Edil adam­lar ýa­ly beý­le­ki jan­ly-jan­dar­lar hem öz ara­la­ryn­da hyz­mat­daş­lyk ed­ýär­ler. Iki ta­rap üçin hem peý­da­ly bol­ýan bu hyz­mat­daş­lyk di­ňe haý­wan­la­ryň ara­syn­da däl, eý­sem, haý­wan­lar bi­len ösüm­lik­le­riň, ösüm­lik­ler bi­len ösüm­lik­le­riň hat­da bak­te­ri­ýa­la­ryň ara­syn­da hem bo­lup geç­ýär. My­sal üçin, ary­lar we beý­le­ki mör-mö­jek­ler dür­li ösüm­lik­le­riň gül­le­ri­ne go­nup, öz­le­ri üçin ge­rek bo­lan iý­mi­ti top­la­ýar. Ösüm­lik­ler bol­sa ary­la­ryň gül­den-gü­le geç­me­gi ne­ti­je­sin­de has köp mi­we ýa-da to­hum ber­ýär. Üns be­ren bol­sa­ňyz, oba ba­ra­ny­ňyz­da syg­ryň üs­tü­ne go­nup otu­ran guş­la­ry gö­ren­si­ňiz. Guş­lar ma­lyň de­ri­sin­dä­ki gur­çu­gy ýa-da ony bi­ma­za ed­ýän mör-mö­jek­le­ri iý­ýär. Guş gar­ny­ny do­ýur­ýar, sy­gyr bol­sa, özü­ni gü­nü­ne goý­ma­ýan mör-mö­jek­ler­den ha­las bol­ýar. Bu ýag­daý ýa­ba­ny te­bi­gat­da hem duş gel­ýär. Te­le­wi­zor­da ýa­ba­ny te­bi­gat bi­len bag­ly gep­le­şik­le­re to­ma­şa eden bol­sa­ňyz, ýol­bar­syň, pi­liň, ke­ýi­giň üs­tün­de gork­man gez­me­läp ýö­ren guş­la­ry hem gö­ren­si­ňiz. Dür­li or­ga­nizm­le­riň ara­syn­da­ky bu gat­na­şy­ga ylym­da mu­tua­lizm di­ýil­ýär. Ge­liň, mu­ňa kä­bir my­sal­lar ge­ti­re­liň!

An­ti­lo­pa we ga­ra­sar: bu iki jan­dar hem Af­ri­ka­nyň mer­ke­zi we gün­do­gar se­bit­le­rin­de ýa­şa­ýar. Ho­wa­nyň ys­sy gün­le­rin­de bu uly şah­ly jan­dar­la­ry çy­byn-çir­keý­ler bi­ma­za ed­ýär. Mör-mö­jek­ler bi­len iý­mit­len­ýän guş­lar bol­sa, onuň üs­tü­ne go­nup, hem gar­ny­ny do­ýur­ýar, hem-de özün­den ep-es­li uly hyz­mat­da­şy­ny azar ber­ýän jan­dar­lar­dan go­ra­ýar. Şeý­le gat­na­şyk beý­le­ki bir­nä­çe süý­dem­di­ri­ji jan­da­rla­ryň we guş­la­ryň ara­syn­da hem bar.

Mas­ga­ra­baz ba­ly­gy hem-de de­ňiz ane­mon­la­ry: de­ňiz ane­mon­la­ry­nyň beý­le­ki jan­ly-jan­dar­la­ra gar­şy ýi­ti uç­ly ösünt­gi­le­ri bol­ýar. Ösüm­lik özü­ni iý­mek üçin ba­ran de­ňiz jan­dar­la­ry­na «ti­ken­le­ri­ni» çüm­dür­ýär. Em­ma «Ne­mo­nyň göz­le­gin­de» mult­fil­mi­niň baş gah­ry­ma­ny bo­lan mas­ga­ra­baz ba­ly­gy­na deg­me­ýär. Se­bä­bi bu ba­ly­jak de­ňiz ane­mon­la­ry­na ze­per ýe­tir­ýän zy­ýan­ be­ri­ji­le­ri iý­ýär. Şeý­le­lik­de, ba­ly­jak bu ösüm­li­giň ara­syn­da giz­le­nip, güýç­li duş­man­la­ryn­dan go­ran­ýar.

Aku­la we re­mo­ra: Süňk­li ba­ly­gyň bir gör­nü­şi bo­lan re­mo­ra­la­ryň uzyn­ly­gy bir metr­den geç­ýär. Bu jan­dar­lar, köp­lenç, aku­la­la­ryň gap­da­lyn­da, olar bi­len bi­le­lik­de ýüz­ýär. Re­mo­ra aku­la­nyň de­ri­sin­e ýa­py­şan zat­lar bi­len iý­mit­len­ýär. Ýag­ny onuň de­ri­si­ni aras­sa­la­ýar.

 

Kro­ko­dil we mü­sür ýüw­rü­gi: dün­ýä­de kro­ko­di­li el­le­mä­ge milt edip bil­jek adam az bol­sa ge­rek. Se­bä­bi bu gor­kunç jan­dar ul­la­kan ýa­ba­ny ökü­zi ýa-da ke­ýi­gi güýç­li ag­zy bi­len çe­kip, su­wa gark edip bil­ýär. Tu­tan awu­ny çeý­ne­män, go­pa­ran ýe­rin­den ýu­wud­ýar. Em­ma mü­sür ýüw­rü­gi at­ly guş­ja­gaz onuň ag­zy­na gi­rip, ýi­ti diş­le­ri­niň ara­syn­da gez­ýär. Köp­lenç, kro­ko­dil ys­sy ho­wa­da ag­zy­ny açyp ýat­ýar. Bu guş­ja­gaz bol­sa, onuň ag­zy­na gi­rip, di­şi­niň ara­syn­da ga­lan iý­mit bö­le­jik­le­ri­ni iý­ýär. Şeý­le­lik bi­len, guş­ja­gaz gar­ny­ny do­ýur­ýar, kro­ko­dil bol­sa di­şi­ni aras­sa­la­ýar. Şeý­dip, iki­si-de bi­rek-bi­re­ge kö­mek ed­ýär.