2022-nji ýy­lyň ede­bi­ýat bo­ýun­ça No­bel baý­ra­gy­nyň eýe­si 6-njy okt­ýabr­da mä­lim edi­ler. Buk­meý­ker­le­riň pi­ki­ri­çe fran­suz ýa­zy­jy­sy Mi­şel Wel­bek bu baý­ra­ga esa­sy da­laş­gär­dir. Bu ba­ra­da «Nicerodds» web saý­tyn­da ha­bar be­ril­ýär. Wel­be­kiň ýe­ňiş ga­zan­mak äh­ti­mal­ly­gy uly bo­lup, iň öň­dä­ki or­ny eýe­le­ýär.
Şunuň ýaly sa­naw­lar­da uzak wagt­lap öň­dä­ki orun­la­ry alyp gel­ýän 84 ýaş­ly ke­ni­ýa­ly ýa­zy­jy Ngu­gi Wa Thion­go ikin­ji or­ny we 21-nji sent­ýabr­da 75 ýa­şy­ny bel­län dün­ýä bel­li «el­henç­lik­le­riň ägir­di» Sti­wen King üçün­ji or­ny eýe­le­ýär. Neşirýatçylaryň pi­ki­ri­çe, bu baý­ra­ga da­laş ed­ýän­le­riň ara­syn­da ýa­poniýaly ýa­zy­jy­sy Ha­ru­ki Mu­ra­ka­mi, ka­na­da­ly ýa­zy­jy Mar­ga­ret Et­wud we beý­le­ki­ler bar.
Il­kin­ji topara gi­ren­le­riň ara­syn­da Mi­şel Wel­bek, Ngu­gi Wa Thion­go, Sti­wen King, An­ni Er­no, Ga­ri­el Luts, Pýer Mi­şon, Ro­bert Ku­wer, Ha­ru­ki Mu­ra­ka­mi, Enn Kar­son, E­len Sig­su, Ja­maý­ka Kin­keýd, Ýun Fos­se, Lýud­mi­la Ulis­ka­ýa, Mar­ga­ret Et­wud, Ma­riz Kon­de, Mir­ça Ker­te­res­ku, Pe­ter Na­daş, Ry­şard Kry­nis­kiý we Don De­lil­lo bar.
Ge­çen ýy­lyň ede­bi­ýat bo­ýun­ça No­bel baý­ra­gy­na tan­za­ni­ýa­ly ýa­zy­jy Ab­dul­ra­zak Gur­na my­na­syp bol­dy. Gur­na bu baý­ra­ga me­de­ni­ýet­le­riň we yk­lym­la­ryň ara­syn­da­ky ta­pa­wut­da bos­gun­la­ryň yk­ba­lyna re­him­li dün­ýä­ga­raý­şy üçin eýe bol­dy. Ge­ňeş ýa­zy­jy­nyň ro­man­la­ry­nyň Gün­do­gar Af­ri­ka­nyň baý me­de­ni­ýe­ti ba­ra­da giň dü­şün­je ber­ýän­di­gi­ni be­lle­di. 1948-nji ýyl­da Zan­zi­bar­da arap asyl­ly mu­sul­man maş­ga­la­syn­da dün­ýä inen Gur­na 1968-nji ýyl­da Be­ýik Bri­ta­ni­ýa gö­çüp, oku­wy­ny do­wam et­dirýär. Ol Kent uni­wer­si­te­ti­niň iň­lis di­li ka­fed­ra­sy­nyň pro­fes­so­ry bolup, Af­ri­ka ede­bi­ýa­ty ba­ra­da iki jiltlik eser­ler ýy­gyn­dy­sy­nyň jo­gap­kär re­dak­to­rydyr.