Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda şu ýylyň 18-nji martynda ýurdumyzda giň möçberli ählihalk bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümine badalga berildi. Şol gün Diýarymyzyň ähli künjeginde saýaly, pürli we miweli bag nahallarynyň ýüz müňlerçe düýbi oturdyldy. Bu dabara Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek babatdaky beýik başlangyjynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň mysalydyr. Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň «Şäherlerdäki baglar» başlangyjyna bag ekmek çärelerini geçirmek arkaly goldawy we goşandy üçin Aşgabat şäherine halkara güwänamanyň berilmegi hem bu ugurda bitirilýän beýik işleriň ähmiýetini has-da artdyrdy.
«Bu gün nahal – ertir daragt» diýen aýtgy bar. Gahryman Arkadagymyzyň dana paýhasyndan gözbaş alan, Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda täze bat bilen dowam edýän beýik işler hemişe alys geljegi nazarlaýar. Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça geçirilýän ählihalk bag ekmek dabarasy bolsa, yzygiderli häsiýete eýe bolýar. Sebäbi bag ekmek, daş-töweregi abadanlaşdyrmak, arassaçylyk çärelerini geçirmek halkymyzyň milli aýratynlygyna, ýörelgelerine mahsus häsiýetler hasaplanylýar.
Tokaýlaryň ýurdumyzyň ykdysady ösüşini, tebigy-ekologiýa ýagdaýyny, esasan hem, Türkmenistanyň toprak we howa şertlerinde oba hojalyk önümçiliginde durnuklylygy üpjün etmekde, çölleşme hadysalarynyň öňüni almakda, şeýle hem ekoulgamlaryň howanyň üýtgemegine uýgunlaşmagynda ähmiýeti örän uludyr. Tokaýlar öz-özüni sazlaýan ekologik ulgam hasaplanylýar.
Hünärmenleriň tassyklaýşy ýaly, hatda iň döwrebap himiki barlaghana hem, tebigatdaky ýaly, şeýle kämil we düzümi boýunça dürli birleşmeleri sintezlemäge ukyply däldir. Tebigat özüniň «ýaşyl laboratoriýalarynda» emeli ýol bilen döretmek mümkin bolmadyk maddalary öndürýär. Geçirilýän işleriň möçberleri haýran galdyrýar. Giň gerimli bag ekmek maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirine garşy göreşmek işine saldamly goşantdyr, çünki ýaşyl zolaklar ýurduň ilaty üçin amatly howa ýagdaýyny döredýär.
Tutuş dünýä ýüzünde daşky gurşawy ýaramaz täsirlerden goramak möhüm meseleleriň biri bolmagynda galýar. Ýurdumyzyň bu ugurda BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde, şeýle-de onuň Durnukly ösüş boýunça «Rio+20» maslahatynda, Ýaponiýada geçirilen BMG-niň tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça III Bütindünýä maslahatynda we Koreýa Respublikasynda geçirilen VII Bütindünýä suw forumynda beýan eden netijeli başlangyçlary dünýä bileleşiginiň goldawyna eýe boldy. Bu başlangyçlardan ugur alyp, ýurdumyzda olary iş ýüzünde amala aşyrmak boýunça hem çäreler durmuşa geçirilýär. Munuň şeýledigine halkara kadalara laýyk gelýän «Tebigaty goramak hakynda», «Ozon gatlagyny goramak hakynda», «Ösümlik we haýwanat dünýäsi hakynda», «Balykçylyk we suw biologik serişdelerini goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň, Tokaý kodeksiniň kabul edilmeginiň mysalynda-da aýdyň göz ýetirmek bolýar.
Ýurdumyzda tebigat gözelliklerini gorap saklamak we baýlaşdyrmak babatda alnyp barylýan tutumly işler tutuş sebitiň ekologiýa derejesini gowulandyrýar. Türkmenistan ekologiýa taýdan arassa ýurtlaryň hatarynda mynasyp orny eýeleýär. Hut şonuň üçin hem döwletimiziň öňe sürýän ekologiýa syýasatyny bütin dünýä ykrar edýär.
Alymlaryň hem-de hünärmenleriň tassyklamagyna görä, şäherleriň we beýleki ilatly ýerleriň töweregine, ulag ýollarynyň ýakalaryna, şypahanalaryň çäklerinde saýaly baglaryň ekilmegi daşky gurşawyň arassalygyny, howanyň hapalanmagynyň öňüniň alynmagyny üpjün edýär we adamlaryň saglygyna oňyn täsiri bolýar. Şol bir wagtyň özünde miweli baglaryň ekilmegi bolsa, ýurdumyzyň gözelligini artdyrmak bilen bir hatarda, ter miwe önümleriniň bolçulygyny üpjün edýär. Şunda ylmyň gazananlarynyň, suw tygşytlaýjy tehnologiýalaryň işjeň ulanylmagy ykdysady we ekologiýa babatda hem örän bähbitlidir.
Merettäç RAHMANOWA,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyby.