Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan öňdengörüjilikli daşary syýasatynyň netijesinde dünýä döwletleri, hususan-da ýakyn we alysdaky goňşular bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna aýratyn ähmiýet berilýär. Bu gatnaşyklar hem ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda ösdürilýär. Şeýle döwletleriň biri-de Hytaý Halk Respublikasydyr.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, dünýä ýurtlarynyň arasynda ilkinji bolup Garaşsyz Türkmenistan bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýan Hytaý Halk Respublikasy häzirki döwürde ýurdumyzyň örän möhüm ykdysady hyzmatdaşlarynyň biridir, Türkmenistanda HHR bilen strategik gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.
Geçen ýyl möhüm ähmiýetli ýubileý – Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bellenildi. Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän iki ýurduň syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ýokary depginlere çykdy.
Hytaý ýurdumyzyň iri söwda hyzmatdaşydyr. Nebitgaz ulgamy hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biridir. Bu ulgamda eýýäm birnäçe iri taslamalar amala aşyryldy. 2009-njy ýylyň ahyrynda Türkmenistan–Hytaý strategik gaz geçirijisiniň ulanmaga berilmegi munuň subutnamasydyr. Şondan bäri 350 milliard kubmetrden gowrak tebigy gaz Çyn-maçyna iberildi. Häzirki wagtda ýangyç-energetika pudagynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň çäklerinde «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan işläp geçmegiň ikinji tapgyryny, «Türkmenistan–Hytaý» gazgeçirijisiniň D ulgamynyň gurluşygyny amala aşyrmak göz öňünde tutulýar.
Türkmenistanda dürli ulgamlarda ýurdumyzyň hünärmenleri bilen bilelikde HHR-iň iri kompaniýalary işleýärler. Hytaý işewürleri Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda pagta, ýod, brom, nebit önümlerini we beýleki türkmen harytlaryny satyn alýarlar. Ulag, logistika, aragatnaşyk, telekommunikasiýalar, sanly tehnologiýalar ulgamlary boýunça hem gatnaşyklar giňeldilýär. Şeýle-de, ýurdumyz söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmegi, hususan-da, ylym, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş, sport, syýahatçylyk ugurly hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýär.
Häzirki wagtda ozal gazanylan Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmegiň 5 ýyl (2021–2025 ýý.) üçin Maksatnamasyny durmuşa geçirmek ugrunda giň tagallalar edilýär. Bu babatda ulag hyzmatdaşlygyna uly orun degişlidir. Hytaýyň «Bir guşak – bir ýol» hem-de Türkmenistanyň Beýik ýüpek ýoluny dikeltmek başlangyçlarynyň durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde Hytaý–Gyrgyzystan–Türkmenistan–Eýran demir ýol konteýner otlularynyň gatnawlarynyň hem-de Hytaý–Gyrgyzystan–Özbegistan–Türkmenistan multimodal halkara gatnatmalarynyň sanyny we möçberlerini artdyrmak babatda degişli işleri ýola goýmak meýilleşdirilýär.
Häzirki wagtda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Hytaýyň arasynda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak üçin möhüm esas hökmünde «Merkezi Aziýa–Hytaý» duşuşygy usulyna ýokary baha berilýär.
Soňky 31 ýylyň dowamynda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Hytaýyň arasynda özara bähbitlilik we birek-birege hormat goýmak esasynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ösdürilýär.
18-19-njy maýda Hytaýyň 3100 ýyllyk taryhy bolan demirgazyk-günbataryndaky Beýik Ýüpek ýolunyň esasy çatryklarynyň biri bolan Sian şäherinde «Merkezi Aziýa–Hytaý» formatynda döwlet Baştutanlarynyň duşuşygy geçiriler. Bu duşuşygyň geçirilýän ýeri hökmünde Sian şäheriniň saýlanyp alynmagy ýöne ýerden däldir. Beýik Ýüpek ýoly arkaly şu ýerden ýükler Merkezi Aziýanyň üsti bilen Ýewropa ugradylypdyr. Şonuň üçin bu taryhy şäherde geçiriljek ýokary derejedäki sammit döwletara gatnaşyklarynyň taryhynda täze sahypany açar. Şu sammit arkaly Özbegistanyň, Täjigistanyň, Gyrgyz Respublikasynyň we Gazagystanyň döwlet Baştutanlary Hytaýa döwlet saparyny amala aşyrar. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz şu ýylyň başynda bu ýurda özüniň döwlet saparyny amala aşyrypdy.
Sian şäherinde «Beýik Ýüpek ýolunyň ykdysady guşagy» başlangyjy öz gözbaşyny alýar. Şonuň üçin bu sammit ykdysady gatnaşyklaryň has-da pugtalandyrylmagy babatda hem uly ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda «Merkezi Aziýa–Hytaý» duşuşygy usuly görnüşde söwda we daşary işler ministrleriniň gatnaşmagynda altytaraplaýyn duşuşyklar ýola goýuldy. Hytaý tarapynyň maglumatlaryna ser salnanda, Hytaý bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky haryt dolanyşygy 2022-nji ýylda 70,2 milliard dollara deň boldy. 2021-nji ýyl bilen deňeşdireniňde, bu görkeziji 40 göterim artdy. Merkezi Aziýa bilen Hytaýyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan senesinden bäri bolsa, 100 esse artdy.
Umuman, Türkmenistanyň we Hytaýyň özara gatnaşyklary hem ikitaraplaýyn, hem-de köptaraplaýyn esasda netijeli ösdürilýär. Sian şäherinde boljak ýokary derejedäki sammitiň bu gatnaşyklara täze itergi berjekdigini bellemek bolar.
Meretgeldi BEGÇÄÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyby.