Suw – dirilik çeşmesi. Türkmen halky suw damjasyny altynyň dänesine deňeýär. Janly-jandaryň hiç biri uzak wagtlap suwsuz ýaşap bilmeýär. Tebigatda ýaşaýyş üçin döredilen baýlyklaryň köpüsiniň öwezini dolup bolýar. Meselem, tokaý baýlygyny täzeden agaç nahallaryny ekmek arkaly öwezini dolup bolar. Emma suwuň öwezini dolmak üçin millionlarça ýyl gerek bolmagy mümkin.
Dünýä tejribesiniň görkezişi ýaly, adamzat gitdigiçe köpelmek bilen. Sebäbi ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulanmagy, tebigy hadysalaryň öňüniň alynmagy adam pidalarynyň azalmagyna we demografik ýagdaýyň çalt üýtgemegine getirýär. Bu belli bir derejede ekologiýa meseleleriniň artmagyna-da getirýär. Adamlar köpeldigiçe, suwuň sarp edilişi hem, suwa bolan talap hem artýar.
Emma biz pikir edişimiz ýaly, diňe içimlik suwy sarp etmeýäris. Biziň iýmit we arassaçylyk üçin ulanan suwumyz ynsanyň umumy sarp edýän suwunyň diňe ujypsyz bölegidir. Başgaça aýdylanda, biziň saçagymyza taýýar iýmit önümi bolup gelýänçä önüme sarp edilýän suwuň diňe az mukdarydyr. Bu bolsa oba hojalygynyň dünýäde agyz suwuny esasy sarp edýän pudakdygyny aňladýar. Eýsem, oba hojalygynda suw nädip tygşytlanýarka?
Göräýmäge kartoşka ösdürmekde hiç bir kynçylyk ýok ýaly, onuň süýji tagamly bolup, bol hasyl bermegi üçin yzygiderli suwarmak ýeterlik ýaly. Emma biz bir kilogram kartoşkany ösdürmek üçin ortaça 500 litr suwuň gidýändigi barada pikir edemzok. Bir kilogram şalyny ösdürmek üçin bolsa mundan on esse köp suw sarp edilýär.
Has giň ekin meýdanlarda suwuň ujypsyz tygşytlanmagy-da müňlerçe tonna agyz suwunyň zaýalanmagynyň öňüni alyp biler. Ýöne munda dogry usul ulanylmagy möhümdir, sebäbi eger suw ýetmezçilik etse, hasylyň azalmagy ýa-da guramagy mümkin. Diýmek, ekini suwarmagyň möçberi we ýygylygy barada anyk meýilnama gerek bolýar.
Beýle meýilnamany düzmek ýeňil däl. Sebäbi bu ýerde irrigasiýanyň ähli taraplaryny göz öňünde tutmak gerek. Meselem, eger ýagyş ýagmak mümkinçiligi bar bolsa şol gün ekini suwarmaly däl. Gurak we çygly sebitler üçin aýry, her bir önüm üçin aýry düzgünleri işläp düzmeli. Sebäbi kartoşkanyň we şalynyň suwa bolan talabyny göz öňünde tutmaly. Ýöne bu-da entek hemmesi däl. Suwuň topraga çekiliş tizligi, ösümligiň köküniň gidýän çuňlugy hem möhüm orun tutýar. Bu soraglaryň köpüsini awtomatizasiýa çözmegi başarýar. Häzir ösen döwletler şeýle «akylly» tehnologiýalary oýlap tapýarlar. Ol tehnologiýalar meteostansiýalardan özbaşdak maglumat almak we suwy goýbermek düzgünini özbaşdak kesgitlemek mümkinçiligine eýedir.
Adam islän zadyny öndürmäge başlamazdan ozal pikir etmeli. Ösümlikleriň käbiri gurak toprakda ýetişýän bolsa, käsi çygly topragy halaýar. Elbetde, çyglylygy talap edýän ekini gurak ýerde ekjek bolsaň, onuň suwy has artyk talap etjekdigi ikuçsuzdyr. Şonuň üçin gurak ýerlerde kösükli ekinleri, kädini, gawuny, günebakary we beýleki ekinleri ekmek has amatly bolýar.
Ýurdumyzda dünýä tejribesinde ulanylýan täze usullary oba hojalygyna ornaşdyrmak barada uly işler alnyp barylýar. Suwy, işçi güýjüni, döküni tygşytlamagyň, ýeriň şorlaşmagynyň öňüni almagyň birnäçe usuly bar. Bu usullaryň iň ygtybarlysy damjalaýyn suwarmakdyr. Häzirki wagtda ýurdumyzda bu usul bilen işleýän ençeme oba hojalyk kärhanasy bar. Bu usul suwuň ösümligiň köküne göni barmagy bilen yrýa bolmagynyň öňüni alýar. Ilkinji gezek 1950-nji ýyllarda Eýranyň gurak sebitlerinde ulanylyp başlanan bu usulda suw we iýmitlendiriji serişdeler az mukdardan ösümligiň köküne barýar. Bu usulda suw 90-95 göterim tygşytlanýar. Suwuň ösümligiň kökünden başga ýere barmazlygy beýleki haşal otlaryň suwdan ganmak mümkinçiligini azaldyp, netijede otag otamak zerurlygyny hem aradan aýyrýar.
Adamlar irki döwürlerden bäri ýagyndan peýdalanyp ekin ekipdirler, ýagyş suwuny ýygnap, zerur wagty ulanypdyrlar. Häzirki wagtda hem bu tejribe öz ähmiýetini ýitirenok. Ýagyş suwuny ýygnamagyň birnäçe usuly bolup, adatça ýygnalan suw ýerasty howdanlarda toplanýar. O diýen gymmat bolmadyk bu usuly diňe agrosenagat kärhanalarynda däl, eýsem, hususy hojalyklarda hem ulanyp bolar. Ilaty 80 milliondan geçýän Germaniýada bu usul geçen asyryň ortasyndan bäri ulanylýar. Ösen döwletlerde hapalanan suwy gaýtadan peýdalanmak usuly hem köp ulanylýar.
Gahryman Arkadagymyzyň ynsan saglygyny goramak, agyz suw zawodlaryny gurmak, oba hojalygyny ösdürmek bilen bagly başlangyçlary häzirki wagtda Arkadagly Serdarymyzyň döwlet işlerinde öz beýanyny tapýar. Ýurdumyzda täze tehnologiýalar ornaşdyrylan ýyladyşhanalar oba hojalyk önümleriniň bolçulygyny halkymyza hödürleýär. Şeýle döwrebap kärhanalar diňe bir halkymyzy gök önüm bilen üpjün etmän, eýsem, iş orunlarynyň döremegine-de şert döredýär.
Gülbahar Gurbanowa,
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň uly mugallymy.