Il-günüňe ak ýürekden hyzmat etmek, ýagşy işleri durmuşa geçirmek, birek-birege hemaýat etmek ýaly halkymyzyň nusgalyk häsiýetleri jemgyýetimiziň baýlygydyr. Pederlerimiz islendik meseläniň gepleşikler geçirilip çözülmegini ýol-ýörelge edinipdirler. Gahryman Arkadagymyzyň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly eserinde hem Şükür bagşynyň keşbi arkaly ata-babalarymyzyň ýüze çykan ýagdaýy kadalaşdyrmakda diňe parahatçylykly ýollary gözländikleri beýan edilýär.

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan döw­le­ti­miz be­dew bat­ly ösüş­le­ri bi­len özü­niň nu­ra­na gel­je­gi­ne ta­rap aý­gyt­ly ga­dam­lar bi­len ynam­ly öňe bar­ýar. Döw­let ber­ka­rar­ly­gy­my­zyň berk bin­ýa­dy bo­lan Ga­raş­syz­ly­gy­myz­dan soň Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy ta­ra­pyn­dan he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­my­zyň yk­rar edil­me­gi ata-ba­ba­la­ry­my­zyň hoş­ni­ýet­li ýö­rel­ge­le­ri­niň bü­tin dün­ýä aýan edil­me­gi­niň da­ba­ra­lan­ma­sy bol­dy. Bu ta­ry­hy wa­ka Türk­me­nis­ta­nyň se­çip alan içe­ri we da­şa­ry sy­ýa­sat­la­ry­nyň yn­san­per­wer­li­ge da­ýan­ýan­dy­gy­ny, ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­lar bi­len mak­sa­da­la­ýyk hyz­mat­daş­lyk et­mä­ge taý­ýar­dy­gy­ny äle­me äş­gär et­di.
Bil­şi­miz ýa­ly, 1995-nji ýy­lyň 12-nji de­kab­ryn­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­syn­da «Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy» hak­ynda Re­zol­ýu­si­ýa ka­bul edi­lip­di. Bu ýag­daý hal­ka­ra sy­ýa­sa­tyn­da tä­ze sa­hy­pa­nyň, tä­ze ýo­luň we tä­ze ug­ruň dö­rän­di­gi­ni buş­la­dy. Bu bi­ziň ýur­du­myz üçin uly ta­ry­hy ýag­daý bo­lup, döw­le­ti­mi­ziň hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ryn­da ga­za­nan uly sy­ýa­sy üs­tün­lik­le­ri­niň bi­ri­dir.

He­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk de­re­je­si­ne eýe bo­lan il­kin­ji döw­let bi­ziň ata Wa­ta­ny­myz Türk­me­nis­tan­dyr. Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy pa­ra­hat­çy­ly­gyň ta­rap­da­ry bo­lup ge­len döw­le­ti­mi­ziň dip­lo­ma­ti­ýa sun­ga­ty­nyň mun­dan beý­läk hem ösüş­le­ri na­zar­la­ma­gy­na giň ýol­la­ry aç­dy. Şeý­le­lik bi­len, türk­men Bi­ta­rap­ly­gy hä­zir­ki za­ma­nyň äh­lu­mu­my howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek, ýurt­la­ryň deň­hu­kuk­ly we öza­ra peý­da­ly hyz­mat­daş­ly­gy­ny iler­let­mek, dur­nuk­ly ösü­şiň mak­sat­la­ry­na ýet­mek ug­run­da­ky ta­gal­la­la­ry bir­leş­di­ri­ji gu­ra­la öw­rül­di.
Pe­der­le­ri­mi­ziň ar­zuw­lan Ga­raş­syz Wa­ta­ny­my­zyň kuw­wat­lan­ma­gyn­da, dün­ýä­de ta­nal­ma­gyn­da, onuň hal­ka­ra bi­le­le­şi­gin­de uly ab­raý­dan peý­da­lan­ma­gyn­da Bi­ta­rap­ly­gyň äh­mi­ýe­ti örän ulu­dyr. Bi­ta­rap­lyk – ag­zy­bir­li­giň, aba­dan­çy­ly­gyň, asu­da ýa­şaý­şyň, ýag­ty gel­je­giň ke­pi­li­dir. Bi­ta­rap­lyk pa­ra­hat­çy­ly­gy we howp­suz­ly­gy ber­kit­mä­ge, çalt we yzy­gi­der­li ösüş­le­re, şeý­le-de mil­li däp-des­sur­la­ry­my­zy döw­re­bap­lyk bi­len do­wam et­dir­me­gi­mi­ze gö­nük­di­ri­len tu­tan­ýer­li öz­gert­me­le­ri dur­mu­şa or­naş­dyr­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Türk­me­nis­ta­nyň Azi­ýa yk­ly­myn­da ýer­leş­ýän döw­let hök­mün­de Bi­ta­rap­lyk sy­ýa­sa­ty­ny saý­lap al­ma­gy­nyň esa­sy se­bäp­le­ri hök­mün­de Wa­ta­ny­my­zyň geo­sy­ýa­sy we yk­dy­sa­dy ýag­daý­la­ry, onuň tut­ýan çä­gi­niň Azi­ýa­ny we Ýew­ro­pa­ny bir­leş­di­ri­ji çel­gi-ugur hök­mün­de çy­kyş ed­ýän­di­gi bi­len dü­şün­dir­mek bo­lar. Bi­ziň Bi­ta­rap­ly­gy­myz maz­mu­ny ba­bat­da oňyn Bi­ta­rap­lyk­dyr. Oňyn Bi­ta­rap­lyk dü­şün­je­si pa­ra­hat­çy­ly­gy we dur­nuk­ly­ly­gy gol­da­mak, äh­li ýurt­la­ryň ara­syn­da dost­luk hem hyz­mat­daş­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny ös­dür­mek me­se­le­le­rin­de bi­ziň iş­jeň or­nu­my­zy göz öňün­de tut­ýar.
Ta­ry­ha ser sa­la­ny­myz­da hal­ky­my­zyň bäş müň­ýyl­lyk ta­ry­hy Bi­ta­rap­ly­gy­my­zyň kök­le­ri­niň göz­ba­şy­ny asyr­la­ryň jüm­mü­şin­den, türk­me­niň mil­li ah­la­gyn­dan, geç­mi­şi­ne we gel­je­gi­ne bo­lan yna­myn­dan alyp gaýd­ýan­dy­gy­ny tas­syk­la­ýar. Türk­men hal­ky­nyň gu­ran köp­san­ly ga­dy­my döw­let­le­ri, sol­tan­lyk­la­ry, dö­re­den adat­dyr däp-des­sur­la­ry dur­mu­şyň oňyn öz­ger­me­gi­ne düýp­li tä­sir edip­dir. Ata-ba­ba­la­ry­myz hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk däp­le­ri­ni ile­ri tu­tup, ýa­kyn we alys ýurt­lar bi­len dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ry do­wam­ly ös­dü­rip­dir.
Şu­lar bi­len bag­ly­lyk­da, ýur­du­my­zyň saý­lap alan Bi­ta­rap­lyk ýo­ly türk­men döw­le­ti­niň ta­ry­hy ösüş­le­ri­ne hem-de mil­li aň-dü­şün­je­si­ne ky­bap gel­ýän­di­gi­ni şert­len­dir­ýär. Türk­me­nis­ta­nyň my­na­syp bo­lan he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hu­kuk de­re­je­si hal­ky­my­zyň kö­pa­syr­lyk umu­ma­dam­zat ýö­rel­ge­le­ri­ne yg­rar­ly­dy­gy­nyň, döw­let gur­lu­şy­my­zyň hem-de onuň hoş­me­ýil­li sy­ýa­sa­ty­nyň äh­li halk­la­ryň bäh­bit­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän­di­gi­niň su­but­na­ma­sy bo­lup dur­ýar. Şol esas­da, oňyn Bi­ta­rap­lyk de­re­je­si­ne da­ýan­ýan döw­le­ti­miz ag­zy­bir­li­giň we pa­ra­hat­çy­ly­gyň nus­ga­sy­ny bü­tin dün­ýä ýaý­ýar.
Bi­ziň ýur­du­myz­da umu­ma­dam­zat äh­mi­ýet­li en­çe­me iş­ler ama­la aşy­ryl­dy. Hormatly Prezidentimiziň baş­tu­tan­ly­gyn­da döw­le­ti­mi­ziň hal­ka­ra sy­ýa­sa­ty ösü­şiň be­lent de­re­je­si­ne ýet­ýär. Döw­let­ler bi­len dip­lo­ma­tik gat­na­şyk­la­ry­my­zyň ge­ri­mi bar­ha gi­ňe­ýär. Türk­me­nis­tan içe­ri we da­şa­ry sy­ýa­sa­tyn­da ägirt uly üs­tün­lik­le­ri ga­zan­dy. Ol yla­laş­dy­ry­jy mer­ke­ze we yg­ty­bar­ly hyz­mat­da­şa öw­rül­di. Di­ýa­ry­my­zyň hal­ka­ra de­re­je­sin­dä­ki ab­ra­ýy bol­sa bar­ha art­ýar. Bi­ziň ýur­du­myz bag­ty­ýar­ly­gyň we ag­zy­bir­li­giň me­ka­ny hök­mün­de ta­nal­ýar.
He­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry sy­ýa­sat stra­te­gi­ýa­sy­nyň yn­san­per­wer ug­ry, äh­lu­mu­my pa­ra­hat­çy­ly­gyň ha­ty­ra­sy­na öňe sür­ýän ne­ti­je­li tek­lip­le­ri dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gin­de giň gol­da­wa eýe bol­ýar.
Şan­ly Ga­raş­syz­ly­gy­myz ýa­ly he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­my­zyň hem be­ren mi­we­le­ri bar­mak ba­syp sa­nar­dan kän. Şu dö­wür­de beý­le­ki döw­let­ler bi­len bir ha­tar­da goň­şy döw­let­ler bi­len gat­na­şyk­lar has-da ber­ke­di. Türk­me­nis­tan iri hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry­nyň bir­nä­çe­si­niň ag­za­sy bol­mak bi­len, ýur­du­myz mö­hüm hal­ka­ra-hu­kuk res­mi­na­ma­la­ry­nyň en­çe­me­si­ne go­şul­dy we ola­ry ta­la­ba­la­ýyk ber­jaý ed­ýär.
Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­zyň baş­tu­tan­ly­gyn­da Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan döw­le­ti­miz özü­niň mil­li baý­ra­my­ny – he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hu­kuk ýag­da­ýy­nyň 27 ýyl­ly­gy­ny giň­den bel­le­ýär. Şan­ly to­ýuň öňü­sy­ra­syn­da «Hal­kyň Ar­ka­dag­ly za­ma­na­sy» ýy­lyn­da ýur­du­myz baý­ram­çy­lyk ly­ba­sy­na bes­len­di.
Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rü­ne ga­dam ba­san Türk­me­nis­tan döw­le­ti­mi­zi hal­ka­ra de­re­je­sin­de ama­la aşyr­ýan be­ýik iş­le­ri bi­len ös­dür­ýän hormatly Prezidentimiziň ja­ny sag, öm­ri uzak bol­sun, il-ýurt, döw­let äh­mi­ýet­li iş­le­ri he­mi­şe ro­waç­lyk­la­ra bes­len­sin!

Sel­bi Hal­ly­ýe­wa,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Da­şo­guz we­la­ýat bir­leş­me­si­niň ma­li­ýe bö­lü­mi­niň esa­sy hü­när­me­ni.