«Türkmenistan–parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda döwlet derejesinde uludan tutulýan toý-baýramlaryň ikisi bu ýyldaky şanly wakalaryň iň esasylarynyň hatarynda durýar. Gözel paýtagtymyzyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň hem-de ýurt Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň toýy halkymyzyň, şeýle-de, döwletimiziň beýik taryhy ösüşleriniň baýramy bolup durýar.
Gahryman Arkadagymyzyň paýhasy bilen gün-günden gözelleşýän paýtagtymyz Aşgabat özüniň gaýtalanmajak binagärlik gurluşy bilen haýran galdyrýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Diýarymyzda, şeýle hem Aşgabat şäherinde birnäçe uly gurluşyklar üstünlikli alnyp barylýar. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini düýpli özgertmek maksady bilen ýokary amatlyklary bolan birnäçe ýaşaýyş toplumlary ulanylmaga berildi. Olardan 11, 12, 13, 14, 15, 16-njy tapgyrlarda gurlan ýaşaýyş toplumlaryny, Parahat 7, Köşi, Gurtly we Çoganly ýaşaýyş toplumlaryny, Büzmeýin etrabyndaky ýaşaýyş toplumyny, Bagtyýarlyk etrabynyň «Täze zaman» ýaşaýyş toplumyny bellemek has-da ýakymlydyr.
Ak mermerli Aşgabat ýurdumyza gelýän myhmanlarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýar. Paýtagtymyzda öňden bar bolan ýaşaýyş jaýlaryň, edara binalaryň we beýleki desgalaryň, şeýle hem şaýollaryň we köçeleriň dünýä ölçeglerine laýyklykda durky täzelendi. Çatryklarda köpugurly köprüler, pyýadalar üçin birnäçe ýerasty we ýerüsti geçelgeler guruldy. Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly bilen Atamyrat Nyýazow şaýolunyň çatrygynda «Mahabat» binasy gurlup, geçen ýylyň 28-nji oktýabrynda açyldy. Şaýollar we köçeler paýtagtymyza özboluşly bezeg berýän yşyklandyryş ulgamy bilen üpjün edildi.
Paýtagtymyz ýurdumyzyň syýasy, ykdysady hem-de medeni we ynsanperwer merkezidir. Keşbi tanalmaz derejede özgeren we barha gözelleşýän paýtagtymyz dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň ýokary tehnologiýalary we enjamlary bilen üpjün edilen häzirki zaman hassahanalaryny özünde jemleýän iri lukmançylyk merkezine öwrüldi. Merkezi Aziýa sebitinde ilkinji iri ugurdaş düzümleriň ulanylmaga berlendigini bellemek gerek. Şolaryň hatarynda Kelle we boýun kesellerini bejeriş halkara merkezi, Göz kesellerini bejeriş halkara merkezi, Halkara newrologiýa merkezi, Halkara endokrinologiýa we hirurgiýa merkezi, Onkologiýa merkezi we Stomatologiýa merkezleri bar. Halkara kardiologiýa merkezi bolsa düýpli döwrebaplaşdyryldy. Häzirki zaman talaplaryna kybap gelýän hassahanalar paýtagtymyzyň günorta künjeginde özboluşly lukmançylyk şäherçesini emele getirdi.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Aziýanyň merjeni bolan Aşgabat şäherimiz iri sport merkezine öwrüldi. Aşgabatda iri sport düzümleri peýda bolup, olarda halkara derejesinde sport ýaryşlary yzygiderli geçirilýär. Olimpiýa şäherçesi, Olimpiýa suw sport toplumy, Milli Olimpiýa sport köşgi, Sportuň gyşky görnüşleri boýunça sport toplumy, 20 müň tomaşaça niýetlenen «Aşgabat» köpugurly stadiony paýtagtymyzyň sport abraýyny has-da belende galdyrýar.
Häzir ýurdumyzyň ýaş raýatlary üçin oňat bilim almak, geljekki hünärini saýlap bilmekleri hem-de öz zehinlerinden, ukyplaryndan netijeli peýdalanmaklary üçin ähli mümkinçilikler döredildi. Munuň üçin paýtagtymyz esasy mümkinçilikleriň mekanyna öwrüldi. Döwrebap innowasion tehnologiýalardan kämil derejede baş çykarýan hünärmenleri taýýarlaýan ýokary okuw mekdepleriniň sany barha artýar. Şeýle hem paýtagtymyz ýaş türkmenistanlylaryň döwrebap bilim almagy üçin oňat mümkinçiliklere eýedir. Paýtagtymyzda döwrebap mekdeplerdir çagalar bagy gurlup, olar innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilýär. Bu binalar Aşgabadyň gözelligine görk goşmak bilen ýaşlaryň esasy bilim ojagyna öwrülýär.
Mähriban halkymyzyň ýagty geljegi ugrunda beýik işleri amala aşyrýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!
Allanur JUMAGELDIÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.