Dür­li jan­ly-jan­dar­lar, şol san­da adam­lar ýa­şa­mak üçin iý­mi­te ze­rur­lyk duý­ýar. Adam be­de­ni bol­sa her pa­syl­da dür­li iý­mi­ti ta­lap ed­ýär. Mi­we­dir gök önüm­ler bol­sa, adam be­de­ni üçin örän ze­rur ha­sap­lan­ýar. Kä­bir iý­mit­ler bir wagt­da iý­len­de, be­de­ne oňaý­syz tä­sir edip bil­ýär. Kä­bir önüm­ler bi­len bi­le iý­len­de has peý­da­ly ha­sap­lan­ýar. Soň­ky ge­çi­ri­len bar­lag­lar iki önü­miň bir­wagt­da sarp edil­se, has peý­da­ly­dy­gy­ny ýü­ze çy­kar­dy. Bu önüm­ler bir­nä­çe ke­se­liň öňi­ni al­ma­ga we ke­se­liň de­re­je­le­ri­ni azalt­ma­ga se­bäp bol­ýar. Ine, ola­ryň kä­bi­ri:
Al­ma we ma­li­na. Al­ma­nyň dü­zü­min­de rak öý­jük­le­ri­ni ýok ed­ýän peý­da­ly an­ti­ok­si­dant bar. Luk­man­lar al­ma­ny ma­li­na ýa-da nar bi­len iý­me­gi mas­la­hat ber­ýär­ler.
Gök so­gan we no­hut. Adam be­de­nin­de de­mi­riň muk­da­ry pes bol­sa, ýa­daw­lyk we baş aý­lan­mak ýa­ly ýag­daý­lar ýü­ze çy­kyp bil­ýär. Şo­nuň üçin wi­ta­min­le­re we be­lok­la­ra baý önüm­le­ri iý­mek mas­la­hat be­ril­ýär. Bu önüm­ler so­gan­da we sa­rym­sak­da sak­lan­ýar. Gök önüm­ler dem­riň we sin­kiň has go­wy siň­me­gi­ne kö­mek ed­ýär. No­hu­dyň dü­zü­min­de hem dem­re baý mad­da­lar sak­lan­ýar. No­hut bi­len gök so­ga­ny bi­le peý­da­lan­mak has peý­da­ly we im­mu­na ul­ga­my­ňa hem oňyn tä­si­ri ba­ry.
Gök çaý we li­mon. Gök ça­ýyň be­de­ni gurp­lan­dyr­ýan­dy­gy köp ýyl­lar­dan bä­ri hem­me­le­re mä­lim­dir. Ge­çi­ri­len bar­lag­lar­da gün­de di­ňe bir kä­se gök çaý iç­me­giň ýü­rek-da­mar ke­sel­le­ri­niň öňü­ni al­ma­ga ýar­dam ed­ýän­di­gi anyk­lan­dy. Em­ma gök ça­ýa li­mon su­wy hem go­şu­lan­da ol iý­mit siň­di­ri­şi ka­da­laş­dyr­ýar. Bu so­wuk gün­le­riň do­wam ed­ýän hä­zir­ki gyş pas­lyn­da has hem äh­mi­ýet­li­dir.

Al­bi­na ZA­KIR­JA­NO­WA, Türk­men oba ho­ja­lyk ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.