Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamynyň işiniň döwrebaplaşdyrylmagyna, maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegine, täze tehniki serişdeler, multimediýa enjamlar bilen yzygiderli üpjün edilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.
«Ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly sagdyn nesli terbiýelemäge örän uly ähmiýet berýäris» diýip belleýän hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň milli ylym-bilim ulgamy dünýä derejesinde kämilleşýär. Ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi halkymyzyň watançylyk, ynsanperwerlik, zähmetsöýerlik ýaly ajaýyp häsiýetlerini özünde jemleýän, ylymly-bilimli, täze tehnologiýalardan birkemsiz baş çykarýan ýaş nesle gönüden-göni baglydyr.
Ýokary okuw mekdeplerinde hem döwrebap bilim ulgamy ýola goýuldy. Şunuň bilen baglylykda, bilim bermegiň täzeçil usullarynyň ornaşdyrylmagy bilen dil bilimine hem aýratyn ähmiýet berilýär. Bu ugurda daşary ýurt dillerini öwretmek ugrunda giň tagallalar edilip, olar babatda dürli bäsleşiklerdir halkara olimpiadalar guralyp, talyplaryň halkara tejribesi artdyrylýar. Ýaňy-ýakynda biziň ýokary okuw mekdebimiziň bilelikde guramagynda ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda iňlis dilinden onlaýn görnüşde II Halkara internet olimpiadasy geçirilip, oňa Germaniýanyň, Ýaponiýanyň, Russiýanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Bangladeşiň, Hindistanyň, Pakistanyň, Türkiýäniň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Hytaýyň, Koreýa Respublikasynyň, Belarusuň, Wengriýanyň, Demirgazyk Kipriň, Nepalyň, Şri-Lankanyň, Fransiýanyň, Awstriýanyň, Salwadoryň, ABŞ-nyň, Sierra-Leoneniň, Argentinanyň, Moldowanyň, Wenesuelanyň, Meksikanyň, Awstraliýanyň, Indoneziýanyň, Italiýanyň, Tailandyň, Angliýanyň we Rumyniýanyň ýokary okuw mekdepleriniň 35-sinden 156 müňden gowrak talyp gatnaşdy. Bäsleşige ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 24-sinden jemi 520 talyp gatnaşdy.
Olimpiada talyplar üçin bilimini, başarnygyny we zehinini görkezmek, dostlukly gatnaşyklary berkitmek hem-de ösdürmek, Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda ylym hem bilim pudagynda özara gatnaşyklary üstünlikli ösdürmek üçin ajaýyp mümkinçilik boldy.
Olimpiadanyň geçirilmeginiň maksady «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny» hem-de «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa ornaşdyrmagyň meýilnamalaryny amala aşyrmakdan ybaratdyr.
Umuman, ýurdumyzda dil bilimine hem uly üns berlip, daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwretmek maksady bilen alnyp barylýan köp sanly işler bu günki gün özüniň ajaýyp miwesini berýär. Arkadagly Serdarymyzyň badalga bermeginde ýurdumyzda ençeme dil merkezleri, daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen orta mekdepler hereket edýär, ýokary okuw jaýlarynda hem dilçi hünärmenler taýýarlanylýar. Bu bolsa döwrebap bilimlerden habarly bolan hünärmenleriň täze nesliniň kemala gelmegi bilen birlikde, berkarar Watanymyzyň halkara abraýynyň belent derejelere çykmagynda, halkara hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk hem pugtalanmagynda möhüm ähmiýete eýedir.
Kakamyrat SOLTANOW,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy.