Londonyň Riçmond etrabynda, Temza derýasynyň günorta-günbatar kenarynda ululygy we ösümlik dünýäsiniň köpdürlüligi bilen tapawutlanýan Kew botanika bagy ýerleşýär. «Korol baglary» ady bilen meşhurlyk gazanan botanika bagy 1759-njy ýylda döredilýär. XVIII-XX asyrlarda iňlis medeniýetiniň ylham çeşmesi hasaplanan botanika bagy häzirki wagtda milli bagbançylyk ýörelgeleri bilen meşgullanýan hünärmenler üçin tejribe meýdançasy bolup hyzmat edýär. 121 gektar meýdany tutýan «Korol baglary» Kew köşgüni, Şa zenany Şarlottanyň kottejini, «Syon Park House» binasyny, palma öýüni, Wiktorian aýna jaýyny, Temperat öýüni, bezegli kölleri we howuzlary, gerbariý hem-de ösümlik kolleksiýasyny öz içine alýar. Peýzažy we binagärlik aýratynlyklary bilen görenleri haýran galdyrýan Kew botanika bagy 2003-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilýär. Jemi 44 binasy bolan botanika bagy dünýäniň iň uly we dürli ösümlik görnüşleriniň ösdürilýän ýeri hasaplanýar. Kew botanika bagynda 28 müň 680 töweregi ösümlik, 7 million töweregi gerbariý we arhiwlenen maglumatlar saklanýar. Mundan başga-da, botanika ylmyna degişli 130 müň jiltden ybarat kitaplar hem-de döwürleýin neşirlerdir çyzgylar bar. Botanika bagynda sukkulentler ýaly seýrek ösdürilýän güller bilen bir hatarda, tropik howaly ýerlerde ösýän orhideýa gülleriniň,
Okeaniýada duş gelýän ösümlikleriň hem birnäçe görnüşi idedilýär. Şeýle hem dünýäniň sowuk sebitlerinde ösýän ösümlikleriň 10 müň görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär.
1974-nji ýylda botanika bagynda Kew tohum ammary döredilýär. 1996-njy ýylda ösümlik görnüşleriniň ýitip gitmek howpuny azaltmak üçin goşan goşandy göz öňünde tutulyp, bu tohum ammary Müňýyllyk tohum bankyna öwrülýär. Ýurtlaryň arasynda tohum hyzmatdaşlygyny alyp barýan Müňýyllyk tohum banky dünýädäki iň uly tohum ammary hasaplanýar. Bu ýerde ösümlikleriň 75 müň töweregi görnüşine degişli 2,25 milliard tonna tohum saklanýar.
Londonyň esasy syýahatçylyk merkezleriniň biri bolan «Korol baglarynda» gezelençleri guramak bilen bir hatarda toý dabaralary, şol sanda her ýylda 200-e çenli baýramçylyk çäreleri geçirilýär. Bu ýere gelýän syýahatçylar we myhmanlar baýramçylyk dabaralaryna gatnaşyp wagtyny gyzykly we şadyýan geçirip bilýärler. Dabaralar, esasan, Kembrij kottejinde, Neş konserwatoriýasynda hem-de açyk bagda geçirilip, bu ýerde surat sergileri hem guralýar. Gyzykly başdangeçirmeleri bilen ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýan Kew botanika bagyna her ýyl 4,5 million syýahatçy barýar.