Ylym bagtyýar durmuşymyzyň we jemgyýetimiziň ösüşiniň, özgerişiniň ebedi güýjüdir, çelgisidir. Rowaç menziller bilen öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň ylym ulgamyndaky ösüşleri halkymyzy çäksiz buýsandyrýar. Bu ugurda ýetilen belent sepgitler, gazanylan guwandyryjy üstünlikler türkmen ylmynyň aýdyň maksatly geljeginden habar berýär.
Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary netijesinde ylym ulgamynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylmagyna, kämilleşdirilmegine, ösdürilmegine döwlet syýasatymyzyň möhüm ugry hökmünde aýratyn üns berilýär.
Häzirki zaman dünýäsiniň ösen ylmyndan, ylmy açyşlaryndan habarly zehinli ýaşlaryň, hünärmenleriň, inženerleriň, tehnologlaryň we alymlaryň yhlasly zähmet çekmegi, täzeçe pikir-garaýyşlaryň gözleginde bolmagy üçin ähli mümkinçilikler döredilýär.
Geçmişde hem türkmen halkymyz ylymlylyk derejesi, gymmatly pikirlenmeleri bilen taryha şan beripdir. Ylymdan ýüki ýetik türkmenler öz düşünjesine, ukyp-başarnygyna daýanyp dünýä çykmagy başarypdyr. «Ylym – akylyň ýarysy», «Ylym akyldan dem alar», «Ylym almak – iňňe bilen guýy gazmak», «Ylym köp, ömür az, geregiňi al – daşa ýaz», «Ylym – yhlas», «Ylymsyz bir ýaşar, ylymly – müň» ýaly paýhasly atalar sözleridir nakyllaryň many-mazmunyndan hem bu pikir ýöretmelerimiziň şeýledigi aýdyň duýulýar.
Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzda işlenilip düzülen ýaşlar barada ýörite döwlet syýasaty ýaşlaryň döwrebap bilimli bolup ýetişmeklerine, dünýä ylmynyň we tehnikasynyň gazananlarynyň genji-hazynasyna mynasyp goşant goşmaklaryna ýardam berýär.
Ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlary esasynda «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2021–2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» kabul edilmegi hem-de onuň esasyny düzýän maksatnamalaryň durmuşa ornaşdyrylmagy türkmen ýaşlarynyň ösüş ýollaryny rowaçlykly menzillere ýetirýär.
«Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna täzeden seredilip, döwre görä kämilleşdirilmegi ýaşlar barada döwlet syýasatyny üstünlikli amala aşyrmakda wajyp ähmiýete eýedir. Bu hukuk resminamasynda ýaşlaryň bilim we döredijilik ukyplaryny doly durmuşa geçirmekleri, ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça göz öňünde tutulan giň möçberli meýilnamalaryň ýerine ýetirilmegine işjeň gatnaşmaklary üçin oňaýly şertler üpjün edilýär.
Ýaş nesillerde ruhy-ahlak gymmatlyklarymyza bolan söýgini kemala getirmek, olary watançylyk, ynsanperwerlik we zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemek babatda ähmiýetli işler durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» atly kitabynda belleýşi ýaly, biziň döwrümiz ylmyň hem bilimiň döwri. Bu gün uly kärhanalardan, zawoddyr fabriklerden başlap, ekerançylyga, maldarçylyga çenli häzirki döwrüň ylym-bilimi aralaşýar, zamananyň dürli tehnologik oýlap tapyşlary, enjamlary we tehnikalary, sanly ulgamyň mümkinçilikleri giňden ornaşdyrylýar. Olaryň barha kämilleşýändigini hem göz öňünde tutsaň, olardan baş çykarmak, olary netijeli, dogry we ýerlikli ulanmagy başarmak üçin özüni dyngysyz ösdürýän, dünýä dillerinden baş çykarýan ylymly-bilimli nesilleriň halk üçin, ýurt üçin nähili zerurdygy düşnüklidir.
Ata-babalarymyz nesil terbiýesini hemişe üns merkezinde saklapdyr. Bu nusgalyk ýörelge häzirki döwründe hem dowam etdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň baş taglymaty, ozaly bilen, ýaşlary ahlak taýdan arassa, ruhubelent, ylymly-bilimli bolmaga çagyrýar. Sebäbi ylym-bilim ähli ösüşleriň we özgertmeleriň özenini düzýär.
Kämil ylym-bilim islendik jemgyýetiň ösüşiniň özenidir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim ulgamy döwrüň talabyna laýyklykda özgerýär. Ýurdumyzda bilim ulgamyny dünýä ülňülerine laýyk ösdürmek, giň gözýetimli, döwrüň ösen tehnologiýalaryna höwesli, innowasiýalardan baş çykarýan zehinli ýaşlary kemala getirmek hem-de watansöýüji, milli ýörelgelerimize sarpa goýýan arassa ahlakly nesli terbiýelemek üçin giň mümkinçilikler döredildi. Ýurdumyzyň bilim edaralarynda okatmagyň öňdebaryjy usullaryny giňden peýdalanmagyň esasynda kämil hünärmenleri taýýarlamak, talyp hem-de okuwçy ýaşlaryň zehinlerini ösdürmek, olarda hünär ussatlygyny kemala getirmek üçin ähli tagallalar edilýär. Ýaşlaryň bilim-terbiýe almaklary, kämil hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin ähli şertleri döredýän hormatly Prezidentimiziň döwletli tutumlary rowaç bolsun.
Maral ANNAŞOWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň uly mugallymy.
Aýnabat IŞANGULYÝEWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallym-öwrenijisi.