Paýtagtymyzyň bahar güllerine beslenip oturan gündizleri, müň dürli öwşün atýan owadan gijeleri ynsan kalbyny gözellige besleýär. Ak mermerden binalary bilen Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyndan mynasyp orun alan gözel Aşgabat Aziýanyň dürdänesine öwrülýär. Gözel görkli ak şäher beýik binalary, owadan seýilgähleri, giň we ýagty şaýollary, al-elwan gülleri, gür baglary bilen göreni haýrana goýýar. Halkymyzyň kalby ýaly owadan şäherlerimiz hem obalarymyz ösüşlerden ösüşlere barýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe paýtagt şäherimiz deňsiz-taýsyz gözellige beslendi. Gahryman Arkadagymyzyň yhlasyndan görklenýän Aşgabadyň barha özgerýän nurana keşbi toý lybasyna beslenýär. Bu gün hormatly Prezidentimiziň Aşgabady dünýäniň iň ajaýyp şäherleriniň birine öwürmek baradaky maksatnamalary myrat tapýar.
Uly başlangyçlaryň aňyrsynda uly aladalar durýar. Waspy dillerde dessan Watanymyzyň ak mermere beslenen ajaýyp binalary, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary halkymyzyň bagtyýarlykda ýaşamagyna, işlemegine, okamagyna şert döredýär. Hormatly Prezidentimiziň Aşgabat şäheriniň gününi bellemek hakyndaky gol çeken Permanyna laýyklykda, her ýylyň 25-nji maýynda paýtagtymyzda toý dabarasy uludan tutulýar. «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýunyň bellenilýän ýylynda bolsa mermer paýtagtymyzyň esaslandyrylanyna 140 ýyl dolýar.
Paýtagtymyzyň taryhyna ser salsak, taryhy çeşmelerde ilkinji gezek Aşgabadyň adynyň 1850-nji ýyla degişli maglumatlarda «Işkabad» görnüşinde duş gelýändigini görmek bolýar. Geografik taýdan amatly ýerde ýerleşmegi bilen, Aşgabat Ahalyň dolandyryş we söwda merkezi bolupdyr. Zakaspiý oblastynyň döredilmegi bilen Aşgabat ýene-de dolandyryş merkezi bolmagynda galypdyr, ady bolsa Ashabad diýlip atlandyrylypdyr. 1903-nji ýylda Aşgabatda 38 sany kerwensaraý bolupdyr. Şäherde ilkinji gezek 1890-njy ýylda telefon nokady işläp başlaýar. 1895-nji ýylda Aşgabat Jemagat kitaphanasy açylýar. Ol kitaplarynyň sany boýunça tutuş Orta Aziýada döwrebap kitaphana hökmünde belli bolýar. 1896-njy ýylda mekdepler, ilkinji gimnaziýa we orta okuw jaýy açylýar, kitaphana işi ýola goýulýar. Aşgabat XIX asyryň ahyrynda, XX asyryň başlarynda ymykly ösüş ýoluna düşýär. 1926-njy ýylda paýtagtda A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry açylyp, işe başlaýar. 1933-nji ýylda bolsa haly önümlerini dokamaga ýöriteleşdirilen Aşgabadyň çeperçilik-eksperimental haly fabrigi açylýar.
Gahryman Arkadagymyzyň ata Watanymyzyň şu gününi, geljegini nazarlaýan beýik işlerinde watansöýüjilik çagyryşynyň synmaz güýji jemlenýär. Günler bizi bu taryhy senä näçe ýakynlaşdyrdygyça, kalbymyzda Watanymyza bolan buýsanjymyz dillerimizde sena bolýar. Aşgabadyň giň hem oklaw ýaly göni köçeleriniň gyrasynda gurlan gupba ýaly kottejleriň, köp gatly ýajaýyş jaýlarynyň, desgalaryň, dabaraly açylyp, ulanylmaga berilmegi halkymyzyň göwün guşuny joşdurýar. Giň köçeleriň ugry boýunça uzaýan seýilgähler toplumy ýaşaýjylaryň ertir-agşam açyk howada dynç almagyna niýetlenendir. Ýubileý seneleri mynasybetli paýtagtymyzyň şaýollarynda, köçelerinde, aýlaw ýollarynda peýda bolan owadan ýazgylara gözüň düşende kalbyň ylhamlanýar. Hormatly Prezidentimiziň Aşgabadyň dünýäniň iň gözel, ýaşamaga iň oňaýly şäherleriň biri bolmagy ugrunda alyp barýan tutumly işleri öz miwesini berýär. Ynha, «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy we Aşgabadyň döredilmeginiň 140 ýyllygy türkmen taryhyna altyn harplar bilen ýazylyp, halkymyzyň durmuşynda ýatdan çykmajak ýakymly pursatlary galdyrar. Ýubileý seneleri mynasyp garşy almak bolsa her bir raýatyň mukaddes borjudyr. Pederlerimiziň parahatçylyk söýüjilikli ýoluny mynasyp dowam etdirip, halkymyza ajaýyp zamanany peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!
Baýramgylyç ORAZGELDIÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.