Türkmen halk aýdym-sazlary asyrlarboýy nesilden-nesle geçip, barha ösüp, kämilleşip gelipdir. Türkmen nusgawy şahyrlarynyň naýbaşy eserleriniň biziň günlerimize çenli gelip ýetmegine bagşylarymyzyň uly hyzmatynyň bolandygy jedelsizdir. Türkmenleriň geçmişde Balkan welaýatynda ýomut-gökleň ýolunyň düýbüni tutan Çarykly, Gyr bagşy, Sörtük Gyzyl, Garadäli gökleň, Aly Seýit, Annameňli Sakgar, Wejan kör, Oraz (Orazsähet), Gurby bagşy, Söýün bagşy, Hojanepes Çowdur, Hudaýberdi bagşy, Hanmämmet Allanur ogly, Gurbanýaz gyjakçy, Saparmämmet, Mämmetweli, Çörli bagşy, Rejepmyrat Nepes ogly ýaly biri-birinden görnükli, joşgunly bagşy-sazandalary bolupdyr. Asyl köki bir bolan halk aýdym-sazlarymyz bäş welaýatda hem özüniň aýratynlyklary bilen tapawutlanýar. Şol ýollaryň biri-de ýomut-gökleň bagşyçylyk ýoludyr. Beýiklerden tälim alan bagşyçylyk senediniň bu ýoluny dowam etmegine uly goşant goşan ussatlar Türkmenistanyň halk artisti Nurberdi Gulow, Türkmenistanyň halk bagşysy Aşyrmämmet Dawudow, Türkmenistanyň halk bagşysy Döwletgeldi Ökdürow, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Nurmuhammet Garlyýew, halypa bagşy Molla Çäkliýew, Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Wary Aýjanow, Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Akmämmet Nurmämmedow, Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Aşyr Gurbanow, bagşylar Aşyr Annadurdyýew, Nurýagdy Zypdalyýew dagyny agzamak bolar.
«Magtymguly, sözlerim saza goşsaň uz bolar» diýşi ýaly, şahyryň sözlerine aýdym aýtmaýan bagşy ýokdur. Şahyryň umman ýaly giň we çuň, köptaraply, ideýa-mazmuna baý döredijiligine türkmen halkynyň däbine, dessuryna, ruhy ýörelgesine öwrülen, halallyk, agzybirlik, ahlaklylyk, edeplilik, adyllyk, pespällik baradaky nesihatlara ýugrulan goşgulary esasy orny eýeleýär. Onuň goşgulary türkmen bagşylarynyň aýdýan aýdymlarynyň hamyrmaýasydyr. Şolaryň käbirleriniň döredijiligine ser salalyň.
Türkmenistanyň halk artisti Nurberdi Gulow Magtymguly Pyragynyň sözlerine köp aýdym aýdypdyr. Şahyryň «Dag saýar», «Sil biläni», «Soňudagy», «Aýa döndi», «Ýoldaş bolan», «Läle getirmiş», «Duman gitmezmiş», «Mätäç eýleme» ýaly goşgularyny aňyrdan gelýän halk heňlerine salyp, uz aýdymlara öwrüpdir.
Türkmen bagşyçylyk sungatynyň ýomut-gökleň ýerine ýetirijilik ugrunda özboluşly yz goýan bagşylaryň ýene biri hem Türkmenistanyň halk bagşysy Aşyrmämmet Dawudowdyr. Ol şahyryň goşgularyna aýdan «Keçdir ýaranlar», «Ýar olmagyn», «Dert iňňildär», «Sil galmaz», «Ýat bolar», «Läş üstüne», «Meýdan ýoluksa», «Ozan geler», «Nowruzdan seni», «Ýekäniň», «Näbilsin», «Dagy bäş», «Muhammet», «Bady-sabany görsem», «Kepderi», «Solan ýalydyr», «Görüm-görülmegen ýerde», «Byragyň», «Ýigitlik çagy», «Ýagşydyr», «Bellidir» ýaly aýdymlary halk heňlerine salyp, uz aýdymlara öwrüpdir.
Türkmenistanyň halk bagşysy Döwletgeldi Ökdürowyň hemme aýdan aýdymlaryny ylmy nukdaýnazardan seljermesi bar eken. Muňa bagşynyň Kerim Gurbannepesowyň sözlerine «Pyragyny gören daglar», Magtymguly Pyragynyň sözlerine «Gözellerden zyýada», «Don gerek», «Durasyň geler», «Aýryldym», «Istemen», «Gidiji bolma», «Kyly-kal bolar», «Pygan eglenmez», «Gitmezmiş» ýaly aýdymlaryny mysal getirmek bolar. Halypa bagşy türkmen halkynyň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň gymmatly setirlerini halkymyza wagyz edip şu günlere miras goýupdyr.
Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Nurmuhammet Garlyýew Magtymguly Pyragynyň sözlerine «Ýaranlar», «Boýlaryňa», «Halyma meniň», «Gülgüzar oýnaşar», «Halyňa» ýaly şirin-şeker aýdymlary aýdypdyr we soňky nesillere nusgalyk goýupdyr.
Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Wary Aýjanowyň Magtymguly Pyragynyň sözlerine aýdan «Il ýagşy», «Kim biler», «Galmady», «Atça bolmaz», «At galmady», «Uçar gider», «Soňudagy» ýaly aýdymlary halkymyzyň söýüp diňleýän aýdymlarydyr.
Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Akmämmet Nurmämmedowyň Magtymguly Pyragynyň sözlerine aýdan «Aýa döndi», «Baglar heý», «Don gerek», «Soňudagy», «Söwüş bile», «Sil galmaz» ýaly aýdymlary radioýaýlymlarda häli-şindi ýaňlanyp, soňky nesiller üçin özboluşly nusga bolup durýar.
Halypa bagşy Molla Çäkliýewiň hem Pyragynyň sözlerine aýdan «Turgul diýdiler (düýş)», «Bady-sabany görsem», «Sarp eýleýir aşyny», «Amana geler», «Ýekäniň», «Läle getirmiş», «Daş döker» ýaly aýdymlaryny görkezmek bolar.
Halypalaryň miras goýup giden ýoluny döwürdeş bagşy-sazandalarymyz içgin öwrenip, asyl akabany döredijilikli dowam etdirýärler. Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Ýegendurdy Nejepow, Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Ahmet Mededow, Türkmenistanyň at gazanan artisti Aýtäç Dawudowa, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Gulmergen Gulow, bagşylar Tagandurdy Mämmedow, Güýçberdi Bendow, Hoja Bugraýew, Hydyrmämmet Orazgulyýew ýaly bagşylar halypalaryň yzyny dowam etdirijiler bolup, häzirki günlerimizde ýaşlara halypalyk edýärler.
Ogulşat Bugraýewa,
Balkanabat şäherindäki 24-nji orta mekdebiň aýdym-saz mugallymy.