňde suratlandyrylmagy hem gerçekleriň ganaty bolan bedewleriň türkmen ruhunda, türkmen dünýäsinde baky orun alandygyny görkezýär.
Gahryman Arkadagymyzyň «Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Ganatly bedewler», «Gadamy batly bedew», «Atda wepa-da bar, sapa-da» ýaly kitaplarynda türkmen bedewleriniň şan-şöhratly taryhy, atşynaslyk sungatymyz, atçylyk däpleri barada örän gymmatly maglumatlar bar. Gahryman Arkadagymyzyň behişdi bedewlerimiz hakyndaky kitaplarynda öňe sürülýän belent pikirler bagtyýar halkymyzyň milli ýaşaýyş-durmuş ýörelgelerinde bedewleriň tutýan ornuny, hormat-sarpasyny has-da aýdyň ýüze çykaryp, nesilleriň kalbynda atşynaslyk sungatyna, behişdi bedewlere söýgi, buýsanç duýgularyny kemala getirýär. Olaryň ählisi behişdi bedewlerimizi dünýä ýaýmakda, nesilleriň kalbynda milli buýsanjymyza öwrülen bedewlere söýgi döretmekde aýratyn ähmiýetlidir.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe behişdi bedewlerimiziň şan-şöhraty dünýä dolýar. Ata-babalarymyzyň asylly ýol-ýörelgeleri täzeden dikeldilip, türkmen atşynaslyk sungaty, ahalteke bedewlerimiziň şöhratly ýoly täze rowaçlyklara eýe bolýar. Tohum atlary ösdürip ýetişdirýän, seýisçilik sungatyny kämilleşdirýän halkymyz öz behişdi bedewleri bilen sungatyň belent derejelerine çykdy.
Ýurdumyzda her ýyl bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramynda uzak aralyga atly ýöriş bäsleşigi, bedewleriň päsgelçiliklerden böküp geçmek boýunça bäsleşigi, halypa we ýetginjek çapyksuwarlaryň arasynda at çapyşyklary, «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşigi, ahalteke atlarynyň gözelliginiň şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrunda suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň, dizaýnerleriň, teleoperatorlaryň arasyndaky döredijilik bäsleşigi yzygiderli geçirilýär. Bularyň ählisi bedewlere goýulýan hormat-sarpany barha belent derejelere göterýär.
«At dosty – ata dosty», «Atym bar, ganatym bar», «At ady bilen, ýigit ody bilen», «At aýagy gitgir, ozan dili ötgür», «At basyşyndan belli, är – bakyşyndan», «At üsti hyýally, dag başy dumanly», «Ata gerim gerek, ýigide – dost» ýaly nakyllarda-da atyň halkyň durmuşynda mäkäm orun alandygy bellenilip geçilýär.
Türkmen bedewiniň sarpasyny dünýä doldurmak, atşynaslyk sungatymyzy has-da kämilleşdirmek ugrundaky taýsyz tagallalary üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş aýdýarys.
Baýramberdi Babahanow, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy.