Tebigaty öwreniji alymlar bu sowalyň jogabyny tapmak üçin uzak ýyllaryň dowamynda mör-möjekleriň ýaşaýyş aýratynlygyny öwrendiler. Netijelere görä, mör-möjekler adatça, 5 müň metr belentlikden aşakda ýaşaýarlar. Şeýle-de bolsa, käbir mör-möjege has ýokary belentlikde hem duş gelmek bolýar. Alymlar 5 müň metr belentlikden ýokarda duş gelýän kiçijik uçujylaryň şemalyň, howa akymynyň täsiri bilen ýokary çykýandygyny aýdýarlar. Bu ýagdaý wagtlaýyn bolup, janly-jandarlaryň has ýokary belentlikde ýaşamagy üçin amatly şertler (howa, iýmit) azalýar.
Mör-möjekler barada gyzykly maglumatlar
Gara meneklije, sarymtyl ýa-da gyzyl reňkli tomzajyklar bolan kekeneleriň tropik howaly ýerlerde gök we ýaşyl reňkli görnüşleri gabat gelýär. Bu jandarlar oba hojalygyna zyýan beriji mör-möjekleri iýýärler.
Teneçirleriň, esasan, iki görnüşi bolup, olaryň biriniň ganatlary uçmaýan wagty açyk, beýlekisiniňki bolsa biri-birine degip durýar. Teneçirler dört ganaty bolan seýrek duş gelýän mör-möjek hasaplanýar.
Arylar we beýleki mör-möjekler bal ýygnamak üçin güllere gonanlarynda olaryň tozgalanmagyna hem ýardam berýärler.
Möýüň kerebi polatdan bäş esse berk bolýar.
Käbir mör-möjekler dürli maksatlar bilen kosmos giňişligine iberilýär.
Mör-möjekleriň suwuň ýüzünde ýöräp bilýän görnüşleri hem bar.
Güýeler biri-biriniň ysyny 1,5 kilometr uzaklykdan alyp bilýärler.
Teneçirler ähli tarapy görüp bilýärler.
Çekirtgeler göwresiniň 20 esse uzynlygyna böküp bilýärler. Ýagny çekirtge bir gezekde 2 metre çenli aralyga böküp bilýär.