Her ýylyň 18-nji sentýabrynda Bütindünýä elektron kitaplar güni bellenilýär. Bu senäniň bellenip geçilmeginiň esasy maksady okamagyň elýeterliligini we elektron kitaplarda hödürlenýän ýeňilligi açyp görkezmekden ybaratdyr. Elektron kitap baradaky pikiriň 1930-njy ýyllarda orta atylandygyna garamazdan, 41 ýyldan soňra ilkinji elektron kitaplar peýda bolýar. Eýsem, elektron kitap näme?!
Elektron kitap sanly formatda hödürlenýän, okyjylaryň elektron enjamlarda – kompýuterde, noutbukda, öýjükli telefonlarda, planşetlerde okamagyna mümkinçilik berýän ulgamdyr. Soňky ýyllarda elektron kitaplaryň meşhurlygynyň artmagy bilen köp sanly nusgawy ýazyjy-şahyrlaryň kitaplary, iň köp satyn alynýan kitaplar elektron görnüşe geçirildi. Hatda daşary ýurt ýazyjylarynyň köpüsi indi kitaplaryny kagyz görnüşinde däl-de, elektron görnüşde «çap etmegi» makul bilýärler.
Elektron kitabyň döreýşi
Elektron kitap baradaky ilkinji pikir 1930-njy ýylda Rob Braunyň filme tomaşa edip oturan wagty kellesine gelýär. Ol pikirini köpçülik bilen paýlaşyp, geljekde birnäçe tomly, küti kitaplaryň nusgasyny elektron enjamlara ornaşdyrmak arkaly amatly usulda okamagyň mümkin boljakdygy baradaky düşünjäni orta atýar. 1949-njy ýylda ispan mugallymy Angela Ruiz Robles ilkinji awtomatik kitap okaýjy «Enciclopedia Mecánica»-ny oýlap tapýar. Roblesiň awtomatik kitap okaýjy baradaky pikiri çagalaryň her gün mekdebe göterip gitmeli kitaplarynyň agramyny azaltmak maksady bilen döräpdir. Şeýle-de bolsa, bu enjam köpçülikleýin ulanyşa girmeýär. Roblesiň oýlap tapyşyndan 22, şeýle hem Rob Braunyň pikirinden 41 ýyldan soňra, elektron kitaplaryň döremeginde şowlulyk gazanylýar. 1970-nji ýyllaryň başynda, esasan, ylym-bilim edaralarynyň arasynda edebiýatlary göçürip almaga mümkinçilik berýän, internetiň başlangyjy hasaplanýan ARPANET ulgamy döredilýär. Şeýlelikde, bu ösüşler «Gutenberg» atly taslamanyň döredilmegine sebäp bolýar. Meýletinlik esasynda hereket edýän bu taslama medeni işleriň we elektron kitaplaryň sanly ulgamdaky arhiwini döretmek üçin taýýarlanýar. 1990-njy ýyllaryň başynda internete ilkinji elektron kitaplaryň ornaşdyrylmagy bilen kitaplaryň elektron nusgalary standartlaşdyrylýar hem-de onlaýn kitap dükanlary döredilýär. Bu elektron kitaplaryň taryhyndaky iň uly üstünlikleriň biri bolup, 2014-nji ýylda her ýylyň 18-nji sentýabrynda elektron kitaplaryň bütindünýä gününi bellemek karara gelinýär.
Elektron kitaplar okyjylaryň işini birnäçe esse ýeňilleşdirýär. Şeýlelikde, kitaby ýanyň bilen götermek zerurlygy aradan aýrylýar. Isleg bildirýän kitabyňyzy jemgyýetçilik torundan eseriň ýa-da awtorynyň adyny gözletmek arkaly gysga wagtda tapyp bolýar. Kitabyň elektron nusgasyny öýjükli telefona ýüklemek bilen ýolda, dynç alyşda ýa-da işde okap bolýar. Berilýän maglumatlara görä, dünýäde her aýda 56 müň elektron kitap neşir edilip, onlaýn kitaphanada edebi eserler öňdäki orny eýeleýär. Elektron kitaplar ýaşlaryň arasynda has ýörgünli we ygtybarly hasaplanýar. Ilkibaşda adaty usulda çap edilen kitaplaryň elektron nusgalary döredilen bolsa, häzirki wagtda diňe elektron görnüşde ýaýradylýan kitaplar hem çykýar.