Braziliýada ählumumy saýlawlaryň birinji tapgyry şu ýylyň 2-nji oktýabryna meýilleşdirilip, onuň dowamynda ýurduň Prezidenti, wise-prezidenti, Milli kongresiň agzalary, häkimler, häkimiň orunbasarlary, ştatlaryň kanun çykaryjy edaralarynyň ýolbaşçylary, federal etrap kanun çykaryjy palatasynyň hem-de Fernando-de-Noronýa etrap geňeşiniň wekilleri saýlanar.
Braziliýanyň ýokary saýlaw kazyýetiniň maglumatlaryna görä, şu ýyl umumy saýlawlarda 156,4 million adamyň ses bermäge hukugy bolup, munuň 2018-nji ýyldakydan 6,21 göterim köpdügi habar berilýär. Şeýle hem maglumatlar Braziliýanyň taryhynda hasaba alnan saýlawçylaryň iň uly mukdaryny görkezýär. Esasan hem, daşary ýurtlardaky saýlawçylaryň sanynyň 39,21 göterim ýokarlanmagyna garaşylýar.
Saýlaw uçastoklary ýurduň 5570 häkimliginde we daşary ýurtlardaky 181 konsullyklarynda guralar. Braziliýada 18 ýaşdan ulular üçin ses bermek hökmany we 70 ýaşdan ýokary adamlar üçin hökmany däl hasaplanýar. Pikir soralyşyklara görä, öňki Prezident Luiz Inasio Lula da Silwa, häzirki döwlet Baştutany Žair Bolsonarodan 10 göterim köp ses alyp, prezidentlik bäsleşiginde öňde barýar.
Günorta Amerikada ýerleşýän bu ýurt meýdany boýunça dünýäde bäşinji we ilat sany boýunça hem ýedinji orunda (209 milliondan gowrak) durýar.