Ýüwrük at öňüni gözlär,
ýagşy ýigit — soňuny.
Ýüwrük – ýyndam, çalasyn, çakgan.
Gözlemek – seretmek, garamak (göçme manyda oýlanmak, pikir etmek)
Bu nakylda «öň» we «soň» sözleriniň manydaşdygyny bilýärmidiňiz?
At çapuwda hiç wagt yzyna garamaýar. Ol hemişe öňe, hereket etjek ugruna tarap ýönelýär. Aslynda, atyň ýaradylyşy hem şeýle. At diňe öň tarapyny görýär, iki gapdalyny görmeýär. Ýöne «ýüwrük at öňüni gözlär» diýlende, diňe bir bular göz öňünde tutulanok. Ýüwrük at haýsy tarapa ýönelse, şol ýoly öňünden kesgitleýär, päsgelçiliklere görä hereket edýär.
Ýagşy ýigit soňuny gözlär. Bu ýerde «ýagşy» sözi «düşbi, düşünjeli, akylly» diýen ýaly sözler bilen manydaş. Çünki şeýle oglan her bir sözüniň, hereketiniň soňy – getirjek netijeleri barada oýlanýar we oýlanyşykly hereket edýär. Nakylyň ikinji böleginde getirilmeli «gözlär» sözi bolsa «oýlanar, pikirlener» ýaly sözler bilen manydaş.
Eýsem, «öň» we «soň» sözleriniň manydaşlygy nirede ýüze çykýar? Nakylda bu sözleriň ikisi hem geljegi nazarlaýar. At öňüne, ýagny ýörejek ýoluna ünsli bolar, ýigit bolsa her bir sözüniň, hereketiniň soňuna, ýagny öňde – geljekde getirjek netijesine ünsli bolar.