Duz aşhananyň aýrylmaz bir bölegi bolup, nahara datly tagam berýär. Aşpezçilik sungatynda belli-belli duzuň ulanylýandygyna garamazdan, dünýäde şor iýmitiň birnäçe görnüşi bar. Muňa gazylyp alnan adaty duz, deňiz duzy, ýodlanan duz, gülgün duz, Gimalaý duzy we iri duz ýaly görnüşleri mysal getirmek bolar. Bu duzlar nä derejede biri-birine meňzeýär? Haýsyny ulanmak ýerlikli we möhüm? Geliň, duzuň görnüşleri we häsiýetli aýratynlygy bilen tanşalyň!
Ýodlanan duz. Duzuň suwdan we gazylyp alynýan bu görnüşi senagatda gaýtadan işlenip, ýod bilen baýlaşdyrylýar. «Stol duzy» hem diýilýän bu görnüş adam bedenindäki käbir ýetmezlikleriň öňüni almaga ýardam edýär. Ortaça ulanylanda peýdaly hasaplanýan ýodlanan duz ýürek saglygyny goraýar. Çalt ereýändigi sebäpli ýodlanan duzy çorba we işdäaçara goşmak maslahat berilýär. Şeýle hem kiçijik bölejiklerden ybarat bolan bu duz dürli reseptlerde ulanylyp bilner.
Iri duz. Duzuň bu görnüşi tebigy ýagdaýda ýüze çykýan mineral bolup, asyrlarboýy et tagtany arassalamakda ulanylyp gelnipdir. Iri duz ýoduň deregine natriý hloridini öz içine alýandygy sebäpli, ýodlanmadyk duzlar toparyna degişlidir. Iri duzuň ulanylyşy seýrek bolup, et çapylan tagtanyň üstüne sepilýär, täze soýlan malyň derisi duzlanýar. Şeýle hem uly bölek ete, balyga sepilip, Güne kakatmak üçin ulanylýar. Duzuň bu görnüşi nahar taýýarlamakda hem ulanylýar. Iri duzuň tagamynyň ýitiligi hem-de kän işlenmändigi sebäpli, ulanylanda ünsli bolmaly. Duzuň bu görnüşi yzygiderli ulanylanda saglyk üçin zyýanly bolup, bogunlarda, bedeniň içki agzalarynda duz ýygnanmagyna getirmegi mümkin. Şol sebäpli iri duzy yzygiderli peýdalanmakdan saklanmaly.
Deňiz duzy. Iri duz bilen deňiz duzunyň ikisiniň bir zatdygy barada aýdylýandygyna garamazdan, bu garaýyş dogry däl. Iki görnüş hem iri däneli bolansoň, olary tapawutlandyrmak biraz kynçylylyk döredýär. Iri duzdan tapawutlylykda deňiz duzunda ýod saklanýar. Iň täsin aýratynlygy hem deňiz duzunyň reňki ak däl-de, gülgün bolýar. Nahar bişirilende hem duzuň bu görnüşini ulanyp bolar. Ýöne muňa garamazdan, ýakymly ysly deňiz duzuny işdäaçarlara, içimliklere goşmak maslahat berilýär. Deňiz duzy gök önümlerden taýýarlanýan tagamlara goşulanda has-da lezzetli bolýar.
Gimalaý duzy. Iýmiti uzak wagtlap zaýalaman saklamak üçin asyrlarboýy duz ulanylyp gelnipdir. Ýodlanan duza meňzeş Gimalaý duzy kristal bölejiklerden we minerallardan düzülýändigi sebäpli munuň üçin iň gowusy hasaplanýar. Garyň we ýagşyň uzak wagtlap saklanmagy bilen gaýalaryň ýüzünde emele gelýän mineral çökündini naharlarda ulanmak hem maslahat berilýär.
Biri-biriniň ýerine ulanyp bolýarmy?
Iri duz we ýodlanan duz, adatça çalşyrylyp ulanylýar. Iri duz ýodlanan duza görä kyn ereýändigi sebäpli, uzak wagtlap gaýnadylýan suwuk naharlara goşmak ýerlikli hasaplanýar. Ýodlanan duzy çörek önümlerine, gurak naharlara goşup bilersiňiz. Etdir balyk iri duz bilen duzlananda turşulygy ýuwaş-ýuwaşdan özüne çekip, has tagamly bolýar. Duzuň islendik görnüşi öz ýerinde kadaly ulanylanda adama zyýansyz bolýar.
Lukmanlar senagat taýdan işlenmedik duzy ulanmagyň saglyk üçin zyýanlydygyny aýdýarlar. Şeýle hem nahardyr işdäaçara duzy ortaça atmagyň bedende artykmaç duz ýygnanmagynyň öňüni almaga ýardam edýändigini belleýärler. Aşhanada ulanylýan nahar duzuny agzy gapakly aýna gapda saklamagyň möhümdigini unutmaň!