Çagalar ba­gy­na gat­na­ýan ça­ga­lar ýa-da ki­çi ýaş­ly mek­dep okuw­çy­la­ry üçin dog­ry aýak­ga­by saý­la­mak esa­sy şert­le­riň bi­ri bo­lup dur­ýar. Aýak­ga­byň öl­çe­gi, ýum­şak ýa-da ga­ty­ly­gy hem-de bi­çü­wi ça­ga­la­ryň aýa­gyn­da­ky myş­sa­la­ryň we süňk­le­riň ösü­şi­ne tä­sir ed­ýär. Kör­pe­je­ler her gün or­ta­ça 8-9 sa­gat kö­wüş­li gez­ýär­ler. Şol se­bäp­li ça­ga­lar üçin aýak­gap saý­la­nan­da köw­şüň da­ban bi­len ba­syl­ýan bö­le­gi­niň ýum­şak­ly­gy­na üns ber­me­li. Ýag­ny aýak­ga­byň ap­gyr­dy­ we da­ban bö­le­gi re­zin­den (kau­çuk) bol­ma­ly. Mun­dan baş­ga-da, bar­mak­la­ryň dog­ry ös­me­gi üçin aýak­ga­byň yg­ty­bar­ly ýa­pyk­ly­gy­na hem-de bar­mak­la­ry gys­ma­ýan­dy­gy­na üns bermeli.
Ça­galaryň çalt ös­ýändigi üçin okuw ýy­ly­nyň ba­şyn­da sa­tyn al­nan kö­wüş ýyl ta­mam­lan­man­ka, eý­ýäm ki­çi bo­lup bil­ýär. Şeý­le-de bol­sa, okuw, sport ýa-da da­şar­da geý­mek üçin sa­tyn al­nan kö­wüş ça­ga­nyň aýa­gy­na la­ýyk gel­ýän bol­ma­ly. Gel­jek ýyl hem ge­ýer di­ýen pi­kir bi­len has uly öl­çeg­dä­ki kö­wüş al­mak mas­la­hat be­ril­me­ýär. Mun­dan baş­ga-da, ça­ga­nyň aýa­gy­nyň gur­lu­şy­na hem üns ber­me­li. Kä­bir çaganyň da­rak­ly­gy in­li bol­ýar. Şeý­le ýag­daý­da öň ta­ra­py in­siz kö­wüş al­mak mas­la­hat be­ril­me­ýär. Se­bä­bi aýak­ga­byň öl­çe­gi ça­ga­nyň aýa­gy­na la­ýyk hem bol­sa, aýa­gy­nyň iki ta­ra­pyn­dan gys­ma­gy müm­kin.
Bi­ler­men­ler ata-ene­le­re ça­ga­la­ry üçin ar­tyk­maç be­zeg aý­ra­tyn­lyk­la­ry bol­ma­dyk, yk­jam aýak­gap­la­ry sa­tyn al­ma­gy mas­la­hat ber­ýär­ler. Kö­wüş­dä­ki ýaz­gy­lar, be­zeg üçin da­ky­lan şaý­lar geý­mek üçin oňaý­syz bol­mak bi­len bir ha­tar­da, sa­pak wag­tyn­da öw­re­dil­ýän zat­lar­dan hem ça­ga­nyň ün­sü­ni so­wup bi­ler.
Kö­wüş ala­ny­ňyz­da ça­ga­ňy­za hök­man geý­di­rip gö­rüň hem-de aýa­gy­na gö­rä köw­şüň la­ýyk otur­ýan­dy­gy­na göz ýe­ti­riň! Soň­ra ýa­kyn ara­ly­ga ýö­re­dip, oňaý­ly­my ýa-da oňaý­syz­dy­gy­ny so­raň! Şeý­le ýag­daý­da ça­ga özü­ni ra­hat du­ýar. Bi­ler­men­ler ki­çi ýaş­ly ça­ga­laryň ma­ta­dan ti­ki­len aýak­gap­la­ry uzak wagt­lap geý­me­li däl­di­gi­ni, oňa de­rek ýum­şak da­ban­ly, ra­hat ök­je­li kö­wüş­le­ri ýa-da sport aýak­gap­la­ry­ny saý­la­ma­gy mas­la­hat ber­ýär­ler.