Kam­kat Gü­nor­ta-Gün­do­gar Azi­ýa­da ös­ýän sit­rus ösüm­li­gi bo­lup, apel­si­ne meň­zeş ki­çi­jik mi­we ber­ýär. Na­rynç reňk­li mi­wä­niň ulu­ly­gy ba­ry-ýo­gy ig­de ýa­ly. Kam­kat adat­ça te­ge­lek­den süýn­meg­räk bol­ýar. Iň­lis di­lin­de «kumquat» «al­tyn man­da­rin» (al­tyn mä­mi­şi) di­ýen ma­ny­ny ber­ýän kan­ton dilindäki söz­den emele gelipdir. Bu mi­we XII asyr­da Hy­taý­da ýü­ze çy­kyp­dyr. Ýa­po­ni­ýa, Hin­dis­tan, Taý­wan ýa­ly ýurt­la­ra ýaý­ra­ma­gy bi­len bu mi­we köp­çü­li­ge mä­lim bol­ýar. Kam­kat 1850-nji ýyl­lar­da Ýew­ro­pa ge­ti­ril­ýär we on­dan soň­ra De­mir­ga­zyk Ame­ri­ka­da hem ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ri­lip baş­lan­ýar.
Kam­kat ýy­ly ho­wa şert­le­rin­de ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ri­len­de uly we süý­ji mi­we ber­ýär. Ki­çi­jik apel­si­niň bir­nä­çe gör­nü­şi bo­lup, iň köp ýaý­ra­ny na­ga­mi we mei­wa sort­la­ry­dyr. Na­ga­mi kam­kat ABŞ-da ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­ýär. Goň­rum­tyl bal­dak­ly, he­mi­şe gök öwüs­ýän na­ga­mi­niň hoş­boý ys­ly ak­ja gül­le­ri bol­ýar. Na­ga­mi uzyn­dan süýn­mek, bi­raz tur­şu­rak mi­we ge­tir­ýär. Kam­ka­tyň mei­wa sor­ty, esa­san, Hy­taý­da ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­ýär. Mei­wa­nyň ta­ga­my na­ga­mi­den has süý­ji bo­lup, daş­ky gör­nü­şi togalak bol­ýar.
Kam­ka­tyň ta­ga­my nä­hi­li?
Kam­ka­tyň ta­ga­my beý­le­ki sit­rus mi­we­le­ri­ne meň­ze­me­ýär. Bu mi­we hem süý­ji, hem-de tur­şy bo­lup bil­ýär. Kam­ka­tyň iň süý­ji bö­le­gi onuň ga­by­gy­dyr. Şol se­bäp­li bu mi­we ter­li­gi­ne ga­by­gy bi­len bi­le­lik­de iýil­ýär. Ýö­ne bu mi­wä­ni do­ly biş­me­dik wag­ty, ýag­ny da­şy ýa­şyl wag­ty iý­mek mas­la­hat be­ril­me­ýär. Kam­kat mar­me­lad taý­ýar­la­mak üçin iň go­wy mi­we­le­riň bi­ri­dir. Se­bä­bi ki­çi­jik apel­si­niň çi­gi­din­de pek­tin (şe­ker kis­lo­ta­sy) bar. Kam­kat Ýew­ro­pa aş­ha­na­la­ryn­da çor­ba, köz­de bi­şi­ril­ýän et­li ta­gam­la­ra hoş­boý ta­gam ber­mek üçin go­şul­ýar. Mi­we­den is­le­ge gö­rä gyş iş­däa­ça­ry­ny, kam­kat doň­dur­ma­sy­ny, mi­we­li kö­ke taý­ýar­lap bi­ler­si­ňiz.
Mi­wä­niň sag­ly­ga peý­da­sy
Kam­ka­tyň mi­we­si ki­çi­jik bol­sa-da, dün­ýä ba­zar­la­ryn­da uly is­leg­den peý­da­lan­ylýar. Bu mi­we A, C wi­ta­mi­ne we sü­ýü­me baý bolup, im­mu­ni­te­ti güýç­len­dir­mek bi­len bir ha­tar­da, iş­dä­ňi aç­ýar, dü­me­we, so­wuk­la­ma gar­şy gö­reş­mä­ge kö­mek ed­ýär.