Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň oba hojalygyny dünýä ylmynyň gazananlaryna daýanyp ösdürmek ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Oba hojalyk önümleriniň öndürilişiniň artdyrylmagy hormatly Prezidentimiziň öňe süren agrar syýasatynyň düýp özeni bolmak bilen, ol milli ykdysadyýeti köpugurly ösdürmäge gönükdirilendir.
Döwlet Baştutanymyzyň oba hojalyk pudagyna dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini we ylmyň soňky gazananlaryny ornaşdyrmak barada berýän tabşyryklaryndan ugur alnyp, bu pudaga sanly elektron ulgam arkaly dolandyrmagy girizmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şeýle hem ýurdumyzda diňe bir pagtanyň ýa-da bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek däl, eýsem, beýleki oba hojalyk ekinleriniň hem ösdürilip ýetişdirilmegine uly üns berilýär. Ol hem ýurdumyzda azyk bolçulygynyň döredilmegine esas bolup durýar.
Ýurdumyzyň telekeçileri, kärendeçi daýhanlary hormatly Prezidentimiziň daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümleri öndürmek, şeýle hem öz önümlerimizi eksport etmek baradaky berýän tabşyryklaryna esaslanyp, ýylyň dowamynda gök önümleri ýetişdirmäge çalyşýarlar. Olar ýyladyşhanalarda kelem, pomidor, hyýar, bolgar burçy, badamjan ýaly halkyň islegli önümlerini ýetişdirmäge çalyşýarlar. Ýyladyşhana baranyňda ekologiýa taýdan arassa, ýokary hilli düzüm-düzüm bolup ýetişen önümleri göreniňde daýhana «berekella» diýýärsiň. Şeýlelik bilen ýylyň ähli paslynda bazarlarymyz, dükanlarymyz ter gök önümler bilen üpjün edilýär.
Mälim bolşy ýaly, «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýen şygar astynda geçýän ýylda hem ýurdumyzda obasenagat toplumyna degişli ençeme önümçilik desgalarynyň açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýar. Milli Liderimiz golaýda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurdumyzyň dürli künjeklerinde telekeçileriň guran ýyladyşhanalaryny ýaz paslynyň ilkinji aýynda ulanmaga bermegiň azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine ýardam etjekdigini belledi. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek döwletimiziň durmuş-ykdysady syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzyň telekeçileri azyk howpsuzlygynyň esaslaryny pugtalandyrmakda möhüm orun eýeläp, döwrebap ýokary tehnologiýaly ýyladyşhana toplumlaryny gurmak bilen, önümçilikde gaýtadan işleýän senagatyň täze döwrebap enjamlaryny ulanýarlar. Bahar paslynyň ilkinji aýynda täze gurlan ýyladyşhanalarda ösdürilip ýetişdirilen gök-bakja, miwe önümleriniň we ir-iýmişleriň giň gerimli sergisiniň guralmagy sahawatly topragyň bereket bolup ýagýandygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüler.
Her möwsümde pomidoryň, hyýaryň, bolgar burçunyň hem-de badamjanyň onlarça tonnasyny öndürip, dürli gök önümler bilen ýurdumyzyň içerki bazarlaryny üpjün edýän telekeçilerimiziň ümzügi ileridir. Telekeçiler ýygnan hasylyny elýeterli bahadan satuwa çykarýarlar. Datly tagamy, ýokary hili, görnüşiniň köp bolmagy bilen tapawutlanýan bu önümleriň hyrydary barha artýar. Oba hojalyk ýerlerinde dürli önümleriň önümçiligini ýola goýmak, bir tarapdan topragyň hasyl berijiligini artdyrýan bolsa, beýleki tarapdan, telekeçileriň oňat girdeji gazanmagyna hem önjeýli goşant goşýar. Ýyladyşhanalarda daýhanlarymyzyň ekinlere siňdirýän yhlasy, azaby, zähmeti netijesinde saçaklarymyzyň bereket-bolçulygy artýar. Özümizde öndürilýän ýokary hilli önümler gyşyn-ýazyn saçaklarymyzy bezeýär. Ýylyň ähli paslynda halkymyzy ekologiýa taýdan arassa, ýokumly ter gök önümler bilen üpjün etmek babatda uly tagallalary edýän, ýurdumyzda azyk bolçulygyny, şol sanda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan, köp görnüşli, ýokary hilli önümleri öndürýän täze önümçilikleri döretmegi esasy talaplarynyň biri hökmünde öňe sürýän hormatly Prezidentimize alkyş aýdýarys.
Rahmanberdi NÖKEROW,
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.