Türkmen halky gadymy döwürlerden şu günlere gelip ýeten baý medeni mirasyna, halk döredijiligine, ruhy-ahlak gymmatlyklaryna aýratyn hormat-sarpa goýýan, öz medeniýeti we sungaty bilen dünýä gymmatlyklaryna uly goşant goşmagy başaran halkdyr. Merdana halkymyzyň dürli öwüşginlere baý medeniýeti, watançylyk duýgularyna eýlenen gadymy şadessanlary, aýdym-sazlary, halk döredijiligi, sungat derejesine ýetirilen milli senetleri umumadamzat gymmatlyklarynyň genji-hazynasyna öwrüldi. Şol naýbaşy gymmatlyklaryň biri hem milli baýlygymyz we halkymyzyň göz guwanjy bolan behişdi bedewlerimizdir.
Taryhyny milletiň alys köklerinden alyp gaýdýan ahalteke bedewleri türkmen halkynyň milli buýsanjydyr we asyrlaryň dowamynda kemala getiren gymmatlyklarynyň naýbaşysydyr. Bu barada Arkadagly Serdarymyz «Gadymy türkmen topragynda pederlerimiz tarapyndan asyrlaryň dowamynda kemala getirilip, umumadamzat gymmatlygyna öwrülen behişdi bedewlerimiz Ýer ýüzünde bar bolan tohum atlaryň arasynda dünýäniň iň naýbaşylarynyň biri hasaplanýar. Eýesine wepadarlygy, owadanlygy we ýyndamlygy, çydamlylygy bilen halkymyzyň göz guwanjyna, ýakyn syrdaşyna öwrülen behişdi bedewlerimiz il-günümiziň uçar ganatydyr, köňül buýsanjydyr» diýip belläp geçýär. Şoňa görä-de atçylygy we atçylyk sportuny ösdürmäge döwlet tarapyndan aýratyn üns berilýär.
Şu jähetden hem Garaşsyzlyk ýyllary içinde ata-babalarymyzyň asylly däp-dessurlary täzeden dikeldilip, türkmen atşynaslygy täze belentliklere göterilýär. Yhlasly we döredijilikli zähmet çekýän, bedewe sarpaly garaýan türkmen atşynaslary ady dünýä dolan behişdi bedewlerimiziň tohum arassalygyny gorap saklamak hem-de baş sanyny köpeltmek boýunça uly işleri alyp barýarlar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyş döwründe türkmen halkynyň milli buýsanjyna, gözelligiň gaýtalanmajak nusgasyna öwrülen behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende götermek Arkadagly Serdarymyzyň öňde goýýan baş maksatlarynyň biri bolup durýar. Mundan başga-da, döwletimiz tarapyndan türkmen bedewiniň baýramyny we onuň çäginde geçirilýän gözellik bäsleşiklerini ýokary derejede geçirmek indi asylly däbe öwrüldi. Şol sanda baýramçylyk mynasybetli geçirilýän «Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty» atly ylmy maslahatyň geçirilmegi, oňa daşary ýurtlardan belli alymlaryň, atşynaslaryň we bilermenleriň gatnaşmagy müňýyllyklaryň dowamynda türkmen topragynda ösdürilip ýetişdirilýän bedewlerimiziň dünýäniň tohum atlarynyň arasynda iň naýbaşylarynyň biri hökmünde halkara jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilmeginiň aýdyň subutnamasydyr.
Merdana türkmen halky durmuşynyň ähli döwürlerinde bedew atlaryna aýratyn üns beripdir. Eýesine wepadarlygy, ýyndamlygy bilen eýesiniň buýsanjyna, ýakyn dostuna öwrülen, halkymyzyň köňül zynaty, uçar ganaty hasaplanýan behişdi bedewlerimize dürli çeşmelerde «suw aty», «ýel aty», «asman aty» ýaly atlar berlipdir.
Galyberse-de, ynsan bilen bedewiň arasyndaky dostluk we wepadarlyk gatnaşyklaryny özünde jemleýän birnäçe nusgawy eserlerimiziň bolmagy hem ýöne ýerden däl. Merdana halkymyzyň gamyşgulak bedewlere bagyşlanan çuň many-mazmunly nakyllardyr atalar sözleriniň köp sanlysy bar. Olardan «Irden tur-da, ataňy gör, ataňdan soň – atyňy», «Aty baryň ganaty bar», «Ýüwrük atda baha bolmaz», «At agynan ýerde toý bolar», «Batyr aty bilen batyr, at batyry bilen at», «Atdyr ýigidiň ganaty», «At ýaryşda, är söweşde», «At – ýigidiň ýoldaşy» ýaly ençemesi türkmen halkynyň gadymy döwürlerden bäri bedewe goýýan uly hormat-sarpasyndan nyşandyr.
Dal bedewlerimiz döwürleriň synagyndan geçip, türkmen halkynyň durmuşynda aýrylmaz orun eýeledi, wepadar dostuna öwrüldi. Geçen asyryň meşhur seýsi Aba Annaýew hem türkmen halkynyň ýüreklerinde ebedilik ýaşaýar. Ussat seýsiň «Saňa at diýmerin, gardaş diýerin» diýip ösdürip ýetişdiren, kemala getiren dor bedewlerine tutuş Kesearkaçda taý tapylmandyr. Hatda onuň ýetişdiren atlary ozalky SSSR-iň çäginde hem meşhur bolupdyr. XX asyryň başlarynda Gazagystanyň Jambyl atçylyk zawodyndan gelen atşynas hem Aba seýsiň ýetişdiren dor bedewini görüp, haýranlar içinde galýar. Mundan başga-da, Aba Annaýewiň ahalteke bedewleriniň täze ugruny kemala getirmekde bitiren işleri aýdyň hakykat. Şol behişdi bedewleriň nesilleri bolsa Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň at çapyşyklarynda we gözellik bäsleşiklerinde halkymyzyň göz guwanjyna öwrüldi.
Milli buýsanjymyz bolan bedewlerimizi ösdürip ýetişdirmekde merdana ata-babalarymyzdan miras galan gadymy seýisçilik ýoluny dowam etdirýän, türkmen bedewleriniň şan-şöhratyny, at-abraýyny dünýä ýaýmakda alyp barýan asylly işlerinde Arkadagly Serdarymyza uly üstünlikleri we rowaçlyklary arzuw edýäris.
Batyr ILAMANOW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň hukuk fakultetiniň talyby.