Suw­da ýa­şa­ýan beý­le­ki jan­dar­lar ýa­ly ba­lyk­lar hem suw­dan çy­kan­la­ryn­da dem alyp bil­me­ýär­ler. Ba­ly­gyň tak­my­nan 28 müň gör­nü­şi bar. Suw bol­ma­sa ba­lyk­lar ýa­şap bil­me­ýärler. Ba­lyk­la­ryň dem alyş ul­ga­my gu­ry ýer­de ýa­şa­ýan jan­dar­la­ryň­ky­dan ta­pa­wut­lan­ýar. Olar žab­ra­la­ry bi­len dem al­ýar­lar. Ak­wa­ri­um­da­ky ba­lyk­la­ryň köp­lenç ag­zy­ny açyp-ýum­ýan­dy­gy­ny gö­ren­si­ňiz. Şeýt­mek bi­len dem al­ýa­n ba­lyk­la­ryň žab­ra­la­ry suw­da­ky kis­lo­ro­dy sü­züp al­ma­ga ýar­dam ed­ýär. Şeý­le-de bol­sa, suw­dan çy­kyp, «aras­sa» ho­wa­dan dem alyp bil­ýän ba­lyk­lar hem bar­.
Ba­lyklaryň az san­ly gör­nü­şi suw­dan gys­ga wagt­lygyna çy­kyp bil­ýär. Hat­da guý­ru­gy­nyň we ýüz­güç­le­ri­niň kö­me­gi bi­len öňe süý­şüp hem bil­ýär. Ba­ly­gyň bir gör­nü­şi bol­sa, de­ňiz jan­dar­la­ryn­dan ga­çanyn­da suw­dan tow­sup çy­kyp, ýüz­güç­le­ri­ni ga­nat hök­mün­de ulan­yp, bir­nä­çe metr ara­ly­gy «uçup» geç­ýär.
Ba­ly­gyň käha­lat­lar­da iý­mit göz­le­mek üçin suw­dan çyk­ýan gör­nü­şleri hem bar. «Oxudercinae» maş­ga­la­sy­na de­giş­li bo­lan bu ba­lyk­lar de­ňiz ke­nar­la­ryn­da­ky bat­ga­lyk­la­ra çyk­ýar­lar. Bat­ga­nyň üs­tün­de süý­re­nip ýö­räp bil­ýän, suw­dan çy­kan wag­ty gu­ry ýer­de ýa­şa­ýan beýleki jan­dar­lar ýa­ly ho­wa­dan dem al­ýan, şeý­le ba­lyk­la­ra Ýa­po­ni­ýa­da we Hin­dis­tan­da has köp ga­bat ge­lin­ýär. Ba­lyk­la­ryň gu­ry ýe­re çyk­ma­gy­nyň se­bä­bi de­ňiz ke­na­ryn­da joş­gun-gaýt­gyn ha­dy­sa­sy se­bäp­li iý­mi­tiň köp bol­ma­gy bi­len bag­ly­dyr. Suw beý­ge­lip, yzy­na gaý­dan­dan soň­ra ada­ty ba­lyk­lar hem su­wuň çe­kil­me­gi bi­len deň­ze ta­rap gid­ýär­ler. Em­ma dür­li ow­nuk de­ňiz jan­dar­la­ry bat­ga­ly ke­nar­da gal­ýar­lar. Bu bol­sa, gu­ry ýer­de he­re­ket edip bil­ýän ba­lyk­lar üçin baý iý­mit çeş­me­si bo­lup hyz­mat ed­ýär. Şeý­le hem su­wuň beý­ge­lip-pe­sel­ýän ýe­rin­de dür­li ösüm­lik­ler hem bol­ýar. Bu ot­lar hem «ýö­re­ýän» ba­lyk­lar üçin aň­sat ta­pyl­ýan iý­mit bol­ýar. Ho­wa­dan dem alyp bil­ýän hem bol­sa, di­ňe bat­ga­lyk­da he­re­ket edip bil­ýär­ bu ba­lyk­lar bütinleý gury ýe­re çy­kyp bil­me­ýär­ler. Bu täsin balyklaryň žab­ra­la­ry suw­dan çy­kan wag­ty ýa­pyl­ýar we açyk ho­wa­da gu­ra­ma­ýar. Şeýlelikde su­wuň da­şyn­dakalar de­ri­sin­dä­ki de­şi­jek­ler ar­ka­ly dem al­ýar­lar.
Ba­ly­gyň baş­ga-da bir­nä­çe gör­nü­şi suw­dan çykyp, 20 mi­nu­ta çen­li su­wuň da­şyn­da ýa­şap bil­ýär.