Ýur­du­myz dür­li gör­nüş­li der­man­lyk ösüm­lik­le­riň me­ka­ny ha­sap­lan­ýar. Mi­we­li, sa­ýa­ly, pür­li agaç­la­ryň ýüz­ler­çe gör­nü­şi ata Wa­ta­ny­my­zyň gö­zel te­bi­ga­ty­na aý­ra­tyn bir gö­zel­lik goş­mak bi­len, azyk bol­çu­ly­gy­nyň dö­re­dil­me­gin­de hem aý­ra­tyn or­ny eýe­le­ýär.
Ýur­du­myz­da ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­ýän mi­we­le­riň için­de ig­de ça­ga­la­ryň iň söý­gü­li iý­mi­ti ha­sap­lan­ýar. Gu­rak­ly­ga çy­dam­ly ig­de aga­jy is­len­dik top­rak­da hem ösüp ýe­tiş­mä­ge ukyp­ly­dyr. Wa­ta­ny Azi­ýa ha­sap­lan­ýan ig­de aga­jy­nyň bo­ýy 7 met­re çen­li ýet­ýär. Böw­rek ke­sel­le­rin­de ig­de iý­mek peý­da­ly ha­sap­lan­ýar. Güýz pas­ly­nyň iň soň­ky we iň ha­lan­ýan ir-iý­miş­le­riniň bi­ri bolan igde maý-iýun aý­la­ryn­da gül­le­ýär. Onuň gül­le­ri açyk sa­ry reňk­de bo­lup, mi­we­si sent­ýabr aýyn­da bi­şip baş­la­ýar. Bu ösüm­li­k di­ňe mi­we­siniň örän süý­ji ta­ga­my bi­len ta­pa­wut­lan­man, eý­sem, onuň köp peý­da­ly ta­rap­la­ry hem bar. Ol dür­li ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak­da peý­da­lan­ylýar. Gah­ry­man
Ar­ka­da­gy­myz «Türk­me­nis­ta­nyň der­man­lyk ösüm­lik­le­ri» at­ly köp jilt­li ylmy-ensiklopidik ki­ta­byn­da hem ig­de aga­jy­nyň peý­da­ly hä­si­ýet­le­ri ba­ra­da aý­ra­tyn bel­läp geç­ýär.
Ig­de­den dür­li çö­rek önüm­le­ri­ni taý­ýar­la­mak­da hem giň­den peý­da­la­nyl­ýar. Ýag­ny ig­de kün­jü­den taý­ýar­lan­ýan ija­na hem go­şul­ýar. Ig­dä­ni ija­na goş­mak üçin ony ýu­wup, soň serip gu­rat­ma­ly, yz­ga­ry gi­den­soň ig­dä­ni so­ku­da döw­me­li. Onuň gabygyny, şä­ni­gi­ni aýyr­mak mak­sa­dy bi­len elek­de ele­me­li. Ele­nip al­nan ig­de külkesi gow­ru­lyp so­ku­da döw­len kün­ji, owradylan ga­ty çö­rek ýa-da za­ga­ra we şe­ker bi­len go­şu­lyp ga­ryl­ýar. Ijan gyş aý­la­ryn­da ila­ty­my­zyň iň köp is­leg bil­dir­ýän iý­mi­ti ha­sap­lan­ýar.

Gül­hu­mar HO­JAH­ME­TO­WA,
Türk­me­nis­ta­nyň Ag­rar par­ti­ýa­sy­nyň Da­şo­guz we­la­ýa­ty­nyň Kö­ne­ür­genç et­rap ko­mi­te­ti­niň esa­sy hü­när­me­ni.