Agaç. Tebigaty öwrenijiler birnäçe ýyldan bäri Indoneziýanyň baý ekoulgamy bolan Sumatra adasyndaky tokaýlarda iş alyp barýan hem bolsalar, bu ýerdäki ösümlikleriň we janly-jandarlaryň ählisi ylmy taýdan hasaba alnyp öwrenilmändir. Alymlar geçen ýyl agaçlaryň bir wagtda gül açandygyny we tokaýy ýakymly ysyň gurşap alandygyny görüpdirler. Olar mundan ozal beýle ösümligi görmän ekenler. Şondan soňra alymlar bu agaçlaryň güllerine we miwelerine gözegçilik edip başladylar. Netijede, bu ösümligiň ozal ylym dünýäsine mälim bolmadyk görnüşdigi ýüze çykaryldy. Oňa «Disepalum rawagambut» diýlip at berildi.
Alymlar bu ýerdäki ösümlikleri 1960-njy ýyllardan bäri öwrenýärler. Indi bolsa täze anyklanan agajyň sütünini, ýapraklaryny, guraklyga çydamlylygyny, sil bolandan soňra nähili ösüşi başdan geçirýändigini öwrenýärler. Çägesöw toprakly bu tokaýlaryň daş-töwereginde gyrymsy agaçlyklar bolýar.
Orhideýa. Wýetnamdaky daglyk sebitlerde ululygy 10 santimetre barabar bolan orhideýanyň täze görnüşi tapyldy. Ýeri gelende bellesek, orhideýalar dünýäde iň köp görnüşi bolan gülleriň biri hasaplanýar. Menekli ýapraklary we sary-narynç gülleri bolan bu ösümlik başga bir ösümligiň şahasyna birigip ösýär. Täze görnüş Wýetnamda duş gelýän orhideýalaryň sanawyna girizildi. Gülüň adyna Gonkongyň «Kadoorie» botanika bagynyň işgäri, orhideýalary öwrenmekde uly işler bitiren, doktor Pankaj Kumaryň hormatyna «Gastrochilus pankajkumarii» ady dakyldy.
Baýmuhammet Annadurdyýew,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.