Bür­güt­ler uzak ýa­şa­ýan guş­la­ryň bi­ri­dir. Te­bi­gat­da hat­da ýet­miş ýa­şan bür­güt­le­re hem duş gel­mek bol­ýar. El­bet­de, di­ňe çylşyrymly ýagdaýlardan baş alyp çy­kyp bil­ýän kä­bir bür­güt­le­re şeý­le köp ýa­şa­mak ba­şard­ýar. Se­bä­bi kyrk ýa­şy­na ýe­ten­de bür­güt­le­riň pen­je­le­ri gal­ňap, ma­ýyş­gak­ly­gy­ny ýi­tir­ýär. Şo­nuň üçin hem olar aw­la­ry­ny pen­je­läp tu­tup bi­le­nok­lar. Üs­te­si­ne ola­ryň çüňk­le­ri uzap, döş­le­ri­ne ta­rap eg­rel­ýär, ga­nat­la­ry ejiz­le­ýär. Go­ýy çy­par reňk­li ýe­lek­le­ri kö­ne­li­şip, agyr­laş­ýar. Şeý­le­lik­de, ola­ryň uç­ma­sy bar­ha kyn­laş­yp başlaýar. Ine on­soň, ola­ryň öňün­de iki ýol gal­ýar: ýa hem­me zat­dan el üzüp, aja­lyň ge­le­ri­ne ga­raş­maly, ýa-da, «tä­ze­den di­rel­me­giň» gü­zap­ly eji­ri­ne döz gel­meli.
«Tä­ze­den di­rel­me» ha­dy­sa­sy ýüz el­li gü­ne go­laý do­wam ed­ýär. Eger bür­gü­diň ýa­şa­ma­ga bo­lan hy­ju­wy rüs­tem gel­se, on­da ol kert ga­ýa­la­ryň er­ňek­le­ri­niň bi­ri­ne ba­ryp gon­ýar-da, çüň­kü­ni da­şa ur­ma­ga baş­la­ýar. Iň so­ňun­da bür­gü­diň çüň­ki döw­lüp gop­ýar. Bür­güt şol ýer­den git­män, tä­ze çüň­küň ösüp çyk­ma­gy­na ga­raş­ýar. Tä­ze çüňk çy­kan­soň, ol özü­niň şol kuw­wat­ly çüň­ki bi­len pen­je­le­ri­ni go­pa­ryp aýyr­ýar. Bür­güt şol ýer­de ýe­ne pen­je­le­ri­niň ösüp çyk­ma­gy­na ga­raş­ýar. Pen­je­le­ri ösüp çy­kan­dan soň bol­sa, ol ýe­lek­le­ri­ni ýol­ma­ga baş­la­ýar. Şeý­le­lik bi­len, bäş aýyň do­wa­myn­da tä­ze­den di­rel­me ha­dy­sa­sy­ny baş­dan ge­çi­ren ýaň­ky bür­güt ýe­ne otuz ýyl ýa­şap bi­ler ýa­ly güýç-kuw­wa­ta eýe bol­ýar.
Bi­ze hem kä­ha­lat­lar­da şu­lar ýa­ly tä­ze­den di­rel­mek ýag­da­ýy ge­rek bol­ýar. Ýe­ňiş­li uçu­şy ama­la aşyr­mak üçin biz hök­man aýa­gy­myz­dan daş bo­lup as­lyş­ýan ýa­man en­dik­le­ri­miz­den, ýat­la­ma­la­ry­myz­dan hem-de ters pi­kir­le­ri­miz­den dyn­ma­ly­dy­rys. Eg­ni­mi­zi ge­rek­siz ýük­ler­den ýa­ňa ýa­gyr bol­mak­dan ha­las et­me­li­di­ris.

Taý­ýar­lan Jen­net HAL­LY­ÝE­WA,
S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň mu­gal­ly­my.