Çä­gä su­rat çek­mek sun­ga­ty ir­ki dö­wür­ler­den göz­baş alyp, ke­nar­ýa­ka­da we gum­da ýa­şa­ýan halk­la­ryň ara­syn­da meş­hur bo­lup­dyr. En­tek ka­gy­zyň, ga­la­myň oý­la­nyp ta­pyl­ma­dyk wag­tyn­da çä­gä il­kin­ji su­rat­la­ryň çe­ki­len­di­gi ba­ra­da ta­ry­hy mag­lu­mat­lar bar. Ýö­ne çä­ge­de çe­ki­len su­rat­la­ry uzak wagt­lap sak­la­mak müm­kin­çi­li­gi bol­man­dyr. Çä­gä su­rat çek­mek XX asyr­da sun­gat hök­mün­de yk­rar edil­ýär. Il­kin­ji ýö­ne­keý­je mult­film­le­riň çä­gä su­rat çek­mek ar­ka­ly dü­şü­ri­len­di­gi se­bäp­li, oňa baş­ga­ça «çä­ge ani­ma­si­ýa­sy» hem di­ýil­ýär.
Dün­ýä­niň köp san­ly mu­zeý­le­rin­de ir­ki dö­wür­ler­de çe­ki­len «çä­ge ani­ma­si­ýa­la­ry» me­de­ni ta­ry­hy gym­mat­lyk hök­mün­de sak­lan­ýar. Olar, esa­san, mil­li däp-des­sur­lar bi­len bag­la­ny­şyk­ly dö­re­di­lip­dir. Hä­zir­ki dö­wür­de çä­gä su­rat çek­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly da­ba­ra­lar köp­lenç Mek­si­ka­da we ABŞ-da ge­çi­ril­ýär. Ola­ryň iň meş­hu­ry ABŞ-da çä­gä su­rat çek­mek bo­ýun­ça ge­çi­ril­ýän fes­ti­wal­dyr. Fes­ti­wal­da ýaş su­rat­keş­ler öz­le­ri­niň dö­re­di­ji­lik ba­şar­nyk­la­ry­na gö­rä gum ani­ma­si­ýa­la­ry­ny jan­lan­dyr­ýar­lar. Meý­dan­ça te­bi­ga­tyň gö­zel­lik­le­ri­ni ala­mat­lan­dyr­ýan gum su­rat­la­ry bi­len be­zel­ýär.
Soň­ky ýyl­lar­da çä­gä su­rat çek­mek bi­len meş­gul­lan­ýan­la­ryň sa­ny bar­ha art­ýar. Gum su­rat­la­ry­ny çek­mek üçin ada­ty ýag­daý­da ür­gün çä­ge­den peý­da­la­nyl­ýar. «Çä­ge ani­ma­si­ýa­sy» öý­de we me­de­ni köp­çü­lik­le­ýin ýer­ler­de çar­çu­wa­ly aý­na­nyň üs­tün­de ýa-da te­kiz ýer­de ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýär. Şeý­le ýag­daý­da reňk­li çä­ge­ler, mi­ne­ral­lar­dan ýa-da kris­tal­lar­dan dü­zü­len pig­ment­ler owa­dan pur­sat­la­ry jan­lan­dyr­mak üçin ge­rek bol­ýar.
Aý­na­nyň ýü­zü­ne çä­ge­den çe­kil­ýän su­rat­lar «bir ge­zek­lik» bo­lup, sun­gat us­sa­dy çe­ken şe­ki­li ta­mam­la­nan ba­dy­na onuň üs­tün­den tä­ze­si­ni dö­red­ýär. Sun­ga­tyň bu tä­ze gör­nü­şi ulu­dan-ki­çä hem­mä­niň ün­sü­ni özü­ne çek­ýär.