Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça oba hojalygynda amala aşyrylýan özgertmeleriň netijesinde, pudak ösüşiň täze derejesine çykdy. Ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň düzümleri hem-de hyzmat edýän pudaklar tehniki taýdan enjamlaşdyrylýar, döwrebaplaşdyrylýar, täze özleşdirilýän ýerler üçin suw hojalyk desgalary gurulýar, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak babatda dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň ýerli toprak, howa şertlerine laýyk gelýän ýokary öndürijilikli tehnikalary yzygiderli satyn alynýar. Munuň özi ýaz ekişiniň bellenilen möhletlerde geçirilmegine hem-de bereketli hasylyň ýetişdirilmegine mümkinçilik döredýär.
Diýarymyzda möhüm oba hojalyk möwsümi bolan gowaça ekişi başlandy. Hormatly Prezidentimiziň 17-nji martda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde bellän möhletlerine laýyklykda, Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynyň pagtaçylary 24-nji martda, Daşoguz welaýatynyň daýhanlary bolsa 29-njy martda gowaça ekişine başladylar.
Asylly däbe görä, welaýatlarda gowaça ekişine hormatly ýaşulularyň «Bismillasy» bilen girişildi. Beýik Biribardan abadançylyk, mähriban Watanymyzyň gülläp ösmegi, döwlet Baştutanymyzyň döwletli tutumlarynyň rowaç almagy dileg edilip, meýdanlara gowaça tohumlary sepildi. Soňra mehanizatorlar uly hyjuw bilen işe girişdiler. Ekiş möwsüminde ekiji tehnikalaryň guratlygyny gazanmak üçin etraplarda abatlaýjy, sazlaýjy hünärmenlerden ybarat toparlar döredildi. Olar göçme ussahanalar, zerur enjamlar we ýangyç daşamaga niýetlenen awtoulaglar bilen üpjün edildi.
Şu ýyl ýurdumyz boýunça 580 müň gektara gowaça ekiler. Gowaça ösdürip ýetişdirmekde oba hojalyk ähmiýetli ýer gaznasyndan ýer böleklerini alan hususy önüm öndürijileriň ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň kuwwatlyklaryny artdyrmakda ýyl-ýyldan işjeňlik görkezýändiklerini bellemeli. Ekiş möwsümine çenli pagtanyň saýlama tohumy saýlanyp alyndy. Orta süýümli gowaça tohumynyň saýlama görnüşleri ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda ýetişdirilýär. Şolaryň hatarynda «Ýolöten-7», «Ýolöten-39», «Jeýhun», «S-2606», «Daşoguz-120», «Daşoguz-114», «Gubadag-3», «149-F» ýaly gowaçanyň tiz ýetişýän, ýokary hasylly arassa görnüşlerine aýratyn ähmiýet berildi. Gowaçanyň inçe süýümli «Ýolöten-14» görnüşi toprak-howa şertlerine laýyklykda, Ahal we Mary welaýatlarynda ekiler.
Pagtaçylyk pudagy daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleri we ýurdumyzyň eksport kuwwatlyklaryny artdyrmak boýunça döwlet maksatnamalarynyň amala aşyrylmagyny üpjün edýän obasenagat toplumynyň esasy pudaklarynyň biridir. Bu pudakda giň möçberli özgertmeleriň durmuşa geçirilmegi esasynda obasenagat toplumynyň netijeliligi ýokarlanýar.
Şeýlelikde, toplumy inženerçilik-tehniki taýdan üpjün etmek meseleleri täzeçil usulda çözülýär, ýurdumyzyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän, täze görnüşdäki kuwwatly tehnikalar satyn alynýar.
Ekerançylyk meýdanlarynyň suwaryş ulgamynyň kämilleşdirilmegine, tohumçylygyň we bu ugra degişli ylmy barlaglaryň ösdürilmegine köp mukdarda maliýe serişdeleri goýberilýär. Pagtany gaýtadan işleýän senagat döwrebaplaşdyrylyp, sebitlerde häzirki zaman pagta arassalaýjy kärhanalary gurulýar. Oba hojalyk ulgamyny sanlylaşdyrmak, ýerleri işläp taýýarlamagyň täzeçil usullaryny, öňdebaryjy agrotehnologiýalary ornaşdyrmak, daýhan birleşikleriniň, daýhan hojalyklarynyň we beýleki önüm öndürijileriň girdejilerini ýokarlandyrmak, kärende gatnaşyklaryny kämilleşdirmek boýunça anyk çäreler durmuşa geçirilýär.
Agrosenagat toplumyna sanly elektron
ulgamyny hem-de bazar gatnaşyklaryny işjeň ornaşdyrmak, pudakda hususyýetçileriň eýeleýän ornuny yzygiderli artdyrmak hem hemişe üns merkezinde saklanýar. Tohumyňyz müňlesin, ýylyňyz rysgally bolsun, edermen pagtaçylar!
Täzegül MUHAMMETGULYÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň uly mugallymy.