Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy türk­me­niň gör­nük­li akyl­da­ry, türk­men ede­bi di­li­niň düý­bü­ni tu­tu­jy­la­ryň bi­ri­dir. Be­ýik türk­men şa­hy­ry­nyň wa­tan­çy­ly­gy, mert­lik, ge­çi­rim­li­lik, yn­san­per­wer­lik, raý­daş­lyk, re­him­dar­lyk, myh­man­sö­ýer­lik hä­si­ýet­le­ri ba­ra­da­ky goş­gu­la­ry ter­bi­ýe­çi­lik mek­de­bi­dir. Şa­hyr Wa­tan, wa­tan­sö­ýü­ji­lik ba­ra­da­ky dü­şün­jä­ni has-da be­len­de gö­ter­ýär. Onuň çuň ma­ny-maz­mu­na, yn­san­per­wer­li­ge ýug­ru­lan dö­re­di­ji­li­gi­niň için­den wa­tan­çy­lyk duý­gu­la­ry eriş-ar­gaç bo­lup geç­ýär.
2014-nji ýyl ýur­du­myz­da «Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň ýy­ly» diý­lip yg­lan edil­di, «Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» me­da­ly dö­re­dil­di. Şa­hy­ry­my­zyň goş­gu­la­ry dün­ýä­niň bir­nä­çe dil­le­ri­ne ter­ji­me edil­di.
2024-nji ýyl­da Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dog­lan gü­nü­niň 300 ýyl­ly­gy giň­den bel­le­ni­lip ge­çi­ler. Şeý­le hem Tür­ki­ýä­niň Bur­sa şä­he­rin­de ge­çi­ri­len
TÜRK­SOÝ-yň He­mi­şe­lik ge­ňe­şi­niň 39-njy mej­li­si­niň ka­ra­ry­na la­ýyk­lyk­da şa­hy­ryň 300 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li «2024-nji ýyl – Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň ýy­ly» diý­lip yg­lan edil­di. Bu bol­sa tu­tuş tür­ki halk­la­ryň Mag­tym­gu­ly Py­ra­ga goý­ýan be­lent sar­pa­syn­dan ny­şan­dyr.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ta­ra­pyn­dan «Gün­do­ga­ryň be­ýik akyl­da­ry we nus­ga­wy şa­hy­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dog­lan gü­nü­niň 300 ýyl­ly­gy­ny da­ba­ra­ly bel­le­mek bo­ýun­ça ge­çi­ril­me­li çä­re­le­riň Me­ýil­na­ma­sy» tas­syk­lan­dy. Şol me­ýil­na­ma­nyň çäk­le­rin­de, Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň 300 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li, Türk­me­nis­ta­nyň Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň Teh­no­lo­gi­ýa­lar mer­ke­zi­niň alym­la­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dö­re­di­ji­lik por­ta­ly­ny iş­läp düz­ýär­ler. Ýa­kyn gel­jek­de işe gi­ri­zi­ljek Döw­re­bap por­tal­da be­ýik şa­hy­ryň goş­gu­la­ry, ki­tap­la­ry ýer­leş­di­ri­ler. On­da Mag­tym­gu­ly­nyň goş­gu­la­ry­ny göz­le­mek, bel­läp al­mak, ýat­da sak­lat­mak müm­kin­çi­lik­le­ri göz öňün­de tu­tu­lan. Şeý­le-de por­tal­da be­ýik şa­hy­ryň dür­dä­ne pi­kir­le­ri ýer­leş­di­ri­len.
Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy ba­ra­da müň­ler­çe ma­ka­la ýa­zyl­dy. Onuň dö­re­di­ji­li­gi­ne ba­gyş­la­nan yl­my iş­ler hem sa­nar­dan köp­. Tä­ze por­tal­da bu iş­ler we tä­ze yl­my göz­leg­le­riň ne­ti­je­le­ri bi­len ta­nyş­mak üçin hem ýö­ri­te pen­ji­re bar. Onuň işe gi­ri­zil­me­gi bi­len, mag­tym­gu­ly­şy­nas­lar, akyl­dar şa­hy­ryň dö­re­di­ji­li­gi­ne sar­pa goý­ýan äh­li oky­jy­lar köp­çü­li­gi üçin gym­mat­ly gol­lan­ma bol­jak­dy­gy ikuç­suz­dyr.
Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň aja­ýyp eser­le­ri ba­ha­sy­na ýe­tip bol­ma­jak ha­zy­na­dyr. Ede­bi­ýat äle­min­de hem mu­nuň şeý­le­di­gi su­rat­lan­dy­ryl­ýar. Nur­my­rat Sa­ry­ha­no­wyň «Ki­tap» he­ka­ýa­syn­da akyl­dar şa­hy­ryň ki­ta­by­nyň bir dü­ýe bi­len ba­ha­lan­ma­gy mu­nuň aý­dyň de­li­li­dir. Da­na şa­hy­ryň ýi­ti ze­hi­nin­den ke­mal ta­pan goş­gu­la­ryn­da türk­men hal­ky­nyň mil­li­li­gi şöh­le­len­ýär. Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň şy­gyr­la­ryn­da Gün­do­ga­ryň, şol san­da türk­men hal­ky­nyň nus­ga­wy eser­le­ri­niň, olar­da­ky halk ara­syn­da ta­ryp­lan­ýan gah­ry­man­la­ryň at­la­ry ýy­gy-ýy­gy­dan ula­nyl­ýar. Ola­ryň was­py ýo­ka­ry de­re­je­de be­ýan edil­ýär we şol goş­gu­la­ryň kö­me­gi bi­len meş­hur ede­bi eser­le­riň we ola­ryň gah­ry­man­la­ry­nyň at­la­ry dil­den-di­le ge­çip, ba­ky ýa­şa­ýar.

Gü­la­ýym JU­MA­GEL­DI­ÝE­WA,
Döw­let­mäm­met Aza­dy adyn­da­ky Türk­men mil­li dün­ýä dil­le­ri ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.