«Hatyra» kitabynyň IV jildiniň gaýtadan işlenen ikinji neşirinde 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda faşizme garşy söweşlerde wepat bolan, şeýle hem dereksiz ýiten watandaşlarymyz hatyralanýar. Bu taryhy-resminama kitaby söweşjeň, durmuş edermenligi häzirki we geljek nesiller üçin gaýduwsyzlygyň, watançylygyň nusgasyna öwrülen türkmenistanly esgerlere bagyşlanýar.
Beýik Ýeňşiň 78 ýyllygyna gabatlanyp çap edilen neşir hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň şanly sene mynasybetli Gutlagy bilen açylýar. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, mukaddes milli ýörelgelere berk eýeren merdana türkmen gerçekleri doganlyk halklaryň wekilleri bilen egin-egne berip, XX asyryň ýowuz urşunyň söweş meýdanlarynda edermenligiň, batyrgaýlygyň, gahrymançylygyň belent nusgasyny görkezip, baky şöhrata mynasyp boldular.
“Hatyra” kitabynyň IV jildiniň täze neşiri Lebap welaýatynyň esgerlerine bagyşlanýar. Giriş makalasynda watandaşlarymyzyň mertligi we ruhubelentligi, tylda zähmet çekenleriň edermenligi barada gürrüň berilýär. Türkmen halky gazaply uruş ýyllarynyň kynçylyklaryny ýeňip geçip, Ýeňşe mynasyp goşant goşdular. Şol döwrüň taryhynyň gahrymançylykly sahypalary hiç haçan unudylmaz.
Şeýlelikde, bar bolan maglumatlara görä, Beýik Watançylyk urşunda ýurdumyzyň gündogar sebitinden 21 müň 86 adam Watan ugrundaky söweşlerde gurban bolupdyr we dereksiz ýitipdir. Bu kitapda dereksiz ýiten, söweş meýdanlarynda gahrymanlarça wepat bolan, agyr ýaralanyp aradan çykan hem-de mähriban ojaklaryna gaýdyp gelmedik lebaply esgerleriň sanawlary elipbiý tertibinde ýerleşdirilipdir. Mundan başga-da, neşirde taryhy çeşmelerden alnan maglumatlar, dürli mazmundaky hatlar, esgerleriň suratlary, metbugat sahypalarynda çap edilen habarlar, uruş ýyllarynda ýazylan goşgular, Lebap welaýatynyň çäklerinde Watan goragçylarynyň hatyrasyna dikilen ýadygärlikleriň suratlary görkezilýär.
Kitabyň gaýtadan işlenen IV jildi Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň çapa taýýarlamagynda Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan neşir edilip, giň okyjylar köpçüligi üçin niýetlenendir. Köp jiltli “Hatyra” kitaby türkmenistanly gaýduwsyz esgerleriň hakydasyny ebedileşdirip, ýaşuly nesliň gahrymançylygynyň mysalynda ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemek ýaly asylly işe hyzmat eder.