Her pasyl özüne mahsus howa şertleri bilen tapawutlanýar. Howanyň üýtgemegi tebigata täsirini ýetirýär. Güýzde howa, köplenç, maýyl bolsa-da, bir günüň dowamynda howa birden 10-15 dereje peselip bilýär. Howanyň temperaturasy bir gün 30 dereje bolsa, ertesi 18 derejä düşýär. Güýzde dürli ösümlikleriň, şol sanda agaçlaryň hem ýapraklary dökülýär. Çagalar ýere gaçan sary ýapraklary depdere ýelimläp, dürli şekilleri ýasaýarlar. Adamlaryň käbiri bolsa ýapraklary ýygnap, olardan gerbariý ýasaýar. Güýz ösümlikleriň «gyş ukusyna» taýýarlanýan döwri hasaplanýar. Muňa garamazdan käbir ösümlikler gyşyn-ýazyn gök öwsüp oturýar. Käbir ösümlik bolsa güýzüne, hatda gyşyna hem gül açýar. Geliň, güýzde gül açýan ösümlikleriň käbiri bilen tanyş bolalyň!
Ýapon kameliýasy. Gyrymsy agaç hasaplanýan bu ösümlik tomsuň ahyrynda gülläp başlaýar. Ýaponiýada, Hytaýyň, Taýwanyň we Koreýa Respublikasynyň käbir sebitlerinde tebigy ýagdaýda ösýän kameliýa gyzyl, gülgüne, sary we ak gül açýar. Kameliýalaryň güli bägüle meňzeş bolýar. Deňiz derejesinden 300-1000 metr belentlikdäki gür tokaýlarda duş gelýän bu köpýyllyk ösümlik howa şertlerine çydamlylygy bilen tapawutlanýar. Bu gül otag bezegleri üçin hem ulanylyp, gülüniň ýapraklaryndan çaý taýýarlanýar.
Bägüller. Açyk tebigatdaky baglarda hem-de öý şertlerinde ösdürilip ýetişdirilýän bägülleriň örän köp görnüşi bar. Ýakymly ysy bilen tapawutlanýan bägülüň gül ýapraklary kosmetika we azyk senagatynda giňden peýdalanylýar. Bägülüň gül ýapraklaryndan şerbet hem-de mürepbe taýýarlanýar. Owadan gülli bolmagy üçin köp ideg talap edýän bägülüň artykmaç şahalaryny, saralan ýapraklaryny wagtly-wagtynda kesip durýarlar. Bu güller güýz paslynda has owadan görünýär.
Hrizantema. Birýyllyk we köpýyllyk bolan otjumak ösümligiň ýapraklary açyk ýaşyl reňkde bolýar. Gülleri ownuk bu ösümligiň gültäji sary bolup, dürli reňkli bir hatara düzülen uzyn güllerden ybaratdyr. Aziýanyň demirgazygynda duş gelýän bu ösümligiň 42 görnüşi bar.
Astra. Köpýyllyk ösümligiň bu görnüşi hem çogdam güllüler maşgalasyna degişli bolup, gök, gülgüne we gyrmyzy gülleri bolýar. Bu gül ýyldyzlara meňzeýär. Şonuň üçinem oňa «ýyldyz» hem diýilýär. Bu gülüň 170-den gowrak görnüşi bar.
Gibiskus. Dermanlyk ösümlikleriň biri bolan gibiskus halk arasynda «ýapon bägüli» diýlip hem atlandyrylýar. «Şypa» diýmegi aňladýan gibiskus subtropik we tropik sebitlerde giňden ýaýrandyr. Ýüzlerçe görnüşi bolan bu ösümligiň ak, gülgüne, gyzyl, gök, mämişi, sary we gyzyl reňkli iri gülleri bolýar.
Ehinaseýa. Çogdam güllüler maşgalasyna degişli bolan gülgüne reňkli bu dermanlyk ösümlik Demirgazyk Amerikanyň gündogarynda we merkezinde duş gelýär. Adatça, ehinaseýa güli çygly we gurak ýerlerde, jülgelerde hem-de açyk tokaýlarda ösýär. Guraklyga çydamly köpýyllyk ösümligiň boýy 140 santimetre ýetýär. Ehinaseýa güli güýz paslynda tokaýyň bezegine öwrülýär.
Fialka. Ýabany görnüşi hem bolan bu güller güýz paslynda penjireleriň öňüni, howlulary we eýwanlary bezeýär. Howanyň duýdansyz üýtgemegine çydamly bolan bu ösümligiň güli üç reňkli bolýar – mämişi, ak we sary. Kölegäni halaýan bu gülüň boýy bary-ýogy 15 santimetre ýetýär.