Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli syýasatynyň netijesinde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýylynyň içinde ýurdumyzyň ähli pudaklarynda uly ösüşler gazanylyp, bu babatda aragatnaşyk ulgamynda hem uly sepgitlere ýetildi.
Hormatly Prezidentimiz tarapyndan tassyklanan we üstünlikli amala aşyrylýan «Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» pudaklary tehnologiýa taýdan özgertmegiň hem-de döwlet tarapyndan dolandyrmagyň, ýurdumyzyň serişdeler we önümçilik kuwwatynyň esasynda ykdysadyýeti ösdürmegiň özboluşly serişdesi bolup durýar. Häzirki wagtda ykdysadyýetiň ähli ulgamlaryna sanly tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagy halk hojalyk toplumyny mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Sanlylaşdyrmak milli ykdysadyýetimizi hil taýdan täze derejä çykarar.
Sanly ykdysadyýet tizlik, amatlylyk, tygşytlylyk düşünjeleri bilen berk baglanyşyklydyr. Dünýäniň ösen ýurtlarynyň tejribesinden görnüşi ýaly, sanly ykdysadyýet ýurduň ösüş depgininiň çaltlanmagyna we sanly tehnologiýalary ulanmagyň hasabyna ilatyň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlanmagyna, şeýle-de, milli ykdysadyýetiň düýbünden tapawutlanýan täze hile geçmegine ýardam berýär. Ýurdumyzda ilata hödürlenýän dürli görnüşli hyzmatlaryň netijeliligini üpjün etmek maksady bilen, durmuş ulgamynyň dürli pudaklaryna sanly innowasiýalary ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan giň gerimli işler öz oňyn netijesini berýär.
Ýurdumyzda öýjükli aragatnaşyk, sanly telefon, poçta, internet, IP-TV hyzmatlary, şeýle hem aragatnaşygyň beýleki görnüşleriniň häzirki zaman ulgamlary doly ornaşdyrylyp, bu hyzmatlar her bir raýatymyza elýeterli edildi.
Türkmenistan döwletimiz özüniň ilkinji emeli hemrasyny älem giňişligine çykarmak bilen kosmosy öwreniji we özleşdiriji döwletleriň hataryna goşuldy. Indi ýurdumyz dürli görnüşli hemra aragatnaşyk hyzmatlaryndan peýdalanmaga we Ýer ýüzüniň beýleki onlarça döwletlerine hödürlemäge mümkinçilik aldy. Häzirki wagtda ikinji emeli hemrany, ýagny älem giňişliginden Ýer üstüne gözegçilik edýän milli emeli hemrasyny gurmak we älem giňişligine çykarmak baradaky tabşyrygyna laýyklykda «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan degişli işler alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça ygtyýarly edara diýlip kesgitlenilmegi bilen, maglumatlar eýýamyna gadam basan dünýä ösüşi bilen aýakdaş gitmek, sanly ykdysadyýete geçmek aragatnaşyk pudagynyň paýyna düşýär.
Ýurdumyzda halkymyzyň internet hyzmatlaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen internet ulgamynyň göwrümi giňeldilip, daşarky ýokary tizlikli internet akymynyň tizligi hem yzygiderli artdyrylýar. Olaryň häzirki wagtdaky göwrümleri halkymyzyň we halk hojalygynyň dürli pudak edara-kärhanalarynyň Internet hyzmatlaryna bolan isleglerini kanagatlandyrýar.
«Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan ýurdumyzyň poçta ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn çäreler görülýär. Bu çäreler möhüm resminamalary çalt eltmegi üpjün etmäge we raýatlara ýokary hilli hyzmat etmäge gönükdirilendir.
Tor düzümlerine girizilen sanly we kompýuter ulgamlary jemgyýetimiziň ösdürilmeginiň möhüm şerti we ykdysadyýetiň dürli ugurlarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmagyň usuly boldy. Awtomatlaşdyrylan elektrik aragatnaşyk ulgamynyň çalt ösüşine garamazdan, däp bolan poçta öz uly ähmiýetliligini saklaýar.
«Türkmenpoçta» poçta ibermeleriniň artykmaçlyklaryny göz öňünde tutup, müşderilere hyzmat etmegiň täze görnüşlerini ösdürýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň baş poçta gullugynyň hyzmatlarynyň sanawyna diňe bir hatlaryň, ibermeleriň we döwürleýin metbugatyň önümlerini eltmek däl, eýsem, jemagat hyzmatlary, Bütindünýä poçta birleşigine girýän dünýäniň ýurtlarynyň islendik nokatlaryna çaltlandyrylan poçta ibermeleri üçin tölegler we beýlekiler hem girýär.
«Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylda hem milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary bilen bir hatarda welaýatymyzyň aragatnaşyk ulgamynda hem uly üstünlikler gazanylýar. Hormatly Prezidentimiziň milli ykdysadyýetimizi sanly ulgama geçirmek boýunça «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Daşoguzpoçta» welaýat kärhanasy tarapyndan möhüm işler ýerine ýetirilýär.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça sowatly işgärleri saýlap almak hem-de «Türkmenaragatnaşyk» agentligine degişli täze innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan binalar açylyp, ulanmaga berilýär. Öňki bar bolanlarynyň bolsa durky täzelenip, ýokary hilli enjamlar bilen enjamlaşdyrylýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe aragatnaşyk pudagynda alnyp barylýan işler sanly ulgam arkaly kabul edilýär. Müşderilerden gazet-žurnallaryň elektron abuna ýazylyşygy kabul edilýär. Bu bolsa raýatlarymyzyň ýurdumyzda bolup geçýän täzeliklerden gyzgyny bilen habarly bolmagyna özüniň oňaýly täsirini ýetirýär.
Islegi boýunça gelip ýazylýan müşderileriň sany ýyl-ýyldan artýar. «Daşoguzpoçta» welaýat kärhanasynyň ähli etraplardaky şahamçalarynda ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda internet ulgamynyň ilatymyza elýeterli bolmagy üçin uly işler alnyp barylýar. «Daşoguzpoçta» welaýat kärhanasynyň işgärleri raýatlar tarapyndan gelip gowuşýan soraglardyr talaplary döwrebap derejede kanagatlandyrmak maksady bilen ak ýürekden hyzmat edýärler.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň esasy poçta gullugy özüniň internet-portalyny döredýär, portalyň kömegi arkaly ýurdumyzyň kärhanalary öz harytlaryny, şeýle hem dürli kärhanalaryň önümlerini satuwa çykaryp, tutuş ýurdumyz boýunça önümlerini ýerläp bilerler.
Poçta aragatnaşygynyň hünärmenleri dünýäniň möhüm meýillerinden ugur alyp, ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň sanawyny artdyrmak bilen, ýurdumyzyň raýatlarynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokary derejesiniň üpjün edilmegine goşýan goşantlaryny artdyrmaga çalyşýarlar. Munuň özi hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän «Döwlet adam üçindir!» diýen syýasatyň aýdyň netijesidir.
Arazbike Söýünowa,
«Daşoguzpoçta» welaýat kärhanasynyň gazet sortlaýyş bölüminiň operatory, KA-nyň ilkinji guramasynyň başlygy.