Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan parahatsöýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we giň özara hyzmatdaşlyk syýasatyny amala aşyrmak esasynda dünýä döwletleri bilen netijeli gatnaşyklaryny ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda abraýly sebit we halkara guramalaryň çäklerinde üstünlikli ösdürýär. Döwletimiz Garaşsyzlygyna eýe bolandan soňra, türkmen diplomatiýasynyň täze döwri başlandy. Türkmenistan häzirki wagta çenli 153 döwlet bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýup, halkara guramalaryň birnäçesinde wekilçiligi alyp barýar. Şeýle hem ýurdumyzyň daşary ýurtlarda hereket edýän diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyklarynyň 41-si, şonuň ýaly-da, ýurdumyzda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalardyr konsullyklaryň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň 46-sy ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda umumy maksada gönükdirilen işleri alyp barýar. Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm bölegine öwrülen dünýä giňişliginde we sebitde dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny, özara peýdaly hyzmatdaşlygy üpjün etmek halkymyzyň milli ýörelgelerinden gözbaş alýar. Şol gatnaşyklarda Türkiýe Respublikasyna aýratyn ähmiýet berilýär. Türkiýe bilen biziň döwletimizi köp umumylyklar birleşdirýär. Garaşsyz Türkmenistanyň ygtybarly hyzmatdaşyna öwrülen bu doganlyk ýurt özüniň ägirt uly söwda, ykdysady, senagat, syýahatçylyk we üstaşyr-ulag kommunikasiýa mümkinçiliklerine eýedir. Daşary ýurtlar bilen alnyp barylýan ykdysady gatnaşyklaryň çäginde işjeň maýa goýum syýasatyna aýratyn orun degişlidir. Bu babatda hem Türkiýe bilen Türkmenistanyň gatnaşyklary ýokary derejelere çykarylandyr. Häzirki wagtda biziň ýurdumyzda birnäçe türk kompaniýalary işleýär. Dünýä belli «Rönesans», «Çalyk Holding» ýaly iri türk kompaniýalarynyň gatnaşmagynda ýurdumyzda müňlerçe önümçilik we medeni durmuş maksatly desgalar gurlup ulanylmaga berildi. Türkmenistanda we Türkiýe Respublikasynda halkara sergiler hem-de işewür maslahatlar yzygiderli geçirilýär. Şunuň ýaly möhüm çäreleri geçirmek iki ýurduň arasynda asylly däbe öwrüldi.
Hormatly Prezidentimiziň geçen ýylyň oktýabr aýynda Türkiýe Respublikasyna amala aşyran resmi sapary hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň üçünji Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşmak maksady bilen Türkiýe Respublikasyna amala aşyran iş sapary döwletara gatnaşyklarynda täze sahypalary açdy. Gahryman Arkadagymyzyň bu sapary iki ýurduň arasynda ýangyç-energetika pudagyndaky hyzmatdaşlyga aýratyn itergi berdi. Türkiýä türkmen elektrik energiýasyny eksport etmek, dostlukly ýurda türkmen tebigy gazyny «swap» usuly arkaly ibermek bilen baglanyşykly meselelere seredildi. Bu ugurda degişli resminamalara gol çekildi. Hususan-da, Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda uglewodorod serişdeleri babatda hyzmatdaşlyk etmek boýunça meýiller hakynda Jarnama; «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Türkiýe Respublikasynyň Energetika we tebigy serişdeler ministrliginiň arasynda tebigy gaz ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meselesi babatda özara hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama gol çekildi.
Türkmenistan we Türkiýe köpugurly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak bilen, «Bir millet – iki döwlet» ýörelgesinden ugur alýarlar. Bu bolsa ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasdaky netijeli gatnaşyklar üçin berk binýat bolup hyzmat edýär. Ykdysady hyzmatdaşlyk barada aýdylanda, ikitaraplaýyn söwda dolanyşygynyň okgunly ösdürilýändigi we onuň 2,5 milliard dollardan gowrak bolup, geljekde bu görkezijileri 5 milliard dollara çenli ýetirmäge mümkinçilik bardygy döwletara gatnaşyklarynyň geljeginiň has aýdyňdygyny görkezýär.
Häzirki döwürde iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ähmiýeti has-da artýar. Gepleşiklerde iki ýurduň haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmagyň möhümdigi bellenildi. Bu ugurda bar bolan uly mümkinçilikler, olary herekete geçirmegiň ýollary barada pikir alşyldy. Türkmen tebigy gazynyň we elektrik energiýasynyň Türkiýä iberilmeginiň meseleleri derwaýys wezipeleriň hatarynda durýar. Iki ýurduň arasynda söwdany ösdürmekde üstaşyr ýük daşamalar ulgamynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň möhüm orny tassyklanyldy. Bar bolan ulag geçelgeleriniň, hususan-da, Hazarüsti hem-de Hazar deňzi–Gara deňiz ulag geçelgeleriniň işjeňligini ýokarlandyrmagyň we täze ugurlary döretmegiň özara bähbitli boljakdygyna üns çekildi.
Şeýle-de, Gahryman Arkadagymyzyň üçünji Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşmagy hem-de bu forumyň belent münberinden halkara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy barada çykyş etmegi dünýä jemgyýetçiliginde uly seslenme döretdi. Gahryman Arkadagymyzyň dünýä jemgyýetçiliginde syýasy howpsuzlygy, durnuklylygy, ykdysady ösüşi gazanmak ugrundaky tagallalary birleşdirmegiň zerurdygy bilen bagly çykyşy uly gyzyklanma döretdi.
Gahryman Arkadagymyz parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty ugur edinen ýurdumyzyň Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak, Bitaraplygyň we öňüni alyş diplomatiýasynyň mümkinçiliklerinden ýerlikli peýdalanmak, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek, pes uglerodly energetika geçmek, dünýäde hyzmatdaşlyk etmegiň täze nusgalaryny döretmek, ulag baglanyşygyny kämilleşdirmek, inklýuziw ulag ulgamyny kemala getirmek, ekologiýa ugurly hyzmatdaşlygy berkitmek babatda düýpli pikirleri we garaýyşlary beýan etdi.
Dünýä ÝEGENMYRADOWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.