Ne­ot­ro­pik se­bit­de ýa­şa­ýan tä­sin jan­dar­la­ryň bi­ri hem tu­kan bo­lup, ol «capi­to­ni­dae» (sak­gal­ly) guş­lar maş­ga­la­sy­na de­giş­li­dir. Bu guş­lar açyk reňk­li ýe­lek­le­rin­den baş­ga-da, çüň­kü­niň dür­li reňk­de bol­ma­gy bi­len beý­le­ki guş­lar­dan ta­pa­wut­lan­ýar. Kyrk­dan gow­rak gör­nüşi bolan bu guş­lar 5 to­pa­ra bö­lün­ýär. Tu­kan­lar Ýer ýü­zü­niň äh­li ýe­rin­de ga­bat gel­me­ýär. Mek­si­ka­nyň gü­nor­ta­syn­dan Ar­gen­ti­na­nyň de­mir­ga­zy­gy­na çen­li ara­lyk­da­ky ne­ot­ro­pik se­bit­de ýa­şa­ýan en­de­mik guş bolan tu­kan­la­ryň kä­bir gör­nü­şi pes tro­pi­ki düz­lük­ler­de, so­wuk ho­wa­ly be­lent­lik­ler­de hem duş gel­ýär.
Tu­kan­lar jü­büt ýa-da ki­çi­räk to­par bo­lup, adat­ça agaç­lar­da ýa­şa­ýar­lar. Me­kan tu­tan to­ka­ýyn­dan baş­ga ýe­re göç­me­ýär­ler. Bo­ýy 29-63 san­ti­met­re, çüň­kü­niň uzyn­ly­gy 15-17 san­ti­met­re ýe­t­ýän bu guş­la­ryň kel­te­den güýç­li aýak­la­ry, gys­ga hem-de ýo­gyn boý­ny bar. Örän gys­ga ara­ly­ga uçup bil­ýän tu­kan­la­ryň ki­çi­jik ga­nat­la­ry we ujy te­ge­lek gys­ga guý­ru­gy bol­ýar. Da­şyn­dan gö­räý­mä­ge ma­ta­dan ti­ki­len oý­na­wa­ja meň­ze­ýän tu­kan­la­ryň ýe­lek­le­ri ga­ra bo­lup, kel­le­si­niň iki gap­da­lyn­dan dö­şü­ne çen­li ak zo­la­gy bar. Gö­zü­niň ýer­leş­ýän ýe­ri sa­ry me­nek­li bu guş­la­ryň çüň­kü­niň ujun­da we baş­lan­ýan ýe­rin­de ta­pa­wut­lan­dy­ryp du­ran ga­ra zo­lak­la­ry bo­lup, gü­nu­zyn bir şa­ha­da otu­ryp, az he­re­ket edip, daş-tö­we­re­gin­dä­ki mi­we­le­ri iý­mek­de uzyn çüň­ki ýar­dam ed­ýär. Bi­ler­men­le­riň bel­le­me­gi­ne gö­rä, tu­kan­lar çüň­kü­niň ýe­ňil­di­gi üçin iý­mi­ti ýol­mak­da we iý­mek­de kyn­çy­lyk çek­me­ýär. Çüň­kün­de ker­tik-ker­tik diş­le­ri­niň bar­dy­gy­na ga­ra­maz­dan bu guş­lar di­ňe mi­we­ler bi­len iý­mit­len­ýär­ler.
Dün­ýä­niň bir­nä­çe haý­wa­nat ba­gyn­da beý­le­ki guş­lar bi­len bir­lik­de tu­ka­nyň hem kä­bir gör­nü­şi ide­dil­ýär. Mun­dan baş­ga-da, tu­ka­nyň şe­ki­lin­de ro­bot hem-de ma­ta­dan ti­ki­len gör­nü­şin­de oý­na­waç­lar hem ön­dü­ril­ýär. Köp oý­na­waç­lar­da bu guş eli gi­ta­ra­ly aý­dym­çy­nyň şe­ki­lin­de gör­ke­zil­ýär. Şeý­le hem ga­lam gu­tu­la­ryn­da, ça­ga ter­mos­la­ryn­da, su­rat al­bom­la­ry­nyň da­şyn­da hem-de be­zeg iş­le­rin­de tu­kan­la­ryň ko­me­di­ýa­ly keşp­le­ri­ne duş gel­mek bol­ýar.
Tu­kan­ ma­ha­batlar­da
Tu­kan­lar ma­ha­bat­da giň­den ula­nyl­ýar. Gin­nes 1930-1940-njy ýyl­lar­da dür­li içim­lik­le­riň mahabatynda bu guş­la­ry peý­da­lan­dy. Mun­dan baş­ga-da, kör­pe­ler üçin ni­ýet­le­nen «Froot Loops» mar­ka­ly er­tir­lik gal­la önüm­le­ri­niň mar­ka­syn­da bu şa­dy­ýan gu­şuň şe­ki­li ýer­leş­di­ri­lip­dir. Gü­nor­ta ýa­rym şar­da gö­rün­ýän ki­çi Ma­gel­la­nik bu­lu­dy­ny öz içi­ne al­ýan ýyl­dyz­lar top­lu­my­na hem «tu­kan» di­ýlip, Ame­ri­ka­nyň en­de­mik gu­şu­nyň ady da­kyl­ýar.