Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň Şa ze­na­ny Ýe­li­za­we­ta II keş­bi köp san­ly ki­tap­la­ryň sa­hy­pa­la­ryn­da öz be­ýa­ny­ny tap­dy. Ol ba­ra­da­ky ter­ji­me­hal we çe­per eser­le­riň sa­na­wy­ny size ýetirýäris.
Tu­tuş bir eý­ýam ta­ry­hda gal­dy: 2022-nji ýy­lyň 8-nji sent­ýab­ryn­da Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň Şa ze­na­ny Ýe­li­za­we­ta II 97 ýa­şy­nyň için­de ara­dan çyk­dy. Bü­tin dün­ýä be­ýik ta­ry­hy şah­sy­ýe­tiň ara­dan çyk­ma­gy­na gy­nanç bil­dir­di. In­di köp­ler onuň nä­hi­li go­wy yn­san­ bo­lan­dy­gy ba­ra­da ýat­la­ýar­lar. Eý­sem, Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň Şa ze­na­ny nä­hi­li yn­san­dy? Onuň ge­çen ha­ky­ky dur­muş ýo­ly ha­kyn­da bil­mä­ge di­ňe ol ba­ra­da ýa­zy­lan ki­tap­lar kö­mek edip bi­ler. Bu ýer­de üýt­ge­şik ze­na­nyň yk­ba­ly ba­ra­da gür­rüň ber­ýän ter­ji­me­hal eser­le­riň we çe­per ro­man­la­ryň iň esa­sy­la­ry jem­len­di.
Ýe­li­za­we­ta II 70 ýyl tagt­da bo­lan­da di­ňe bir Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň ila­ty­nyň däl, eý­sem, bü­tin adam­za­dyň söý­gü­si­ni ga­zan­dy. Onuň dur­mu­şy köp san­ly ter­ji­me­hal dü­zü­ji­ler üçin yl­ham çeş­me­si­ne öw­rül­di. Onuň keş­bi film­ler­de we te­le­ýaý­lym­lar­da, pro­za we poe­zi­ýa­da öz be­ýa­ny­ny tap­dy. Ta­ryh­çy­lar­dan baş­lap, re­žiss­ýor­la­ra çen­li hem­me­ler öz dö­re­den Ýe­li­za­we­ta­sy­nyň ta­ry­py­ny et­di­ler. Şeý­le­lik bi­len, Şa ze­nan hak­da aşak­da­ky ter­ji­me­hal eser­le­ri dö­re­dil­di:
«Ýe­li­za­we­ta II Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň Şa ze­na­ny» – Ma­ri­ýa Er­ton, «Şa ze­nan söz­le­ýär. Şa ze­na­nyň port­re­ti» – Ing­rid Sýuard, «Ýe­li­za­we­ta II. Dün­ýä­niň Şa ze­na­ny. Mo­narh we döw­let iş­gä­ri» – Ro­bert Hard­man, «Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň Şa ze­na­ny Ýe­li­za­we­ta II. Hä­zir­ki za­man iň­lis mo­nar­hi­ýa­sy­na ga­ra­ýyş» – Ari­na Pol­ýa­ko­wa, «Ýe­li­za­we­ta II. Ter­ji­me­hal» – Ke­rol Erik­son.
Çe­per ro­man­lar hak­da du­rup geç­sek, Ýe­li­za­we­ta­nyň keş­bi aşak­da­ky eser­ler­de öz be­ýa­ny­ny tap­dy: «Gu­wer­nant­ka» – Wen­di Hol­den, «Şa ze­nan we biz» – Sýu Town­send, «Wind­zor düw­ni» – S. J. Ben­net, «Kyn oky­jy» – Alan Ben­net, «Şa ze­na­nyň ly­ba­sy» – Jen­ni­fer Rob­son.
Bu eserleriň içinde aý­ra­tyn hem iki ki­tap öňe çy­karylýar. Ola­ryň bi­rin­ji­si An­ne Glen­kon­ne­riň «Freý­li­na» eseri bolup, bu ki­tap­da Şa ze­na­nyň köşk hyz­mat­çy­la­ry­nyň bi­ri­niň ýat­la­ma­la­ry jem­le­nip­dir. Ikin­ji ne­şir Sti­wen Klar­kyň «Şa ze­na­nyň ýyl­gy­ry­şy» eseri bolup, bu ki­tap­da onuň ba­şyn­dan ge­çi­ren tä­sin wa­ka­la­ry, de­giş­me­le­ri ba­ra­da gür­rüň be­ril­ýär.