Halkymyzy ýokary hil derejesine laýyk gelýän amatly ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi. Мüňlerçe maşgalalar ýokary amatlyklary bolan täze ýaşaýyş jaýlaryna we kottejler toplumyna göçüp geldiler. Köp sanly jaý toýlarynyň toýlanylmagy ýokary döredijilik we ynsanperwerlik ýörelgelerini özünde jemleýän häzirki zamanyň aýdyň nyşanlarynyň biri bolup durýar.

Äh­li mi­nistr­lik­ler we pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry döw­rüň bu mö­hüm we­zi­pe­le­ri­niň çö­zül­me­gi­ne iş­jeň gat­na­şyp, ýö­ri­te sar­gyt­lar esa­syn­da ýo­ka­ry amat­lyk­la­ry bo­lan ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­ny bi­na ed­ýär­ler. Içe­ri iş­ler mi­nistr­li­gi­niň iş­gär­le­ri we ola­ryň maş­ga­la­la­ry üçin ni­ýet­le­nen kot­tej­ler top­lu­my­nyň no­bat­da­ky tap­gy­ry­nyň ulan­ma­ga ber­ilmegi my­na­sy­bet­li gu­ra­lan da­ba­ra­lar hem mu­nuň aý­dyň be­ýa­ny­dyr. Ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­nyň yzy­gi­der­li gu­rul­ma­gy döw­le­ti­miz ta­ra­pyn­dan har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň iş­gär­le­ri­niň gul­luk we ýa­şa­ýyş şert­le­ri­ni go­wu­lan­dyr­mak ha­kyn­da edil­ýän ala­da­nyň no­bat­da­ky su­but­na­ma­sy­dyr.
Içe­ri iş­ler mi­nistr­li­gi­niň «Ço­gan­ly» ýa­şa­ýyş top­lu­myn­da­ky Mä­lik­gu­ly Berdimuhamedow adyn­da­ky kot­tej­ler top­lu­my­nyň no­bat­da­ky tap­gy­ry­nyň gur­lu­şy­gy­ny IIM-niň bu­ýur­ma­sy esa­syn­da mi­nistr­li­ge de­giş­li gur­lu­şyk dü­züm­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir­di­ler.
Tä­ze jaý­la­ryň amat­ly­lyk de­re­je­si, otag­la­rynyň ýer­leş­di­ri­li­şi ýo­ka­ry eko­lo­gi­ýa öl­çeg­le­ri­ne la­ýyk gel­ýär we onuň gur­lu­şy­gy­na bil­di­ril­ýän ta­lap­lar do­ly ber­jaý edil­ýär. Ýa­şa­ýyş jaý­la­ry öz­baş­dak ýy­la­dyş we so­wa­dyş ul­ga­my bi­len üp­jün edil­di. Otag­la­ry hä­zir­ki za­man dur­muş üp­jün­çi­lik ul­gam­la­ry we ze­rur se­riş­de­ler bi­len en­jam­laş­dy­ryl­dy, IP te­le­wi­de­ni­ýe, in­ter­net we te­le­fon ul­ga­my­na bi­rik­di­ril­di. Öý­le­riň giň eý­wa­ny, uly myh­man ota­gy, öz­baş­dak dur­muş üp­jün­çi­li­gi bo­lan ýa­tyl­ýan otag­lar de­giş­li de­re­je­de en­jam­laş­dy­ryl­dy. Aş­ha­na­lar­da dur­muş teh­ni­ka­sy, yk­jam me­bel­ler otur­dyl­dy. Jaý­la­ryň ho­ja­lyk des­ga­la­ry hem bar.
Kot­tej jaý­la­ry top­lu­myn­da türk­men hal­ky­nyň mil­li däp-des­sur­la­ry esa­syn­da baý­ram­çy­lyk çä­re­le­ri­ni ge­çir­mek, myh­man ka­bul et­mek, toý tut­mak, baý­ram­çy­lyk­la­ry bel­le­mek üçin ze­rur şert­ler bar. Şu­nuň ýa­ly jaý­lar gur­lan­da, hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş we dur­muş ul­ga­my­na de­giş­li des­sur­la­ryň aý­ra­tyn­lyk­la­ry, ýa­şaý­jy­la­ryň sar­gyt­la­ry göz öňün­de tu­tul­ýar. Ola­ryň gur­lu­şy­gyn­da ýer­li çig mal­lar esa­syn­da taý­ýar­la­nan dur­nuk­ly gur­lu­şyk se­riş­de­le­ri ula­nyl­dy.
Şeý­le hem howluda mel­lek ýe­ri bo­lup, on­da eke­ran­çy­lyk we bag­ban­çy­lyk bi­len meş­gul­lan­mak üçin müm­kin­çi­lik­ler bar. Bu ýer­de ça­ga­la­ryň wagt­la­ry­ny şa­dy­ýan ge­çir­mek­le­ri­ne ni­ýet­le­nen ýer­le­riň göz öňün­de tu­tu­lan­dy­gy­ny hem bel­le­me­li.
Öý­le­riň ýa­na­şyk ýer­le­ri göw­ne­jaý aba­dan­laş­dy­ryl­dy, gök zo­lak­lar dö­re­dil­di. Ýol­la­ryň gy­ra­la­ryn­da, öý­le­riň ýa­nyn­da bag na­hal­la­ry otur­dyl­dy. Mu­nuň özi eko­lo­gi­ýa aba­dan­çy­ly­gy­nyň, adam­la­ryň boş wagt­la­ry­ny ne­ti­je­li ge­çir­mek­le­ri üçin şert­le­riň dö­re­dil­me­gin­de aý­ra­tyn äh­mi­ýet­li­dir.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň bel­leý­şi ýa­ly, döw­le­ti­miz har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň iş­gär­le­ri­niň mad­dy üp­jün­çi­li­gi­ni, ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­ni go­wu­lan­dyr­mak, şah­sy dü­zü­miň we ola­ryň maş­ga­la ag­za­la­ry­nyň my­na­syp gul­luk, ýa­şa­ýyş şert­le­ri­ni üp­jün et­mek ha­kyn­da yzy­gi­der­li ala­da ed­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, bu dü­züm­ler­de ama­la aşy­ryl­ýan öz­gert­me­le­riň ne­ti­je­li hä­si­ýe­te eýe bol­ma­gy­na gö­nük­di­ri­len iş­ler ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýär. Soň­ky ýyl­lar­da IIM-niň ser­ker­de­le­ri­niň, har­by gul­luk­çy­la­ry­nyň we iş­gär­le­ri­niň maş­ga­la­la­ry tä­ze ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­na gö­çüp bar­dy­lar.
Hä­zir­ki dö­wür­de ýur­du­myz­da hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar we aba­dan dur­mu­şy­nyň üp­jün edil­me­gi ug­run­da ze­rur şert­ler dö­re­dil­ýär. Türk­me­nis­tan­ly­la­ryň amat­ly ýa­şaý­şy, ön­dü­ri­ji­lik­li zäh­me­ti we me­de­ni­ýet­li dynç al­şy üçin ýo­ka­ry de­re­je­li müm­kin­çi­lik­ler üp­jün edil­ýär, dur­muş mak­sat­ly bi­na­la­ryň gur­lu­şy­gy­na mö­hüm üns be­ril­ýär.

Bu bol­sa Wa­ta­ny­my­zyň yk­dy­sa­dy taý­dan kuw­wat­lan­ýan­dy­gy­nyň, hal­ky­my­zyň dur­muş de­re­je­si­niň ýo­kar­lan­ýan­dy­gy­nyň be­ýa­ny­dyr.
Da­ba­ra gat­na­şy­jy­lar ýur­du­my­zyň gül­läp ös­me­gi, aba­dan we bag­ty­ýar ýa­şaý­şyň üp­jün edil­me­gi, dö­re­di­ji­lik­li zäh­met çek­mek, amat­ly dynç al­mak ug­run­da dö­re­dil­ýän müm­kin­çi­lik­ler üçin hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­dir­di­ler. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, döw­let
Baş­tu­ta­ny­my­zyň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça ama­la aşy­ryl­ýan öz­gert­me­le­riň top­lum­la­ýyn mak­sat­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da, paý­tag­ty­myz­da we ýur­du­my­zyň se­bit­le­rin­de şä­her­le­ri, oba­la­ry öz­gert­mek bo­ýun­ça giň möç­ber­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Hä­zir­ki za­man se­na­gat, dur­muş we me­de­ni mak­sat­ly des­ga­lar yzy­gi­der­li gu­rul­ýar.
Tä­ze jaý­la­ra gö­çüp ge­len maş­ga­la­la­ra hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň adyn­dan sow­gat­lar gow­şu­ryl­dy.
Äh­li amat­ly şert­le­ri özün­de jem­le­ýän ak mer­mer­li Aş­ga­bat ýyl-ýyl­dan öz çäk­le­ri­ni gi­ňeld­ýär we on­da tä­ze ýa­şa­ýyş jaý top­lum­la­ry, dur­muş mak­sat­ly beý­le­ki des­ga­lar yzy­gi­der­li gu­rul­ýar. Şeý­le­lik­de, Wa­ta­ny­my­zyň nu­ra­na gel­je­gi üçin yg­ty­bar­ly bin­ýat dö­re­dil­ýär. Ýur­du­my­zyň her bir gü­ni ne­ti­je­li iş­le­riň tä­ze üs­tün­lik­le­ri­ne bes­len­ýär. Gur­lu­şyk meý­dan­ça­la­ry­nyň ge­ri­mi Di­ýa­ry­my­zyň saz­la­şyk­ly ösüş ýo­lu­na dü­şen­di­gi­ni gör­kez­ýär.
Içe­ri iş­ler mi­nistr­li­gi­niň Mä­lik­gu­ly Berdimuhamedow adyn­da­ky kot­tej­ler top­lu­my­nyň no­bat­da­ky tap­gy­ry­nyň açy­lyş da­ba­ra­sy ýur­du­my­zyň ägirt uly üs­tün­lik­le­ri ga­zan­ýan­dy­gy­ny, döw­le­ti­mi­ziň, jem­gy­ýe­ti­mi­ziň dur­mu­şy­nyň dür­li ugur­la­ryn­da ýe­ti­len sep­git­le­ri gör­kez­ýär. Mu­nuň özi hal­ky­my­za hä­zir­ki za­ma­nyň eş­ret­le­rin­den ne­ti­je­li peý­da­lan­ma­ga giň müm­kin­çi­lik­le­ri aç­ýar.

An­na­my­rat BA­KY­ÝEW,
Türk­me­nis­ta­nyň In­že­ner-teh­ni­ki we ulag kom­mu­ni­ka­si­ýa­la­ry ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­ly­my.