Hormatly Prezidentimiziň atalyk aladasy netijesinde durmuşa ornaşdyrylýan innowasion tehnologiýalaryň sany barha artýar. Bilim ulgamy üçin derwaýys hem-de ýaramly bolan innowasion tehnologiýalar işi ýeňilleşdirýär we oňat netijeleri gazanmaga ýardam edýär. Tehnologiýalaryň ýokary çaltlykda ösýän zamanasynda innowasiýany ulanmagyň pedagogik esaslaryny öwrenmek we durmuşa ornaşdyrmak Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe wajyp meseledir. Tutuş adamzat durmuşy, ýaşaýşy tehnologiýalar, kompýuterler bilen üznüksiz bagly. Şonuň üçin guralýan sapaklarda multimedia enjamlary giňden ulanylýar. Bilim ulgamynda innowasion ösüş ylmy-tehniki syýasatymyzyň esasy daýanjydyr.
Okuw işinde innowasion tehnologiýalardan peýdalanmak mugallymlar üçin möhüm meseleleriň biri bolup durýar. Sebäbi häzirki zaman ýaşlarynyň aňy döwre görä çalt ösýär. Şonuň üçin-de mugallymlaryň guraýan sapaklarynyň dünýä tejribesine esaslanýan milli ruha ýugrulyp, ýaşlaryň örän çalt ösýän aňyna oňyn tasirini ýetirmegini gazanmak bilim işindäki gaýragoýulmasyz zerurlykdyr.
Ýaşlara döwrebap bilim bermek islendik mugallymyň mukaddes borjudyr. Uniwersitetimiziň professor-mugallymlary sapaklarda talyba berilýän nazary bilimleri has-da çuňlaşdyryp öwretmek üçin görkezme esbaplary, maketleri, şeýle hem sapaklara degişli wideo şekilleri ulanýarlar. Wideoşekilleriň we animasiýalaryň täsiri başgaça bolup, berilýän nazary bilimleriň has çalt we çuň özleşdirilmegine ýardam edýär, talyplarda öz hünärine bolan gyzyklanmany artdyrýar.
Uniwersitetimizde «Bilim banky» döredilip, bu ýerde zähmet çekýän professor-mugallymlaryň türkmen dilinde taýýarlan okuw kitaplarynyň, gollanmalarynyň, şeýle hem umumy okuwlarynyň ýazgylarynyň, daşary ýurtlarda neşir edilen edebiýatlaryň elektron görnüşleri, sapaga degişli wideoşekiller, animasiýalar we suratlar jemlenip ýygnalýar. Bu «Bilim bankynda» ýerleşdirilen maglumatlardan uniwersitetimiziň ähli mugallymlary we talyplary peýdalanyp bilýärler.
Uniwersitetimizde «Bilim bankyndan» peýdalanmak üçin lokal tor, birnäçe bukja döredildi, olaryň arasynda animasiýalar, okuw kitaplary, gollanmalar, suratlar, tehniki täzelikler we sapaga degişli şuňa meňzeş bukjalar ýerleşdirildi.
Bellemeli zatlaryň ýene-de biri hormatly Prezidentimiziň görkezmelerinden ugur alnyp, ähli ýokary okuw mekdeplerinde, şol sanda biziň uniwersitetimizde hem elektron kitaphananyň döredilmegidir. Kitap, edebiýat çeşmeleri adamlaryň düşünjesiniň baýlaşmagyna hemişe oňaýly täsir edýär. Elektron kitaphanalar uniwersitetimiziň baş binasynda we talyplaryň ýaşaýan umumy ýaşaýyş jaýlarynyň ählisinde hereket edýär. Elektron kitaphana ýurdumyzyň ähli ýokary okuw mekdeplerinde, pudaklaýyn kärhanalarda bar bolan edebiýatlardan peýdalanmaga mümkinçilik berýär. Biz diňe öz ýurdumyzda bar bolan kitaphanalar bilen aragatnaşyk saklaman, eýsem, daşary ýurtlardaky edebiýat çeşmelerinden hem internetiň üsti bilen peýdalanmaga mümkinçilik alýarys. Bularyň ählisi bolsa talyba hünärini, şeýle hem dili öwrenmäge uly mümkinçilik berýär.
Enegül Orazmämmedowa,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň öwreniji-mugallymy.