Hekaýa
Mahmud Teýmur, müsürli ýazyjy
Muhammet Naji beg Abdallah «Al-Azhar» okuw mekdebiniň golaýynda ýaşaýardy. Uly mülke eýe bolan bu adamyň girdejileri batyrgaý arzuwlardan-da has ýokardady. Naji begiň aýlyk girdejisi ýüzlerçe müsür funtuna barabar bolup, durmuşda zeýrenere bahanasy ýokdy. Kyrk sekiz ýaşly bu adamyň saç-sakgalyna ýaňy ak giripdi. Egni gara penjekli, başy gyzyl tarbuşly begiň diňe başlangyç bilimi bolup, mekdebi gutarandygy baradaky şahadatnamasy hem ýokdy. Naji beg belli bir ýaşa baransoň, bilim almandygyna gaty gynandy, ýöne umytdan düşmän, bir zatlar öwrenmegi ýüregine düwdi. Ol nepagadaky professor Şeýh Mabruk al-Hizamiden sapak almaly diýen karara gelip, ep-esli töleg bilen ondan ylym-bilim öwrendi. Naji beg ylym-bilime yhlasly ýapyşsa-da, alan galasy bolmady. Ýöne bu ugurda edýän tagallalaryny bilýän dostlary «alym» diýip ýüzlenenlerinde, bu oňa ýaraman hem duranokdy.
Naji beg aýratyn-da gadymy syýahatlar baradaky kitaplary okamagy halaýardy. Ol munuň üçin ýokary okuw mekdebiniň golaýyndaky okalga gatnaýardy. Bu okalga ylmy ugurda şowsuzlyga uçran öňki talybyň eýeçiligindedi. Naji beg bu ýerde wagtyny gowy geçirýärdi. Köne, çygly jaýda ýerleşýän okalgadaky kese oturgyçlaryň üstüne köne haly parçalary oklanandy. Okalgada çeper kitaplar bilen birlikde, talyplara niýetlenen gollanmalar hem bardy.
Naji beg agraslyk bilen işikden ätläp, okalganyň eýesi şeýh Salam bilen saglyk-amanlyk soraşandan soň, hemişeki oturýan ýerine geçip:
– Hany, onda maňa bir çaşka kofe bilen bir bulgur sowuk suw äber – diýýärdi.
Bu gezek hem okalganyň hojaýyny hemişeki müşderisiniň haýyşyny ýerine ýetirmäge gyssandy. Naji beg indi bäş ýyl bäri islendik howada – tomsuň jokrama yssysynda-da, gyşyň aňzak sowugynda-da islegini üýtgetmeýärdi. Soň bolsa ardynjyrap, ikinji haýyşyny dile getirýärdi.
– Kitaplary-da getirsene, şeýh Salam!
Şeýh Salam onuň öňünde üç sany galyň kitap getirip goýdy: «Müň bir gije», «Ibn Battutanyň syýahaty» hem-de «Hindistanyň täsinlikleri». Bu kitaplary ürç edip okaýan Naji beg kofesini we suwuny owurtlap oturyşyna aram-aram:
– Täsin ýerler eken – diýip seslenýärdi.
Köp wagt geçmänkä Naji begiň dosty kätip Bistawisi hem işikden ätledi. Ol Naji begiň egnine kakyp, salamlaşdy-da, uzyn oturgyjyň bir künjüne geçip, täze çykan gazetlere güýmendi.
Naji beg kitapdan ýüzüni galdyryp, uludan dem aldy-da:
– Käşgä, bagtyma Hindi ummanynyň adalaryna, Hindistana, Eýrana baryp görmek maňa-da miýesser etse – diýdi.
– Be-e, jenap, syýahat edäýsem diýýäňizmi? – diýip, dosty başyny galdyrdy.
– Hawa, şeýh Bistawisi, ýöne ejem sebäpli saklanmaly bolýan-da. Ol indi garrady, ýarawsyz, bu ýagdaýda ony taşlap gidip biljek däl. Men irki arap jahankeşdeleriniň baryp gören täsin ýurtlaryna syýahat etmekçi bolýan.
– Nähili gowy pikir.
– Ol aýdýanyň dogry, ýöne men bu ýagdaýda ejemi goýup gidip bilemok-da.
Şeýdip, aý-günler geçip gitdi. Naji begiň durmuşynda şol birmeňzeş günler dowam edýärdi. Ol wagt tapsa şeýh Salamyň okalgasyna gatnap, kitap okaýardy, dosty bilen ondan-mundan gürrüň edýärdi. Günleriň bir güni Naji begiň ejesi segsen sekiz ýaşynyň içinde aradan çykdy. Indi ol kän öýden çykmaýardy, diňe käwagt ejesiniň aram tapan ýerine baryp doga edip gaýdýardy. Emma birnäçe wagtdan soň, adaty durmuşa gaýdyp gelip, ýene-de okalga gatnap başlady.
Ol öňki kitaplaryny, kofedir suwuny sargyt edensoň, şol bir oturýan ýerine geçip ornaşdy. Şeýh Salam okaýan eserlerini onuň öňüne süýşürensoň, Naji beg ýene-de Sindbad deňizçi baradaky hekaýatyň üstüne egildi. Şol wagt dosty Bistawisi hem gapydan girdi. Naji beg kitapdan kellesini galdyrdy-da, bir zat ýadyna düşen ýaly, ardynjyrap ynamly äheňde şeýle diýdi:
– Dostlarym, men size öz gelen gutarnykly kararym barada aýtmakçy, biz basym, biri-birimizden uzak wagtlap jyda düşeris. Sebäbi men syýahata ugramakçy.
Şeýh Salam:
– Jenap, siz syýahatyňyzy gaty çynyrgatmakçy öýdýän? – diýip, gülümsiredi.
Olaryň geň galmagy Naji begiň tekepbirligini has-da artdyrdy.
– Men, hakykatdan hem, Hindi ummanynyň adalaryna, Eýrana we Hindistana syýahat etmekçi.
– Jenap, bu gelen netijäňiz gutarnyklymy ýa-da ýöne bir arzuwmy? – diýip Bistawisi ýylgyrdy.
Ör-gökden gelen Naji beg ýerinden laňňa galdy-da, torbasyny dörüşdirip, ondan haýsydyr bir resminamany çykaryp, stoluň üstüne oklady:
– Ine, gardaşlar, ynanmasaňyz. Eýsem, bu daşary ýurda gitmek üçin niýetlenen pasport dälmi? Ertir men professor Mabruk al-Hizami bilen hoşlaşmakçy, birigün bolsa Suese ugraýaryn.
Şeýh Salam gaty gynanýan äheňde:
– Suesde uzak wagtlap eglenmekçimi? – diýip, sorady.
– Ýok, bir hepde töweregi, öňde boljak syýahatym bilen baglanyşykly iş bilen.
Kätip Bistawisi uludan dem aldy-da:
– Gardaş, bize senden aýra düşmek birbada ýeňil-ä düşmez. Saňa gaty öwrenişipdiris – diýdi.
Naji beg haýbat bilen döşüni gaýşartdy-da:
– Meniň syýahatym azyndan iki ýyl dagy dowam etse gerek – diýip, mys-mys güldi.
Ertesi gün Naji beg professor Şeýh Mabruk al-Hizami bilen hoşlaşmaga gitdi. Professor bilen onuň arasynda täsirli gürrüňdeşlik bolup, ol Naji bege syýahaty üçin zerur maslahatlary berdi.
Dört günden soň Bistawisi okalga gelende, Naji begiň hemişeki ýaly öňki ýerinde oturanyny görüp, gözlerine ynanman, allaniçiksi boldy. Begiň öňünde bolsa, hemişe okaýan kitaplary durdy. Aňk-taňk bolup, doňup galan Bistawisi:
– Gardaş, men-ä siz eýýäm Suesdesiňiz öýtdüm – diýdi.
Naji beg oňa müýnürgemän seretdi-de, mylaýymlyk bilen şeýle diýdi:
– Dogrusy, maşgala ýagdaýym sebäpli syýahaty iki hepde yza süýşürmeli boldum. Ýene-de iki hepdeden iňlis-gündogar gämi kompaniýasyna degişli «Aziýa» gämisi bilen ýola düşmekçi.
***
«Aziýa» gämisi 1920-nji ýylyň 14-nji maýynda Sues kanaly arkaly Hindistana tarap ugur aldy.
Üç aý geçdi… Şeýh Salamyň okalgasynda Naji beg hemişe bolşy ýaly, öz ýerinde oturyp, Sindbad deňizçi baradaky hekaýaty okaýardy. Ol wagtal-wagtal öz ýanyndan:
– Bä, täsin ýerler eken – diýip, başyny ýaýkaýardy.
Ýanynda oturan dosty Bistawisi hem onuň aýdanlaryny makullaýardy.
Birden Naji beg başyny galdyryp:
– Käşgä, men şol ýerlere baryp görsedim – diýdi.
– Aý-how, siz üç aý mundan ozal syýahata gitmekçidiňiz, ýöne ony özüňiz yza süýşürip gelýäňiz ahyryn – diýip, Bistawisi soragly nazaryny Naji bege dikdi.
Naji beg uludan demini alyp:
– Wah, owal başda ejem syrkaw boldy, men ony goýup gidip bilemokdym. Häzirki wagtda bolsa…
Ol köp gürläp ýadan ýaly dymdy. Biraz wagt geçensoň, hamala diýersiň, uzak zähmetden surnugan ýaly sakawlap şeýle diýdi:
– Şu mahal bolsa, meniň işim kän… Kärende töleglerini ýygnamaly… Işim köp, örän işim köp. Mülküme seretmesem, dargap barýar-a…
Ol biraz dymdy-da, sözüniň üstüni ýetirdi:
– Ýöne men iru-giç syýahata giderin. Hindi ummanynyň adalaryna, Eýrana, Hindistana hökman baryp görerin. Elbetde, özünde ummasyz täsin syrlary saklaýan näbelli ýerleri öwrenerin, bularyň hemmesini ýakyn wagtda amala aşyraryn…
Rus dilinden terjime eden Şadurdy SADYKOW,
Etrek etrabynyň Magtymguly adyndaky 4-nji orta mekdebiniň mugallymy.