Muzeýler ýylyň islendik wagtynda köp adamly bolýar. Dünýäniň käbir muzeýleri eksponatlarynyň köplügi bilen tapawutlanýan bolsa, käbirleri binasynyň kaşaňlygy bilen köpleriň göwnünden turýar. Adamzadyň medeni taryhyna gaýybana syýahat etmäge mümkinçilik berýän muzeýlerdäki islendik taryhy we döwrebap eser döwrüň gymmatlyklaryny gorap saklamakda möhüm ähmiýete eýedir. Muzeýler diňe bir taryhy gymmatlyklary gorap saklamakda däl, eýsem, taryh babatdaky düşünjäni has-da giňeltmekde hem möhüm ähmiýete eýedir.
Maglumatlara görä, dünýäde, takmynan, 55 müň muzeý bolup, olaryň käbirleri sungat eserleri bilen, käbirleri bolsa estetiki gözelligi we binagärlik aýratynlygy bilen meşhurlyga eýedir. Elbetde, dünýädäki meşhur muzeýleriň hemmesine baryp bolmaýar.
Dünýäniň öňdebaryjy sungat neşirleriniň biri bolan ABŞ-nyň «ARTNews» žurnaly 100 ýylyň iň gowy 25 muzeýini saýlady. Neşirde bu sanawdaky binalaryň mümkin boldugyça görülmäge mynasypdygy bellenilýär.
Sanawyň başyny Fransiýanyň Pariž şäherinde ýerleşýän Merkezi Pompidu muzeýi çekýär. Ikinji orny Braziliýanyň Niteroe şäherinde Oskar Nimeýera tarapyndan gurlan meşhur muzeý eýeleýär. Üçünji orny Amerikadaky afro-amerikan taryhy we medeni milli muzeýi, dördünji orny ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna giren Nýu-Ýorkdaky Solomon Guggenhaým adyndaky muzeý, bäşinji orny bolsa Günbatar Ýewropaly suratkeşleriň iki müňden gowrak kartinasy saklanýan Londonyň Milli galereýa muzeýi eýelemegi başardy. Germaniýanyň Häzirki zaman sungat muzeýi altynjy, 2004-nji ýylda Ýaponiýanyň Naoşima adasynda binagär Tadao Ando tarapyndan gurlan Çiçu sungat muzeýi ýedinji, Germaniýanyň Berlin şäherindäki Täze milli galereýa muzeýi sekizinji, Hytaýyň Şanhaý şäherindäki Tank muzeýi dokuzynjy orny eýeleýär. Ilkinji onlugy Latyn Amerikanyň meşhur muzeýleriniň biri bolan Braziliýanyň San-Paulo şäherindäki şekillendiriş muzeýi jemläpdir. Şeýle-de, galan on bäş orny Ispaniýa, Awstriýa, Italiýa, BAE, Meksika, Türkiýe, Günorta Afrika, Azerbaýjan ýaly ýurtlaryň şekillendiriş we medeni muzeýleri eýeleýär.