Bedew halkymyzyň gündelik durmuşynda uly orun eýeläpdir.
Atlaryň reňki, ýaşy, tohumy bilen bagly onlarça söz bolup, olar türkmen medeniýetine hem täsirini ýetiripdir. Geliň, olaryň käbiri bilen tanyş bolalyň!
Atçapyşyk: at ýaryşdyrmak arkaly geçirilýän milli oýun, ýaryş.
Athana: at saklanylýan jaý; at seýislenýän, idedilýän ýer, atýatak.
Agym: at seýislenende onuň öwrüm edýän meýdany, çägi.
Attutar: hormat hökmünde atyň başyny tutýan adam, atly adamyň kömekçisi.
Atbaşçy: ogul öýerilende gyzy getirmäge gidýän atlylar, öňatly.
Atgulak: ogul öýerýäne toýdan öň eltilýän toý goşandy, çatylan jübüt ýaglyk, mata we ş. m. zat.
Öňatly: gelin alynmaga gidilende we gaýdylanda gelnalyjylaryň öňünden gelýän atlylar, atbaşçy.
Dönüm: atyň öwrüm edýän belli bir aralygy.
Jylawhana: at esbaplary saklanýan jaý.
Dogabag: atyň boýnuna dakylýan ýüzi kümüşli gaýyş ýa-da alaja görnüşli örülen ýüp, bag.
Çaman: ýüwrük däl, haýal ýöreýän, gowy çapmaýan at.