Agyz beklemek belli bir wagt aralygynda iýip-içmekden saklanmakdyr. Agyz beklemek ruhy taýdan pikiriň täzelenmegi, akylyň durlanmagy üçin peýdaly bolmak bilen bir hatarda, saglyk üçin hem örän ähmiýetlidir.
Agramy azaltmaga kömek edýär. Geçirilen barlaglarda agyz beklemegiň bedeniň agramyny 9 göterime çenli ýeňledýändigi ýüze çykaryldy. Ýagny beden myşsalaryna agram salmazdan, bedendäki artykmaç ýagy ýitirip bolýar.
HGH-niň bölünip çykmagyny tizleşdirýär. Adamyň ösüş gormony (HGH) tebigy ýagdaýda bedende öndürilýär we gan aýlanyşygy esasynda dokumalara barýar. Agyz beklenende HGH-niň köp mukdarda bölünip çykmagy esasynda artykmaç ýag ýakylýar. Bu bolsa bedeniň myşsalarynyň güýçlenmegine we çeýeliginiň artmagyna kömek edýär.
Öýjükleriň dikelmegine täsir edýär. Agyz beklemek awtofagy (bedeniň öýjükleri gaýtadan işlemek ulgamy) herekete getirip, bedendäki köne öýjükleri döwmäge we gaýtadan işlemäge mümkinçilik berýär. Şeýle ýagdaýda adam bedeni öýjük galyndylaryndan doly arassalanýar.
Insuliniň derejesini kadalaşdyrýar. Agyz beklemek bedendäki uglewodyň we gandaky glýukozanyň derejesini durnukly ýagdaýda saklamaga hem-de wisseral ýag massasyny azaltmaga kömek edýär. Bilermenler süýjüli diabetden ejir çekýän adamlara agyz beklemegiň oňaýly täsir edýändigini belleýärler. Şeýle ýagdaýda bedeniň insuline garşy duýgurlygy artýar hem-de göreşijilik ukyby güýçlenýär.
Ýürek-damar keselleriniň howpuny azaldýar. Agyz beklenende köp kaloriýa ýakmak hem-de gandaky şekeriň derejesini peseltmek arkaly ýürek-damar keselleriniň howpuny azaldyp bolýar. Bu ýagdaý metabolizmiň işiniň gowulanmagy bilen düşündirilýär.
Beýnini güýçlendirýär. Agyz beklemek newrodegeneratiw bozulmalaryň öňüni alýar. Nerw öýjükleriniň dikelmegine we döremegine ýardam edip, beýniniň işini gowulandyrýar.
Rahat uklamaga ýardam edýär. Geçirilen barlaglarda agyz bekleýän adamlaryň has rahat uklaýandygy ýüze çykaryldy. Bilermenler munuň sebäbini agyz beklenende aşgazan-içege ulgamynyň ýeňil işleýändigi bilen düşündirýärler.
Garrylygyň alamatlaryny haýalladýar. Geçirilen barlaglarda agyz bekleýän adamlaryň uzak ýaşaýandygy ýüze çykaryldy. Bu, esasan, agyz beklemegiň aşgazan-içege ulgamynyň işini ýeňilleşdirýändigi, ýürek-damar ulgamyny we gan basyşyny kadaly derejede saklaýandygy hem-de bedende artykmaç agramyň bolmazlygy bilen düşündirilýär.