Çynar agajy Çynarlar maşgalasynyň (Platanaceae) Çynar urugyna (Platanus) degişlidir. Çynar urugyna 10 görnüş degişli bolup, onuň 7 görnüşi Demirgazyk Amerikada, galan görnüşleri Ýewropada we Aziýada ösýärler. Çynarlar gyşyna ýapraklaryny düşürýän köpýyllyk uly agaçlardyr. Olaryň ýönekeý ýapraklary bolup, baldakda nobatlaýyn ýerleşýärler. Ýapraklary uly, barmak şekilli, uzyn ýaprak sapaklydyr. Çynarlar biröýli ösümlik bolup, aýrybaşga jynsly gülleri bolýar. Olaryň kiçijik güljagazlary şar görnüşli gül topbagyny emele getirýärler.

Çynarlaryň gu­ry to­hum­la­ry şar şe­kil­li mi­we top­lu­myn­da jem­le­nen­dir. Çy­nar­lar ýy­ly­ly­gy sö­ýü­ji­dir, tüs­sä we dür­li gaz­la­ra dur­nuk­ly­dyr. Şol se­bäp­li şä­her ho­wa­syn­da-da go­wy ösüp boý al­ýar­lar. Olar yz­ga­ry köp ta­lap ed­ýär­ler, top­rak­dan köp muk­dar­da su­wy ýap­rak­la­ry ar­ka­ly güýç­li bu­gard­ýar­lar. Şo­nuň üçin to­msuň jöw­za­ly ys­sy­syn­da çy­nar aga­jy­nyň kö­le­ge­si örän sal­kyn bol­ýar. Çy­nar aga­jy öz daş­ky şe­ki­li­niň owa­dan­ly­gy, iri ýap­rak­la­ry­nyň bol­ma­gy bi­len örän gel­şik­li­dir. Çy­nar­lar çalt ösüp boý al­ýar­lar. Ola­ry to­par­la­ýyn, ýe­ke­lik­de oturt­mak­lyk mas­la­hat be­ril­ýär. Olar köp­lenç bal­dak­la­ry ar­ka­ly kö­pel­dil­ýär, şeý­le hem to­hum­la­ry ar­ka­ly hem kö­pel­dip bol­ýar.
Çy­nar aga­jy­nyň Türk­me­nis­tan­da 3 gör­nü­şi ös­ýär, ola­ra Gün­do­gar çy­na­ry, Ame­ri­kan çy­na­ry we Klýon ýap­rak­ly çy­na­ry de­giş­li­dir. Şo­lar­dan ýur­du­myz­da has giň­den ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­ýä­ni Gün­do­gar çy­na­ry­dyr.
Gün­do­gar çy­na­rynyň («Pla­ta­nus orien­ta­lis») bo­ýy 40 metre sü­tü­ni­niň ýo­gyn­ly­gy 6 met­re ýet­ip, 2 müň ýy­la çen­li ýa­şap bil­ýär. Ol çalt ösüp, mart, ap­rel aý­la­ryn­da gül­le­ýär, okt­ýabr, no­ýabr aý­la­ryn­da to­hum­la­ry ýe­tiş­ýär. Bu çy­na­ry ýur­du­my­zy ba­gy-bos­san­ly­ga öwür­mek­de se­ýil­gäh­ler­de, kö­çe­le­riň ýa­ka­la­ryn­da ös­dür­mek mas­la­hat be­ril­ýär.
Uni­wer­si­te­ti­mi­ziň na­hal­ha­na­syn­da Gün­do­gar çy­na­ry­ny bal­da­jyk­la­ry ar­ka­ly kö­pel­dip, ola­ryň ösüp boý al­şy öw­re­nil­di. Çy­na­ryň otur­dyl­jak bal­da­jyk­la­ry no­ýabr aýy­nyň üçün­ji on­gün­lü­gin­de taý­ýar­lan­ma­ly. Onuň üçin azyn­dan iki ýa­şan, uzyn­ly­gy 30 santimetr bo­lan bal­da­jyk­la­ry bag gaý­çy­sy­nyň kö­me­gi bi­len ke­si­lip alyn­ýar. Bal­da­jyk­la­ryň otur­dyl­jak ýe­ri, top­ra­gy öňün­den mi­ne­ral we or­ga­ni­ki dö­kün­ler bi­len dö­kün­len­me­li, ýum­şa­dy­lyp we su­wa­ry­lyp eki­şe taý­ýar edil­me­li. Soň­ra keş­ler çe­ki­lip, o­la­ryň üs­tü­ne taý­ýar­la­ny­lan bal­da­jyk­lar top­ra­ga 20 san­ti­metr çuň­luk­da otur­dyl­ma­ly. Otur­dy­lan bal­da­jyk­la­ryň top­rak­dan ýo­ka­ry çyk­ýan bö­le­gi 10 san­ti­metr­den ar­tyk bol­ma­ly däl­dir, on­da iki, üç sa­ny pyn­tyk bol­ma­ly­dyr. Şol pyn­tyk­lar soň­lu­gy bi­len ba­har aýyn­da pu­da­ga baş­lan­gyç ber­ýär. Çy­na­ryň bal­da­jyk­la­ry­ny no­ýabr aýy­nyň ikin­ji, üçün­ji on­gün­lü­gin­de, şeý­le hem mart aýy­nyň do­wa­myn­da oturt­mak­lyk mas­la­hat be­ril­ýär. Se­bä­bi, na­hal­ha­na­myz­da ge­çi­ri­len tej­ri­be­ler şu möh­let­de otur­dy­lan bal­da­jyk­la­ryň kök uruş de­re­je­si­niň has ýo­ka­ry bo­lan­dy­gy­ny do­ly su­but et­di.
Bal­da­jyk­lar otur­dy­lan­da ola­ryň ara­sy 25-30 san­ti­metr bol­up, otur­dy­lan ba­dy­na suw be­ril­me­li­dir. Gyş aý­la­ryn­da ýa­gyn bol­ma­sa, otur­dy­lan bal­da­jyk­la­ra suw tut­mak mas­la­hat be­ril­ýär. Otur­dy­lan bal­da­jyk­laryň ala­ba­har­da pyn­tyk­la­ry­nyň göw­rü­mi ula­lyp, olar­dan ýa­şa­jyk pu­dak­lar eme­le ge­lip baş­la­ýar. Bal­da­jyk­la­ryň top­ra­ga gö­mü­len ýe­rin­den goş­ma­ça kök­ler eme­le ge­lip baş­la­ýar. Ne­ti­je­de, kök­ja­gaz­lar­da kök tüý­ja­gaz­la­ry eme­le ge­lip, olar top­rak­dan su­wy we suw­da erän mi­ne­ral mad­da­la­ry so­rup al­ýar­lar, pu­dak­da­ky ýap­rak­lar bol­sa su­wy bu­gar­dyp, ýap­rak öý­jük­le­rin­de so­ru­jy güý­ji dö­red­ýär­ler. Şeýlelik bi­len ýaş ösüm­lik­de suw çal­şy­gy ama­la aşy­ryl­ýar. Ýaş na­hal­la­ra hep­de­de bir-iki ge­zek suw tut­mak mas­la­hat be­ril­ýär, şeý­le hem keş­ler­de ösen ha­şal ot­lar wagt­ly-wag­tyn­da ota­lyp du­rul­ma­ly­dyr.
Bal­da­jyk­lar­dan ösen na­hal­lar 1-1,5 ýyl­dan soň ýe­tiş­ip, ýe­ti­şen na­hal­la­r he­mi­şe­lik oturdyl­jak ýe­ri­ne ge­çi­ril­me­li­dir. Çy­nar na­hal­la­ry­nyň amat­ly gö­çü­ril­me­li möh­le­ti no­ýabr aýy­nyň ikin­ji, üçün­ji on­gün­lü­gin­de hem-de few­ral aýy­nyň üçün­ji, mart aýy­nyň bi­rin­ji we ikin­ji on­gün­lü­gi ha­sap­la­nyl­ýar.

Eme­tyl­la Ha­bi­bul­la­ýew,
S. A. Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba
ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň Eko­lo­gi­ýa
ka­fed­ra­sy­nyň uly mu­gal­ly­my.