Gyş paslynda ýagşyň ýa-da garyň köp ýagyp, howanyň aşa sowamagy bilen buz gatlaklary emele gelýär. Ýollary hem buz gatlagynyň tutmagy, pyýadalaryň we ulaglaryň hereketine päsgelçilik döredýär. Köçelerdäki buz gatlagyny eretmek üçin irki ýyllardan bäri «ýollary duzlamak» usulyndan peýdalanylýar. Eýsem, duz buzy nädip eredýär?
Düzümindäki minerallara baglylykda gar 0-dan -48 dereje aralykda doňýar. Şeýle ýagdaýda gardaky molekulalaryň arasyndaky wodorod baglanyşygy güýçlenýär. Netijede, molekulalar kristal gurluşa geçip, buz gatlagyny emele getirýär. Natriý hloridi (NaCl) howanyň derejesi -32-den pes bolanda buzuň eremegine täsir edýär. Köçelere sepilen duz buza aralaşyp, natriý we hlorid ionlaryna bölünýär. Ionlar wodorod baglanyşygyny gowşadyp, buzuň eremegine sebäp bolýar. Howa -15 derejeden pes bolanda duz buzy has çalt eredýär. Aşa sowukda düzüminde magniý hloridi (MgCl2) ýa-da kalsiý hloridi (CaCl2) bolan duz görnüşlerini ulanmak maslahat berilýär. MgCl2, CaCl2 3 iondan, NaCl bolsa 2 iondan durýar. Duzdaky ionlar näçe köp boldugyça, buza täsir edişi hem şonça güýçlenýär.