Dünýä ummanlarynda balyklaryň ululy-kiçili 35 müň töweregi görnüşi ýaşap, olaryň daşky görnüşi beýlekilere meňzemeýän we ýaşaýyş şerti bilen tapawutlanýan birnäçesi bar. Şolaryň biri hem «aýna balyk» ady bilen tanalýan «Kryptopterus vitreolus» bolup, içi görünýän beden gurluşy bilen beýlekilerden tapawutlanýar. Ilkibaşda balyklaryň bu görnüşiniň «Kryptopterus bicirrhis» maşgalasyna degişli diýip çaklanandygyna garamazdan, 2013-nji ýylda «aýna balyklaryň» «Kryptopterus vitreolus» diýen başga bir görnüşdigi ýüze çykarylýar. Tailandyň endemik suw jandary hasaplanýan «aýna balyklar», esasan, Tailand aýlagynda we Kardom daglaryndaky derýa basseýnlerinde duş gelýär. Süýji suwda ýaşaýan bu balyklaryň 7-8 ýyl ömri bolup, inçe hem uzyn bedeni 12-15 santimetr töweregi bolýar. Agramynyň aşa ýeňil bolandygy sebäpli bu balygyň kellesinde deňagramlylygy sazlaýan barbell bar. «Aýna balyklaryň» içki beden agzalary kellesinde ýerleşip, içi görnüp duran bedenini oňurga süňki we gylçyklary emele getirýär. Daşyndan seredeniňde balygyň aňyrsynyň görünmeginiň esasy sebäbi bedeninde pigmentleriň ýoklugydyr. Ýagny bu balygyň bedeninde reňkleri emele getirýän öýjükler ýok. Şol sebäpli ol ak görünýär. Erkinligi söýýän «aýna balyklar» ýüzgüçsiz (torç) bolup, olara hereket etmäge guýrugy ýardam edýär. Pes akymly süýji suwda topar bolup ýaşaýan bu balyklar şadyýan we utanjaň häsiýete eýedir. Esasy iýmiti çybyn, liçinka, kiçijik gurçuklar bolup, käte krewetka we ownuk balyklar bilen hem iýmitlenýärler. Akwaristleriň ünsüni özüne çekýän bu suw jandary akwariumlaryň iň meşhur balyklarynyň biridir.