Ykdysadyýetiň beýleki pudaklary bilen bir hatarda bank ulgamynda hem sanly ykdysadyýete geçmek üstünlikli alnyp barylýar. Bank işleriniň sanlylaşdyrylmagy diňe bir müşderilere edilýän hyzmatlaryň möçberlerini artdyrmak bilen çäklenmän, eýsem, olaryň hilini ýokarlandyrmaga we munuň üçin sarp edilýän wagty gysgaltmaga mümkinçilik berýär. Şol bir wagtyň özünde banklara pul akymlaryna gözegçilik etmäge we degişli çözgütleri kabul etmäge şert döredýär.
Raýatlarymyza hödürlenilýän bank kartlary nagt däl görnüşde hasaplaşyklary geçirmegiň döwrebap töleg guraly bolup, jemgyýetimize giňden ornaşandygyny bellemeli. Häzirki wagtda ýurdumyzyň çäginde «Altyn asyr», «Millikart», «Maşgala kart», «Goýum bank karty», «Owerdraft karty», şeýle hem halkara «VISA» we «MasterCard» bank kartlaryny peýdalanmak arkaly hasaplaşyklaryň ähli görnüşlerini ýerine ýetirmek üçin giň mümkinçilik döredildi.
Mundan başga-da, ilatyň erkin pul serişdelerini netijeli peýdalanmaklary we olaryň girdejilerini artdyrmaklary üçin depozit bank karty möhüm gural bolup hyzmat edýär. Ol töleg terminallarynyň, «Internet-bank» we «Mobil-bank» hyzmatlarynyň kömegi arkaly nagt däl hasaplaşyklary geçirmäge, goýumlaryň galan möçberlerini we internetiň üsti bilen gönükdirilen goýumlary kesgitlemäge mümkinçilik berýär.
Şunuň bilen baglylykda, 2020-nji ýylyň 1-nji dekabrdaky ýagdaýyna görä, ýurdumyzyň kart ulgamynda hasaba alnan bank kartlarynyň sany 4426,16 müňe ýetdi, töleg terminallarynyň sany 38 müňden gowrak boldy. Mundan başga-da, söwda we hyzmatlar ulgamynda nagt däl hasaplaşyklary döwrüň ýagdaýyna laýyklykda ýola goýmak maksady bilen, «Elektron täjirçilik» hyzmatlaryny girizmek boýunça ulgamlaýyn işler dowam edýär. Şeýle hem ýurdumyzyň karz edaralary «Сash baсk» hyzmatyny gurady. Ol söwda we hyzmatlar ugry boýunça kesgitli müşderiler toparyna niýetlenendir.
Bank ulgamyna sanly ykdysadyýetiň ösdürilmeginiň baş maksadynyň işiň has çylşyrymly görnüşlerini awtomatlaşdyrmakdan, maliýe-ykdysady ulgamyň işiniň tizligini ýokarlandyrmakdan, hyzmatlaryň möçberlerini we onuň netijeliligini hem-de hilini artdyrmakdan ybaratdyr. Munuň özi milli manadymyzyň ykdysadyýetdäki dolanyşygyny gowulandyrýar we dolanyşygyň çalt amala aşyrylmagy netijesinde ykdysadyýetde täze önümçilikleriň artmagyny şertlendirýär.
Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň banklarynyň öňünde geljekde raýatlaryň pul serişdelerini çekmek boýunça ägirt uly wezipeler durýar. Munuň özi islendik ýurduň milli ykdysadyýetiniň ösüşinde möhüm orun eýeleýär. Çünki bank goýumlary maliýe goraglylygyny döredýär we halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyny üpjün edýär. Şunuň bilen baglylykda, ilatyň öz pul serişdelerini dürs ulanmaklaryny üpjün etmek, olaryň maliýe sowatlylygyny ýokarlandyrmak boýunça zerur çäreler geçirilýär. Bu bolsa banklara jogapkärçiligi we mümkinçiligi ýokary bolan goýumçylary çekmäge we bu ugurdaky töwekgelçilikleri peseltmäge mümkinçilik berýär.
Pudagyň hünärmenleri hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryny ýerine ýetirmek arkaly goýumçylaryň bähbitlerini gorap, olaryň banklara bolan ynamynyň derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen işleri ýerine ýetirýärler. Munuň özi bank ulgamyna öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmakdan, ipoteka karzlarynyň möçberlerini artdyrmakdan, döwlet we pudaklaýyn maksatnamalara laýyklykda, maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmekden ybaratdyr.
Nedir Agabaýew,
Türkmenistanyň «Türkmenistan» döwlet täjirçilik
bankynyň Halkara amallar müdirliginiň başlygynyň
wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji.